TÜRKMENISTAN DAŞARY SYÝASAT STRATEGIÝASYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň birinji çärýeginde ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Biziň Bitarap Watanymyz daşary ýurtlar hem-de halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Mälim bolşy ýaly, halkara hyzmatdaşlygyň ösüşinde ýokary derejeli saparlar esasy orun eýeleýär. Bu babatda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň hem-de Bahreýniň Patyşasynyň ýurdumyza saparlary muňa şaýatlyk edýär. Şeýle hem abraýly we sebit halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Şeýle-de, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtlara hem-de daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň Türkmenistana saparlaryny guramak boýunça işler dowam etdirilýär.
Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalary geçirmek boýunça işler amala aşyrylýar. Şu ýylyň birinji çärýeginde daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we çuňlaşdyrmak bilen bagly türkmen-gazak hem-de türkmen-koreý hökümetara toparlarynyň we “Türkmenistan — Ýewropa Bileleşigi” bilelikdäki komitetiniň, türkmen-bahreýn, türkmen-koreý hem-de türkmen-german işewürler maslahatlary geçirildi. Şunuň bilen baglylykda, 5-nji aprelde Moskwa şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy guraldy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz soňky ýyllarda däp bolan türkmen-koreý dostlukly gatnaşyklarynyň hil taýdan täze ösüşe eýe bolandygyny we onuň üstüniň ýetirilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ykdysady pudakda döwletara hyzmatdaşlygyň bar bolan ägirt uly mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Milli Liderimiz häzirki döwürde özara bähbitli we netijeli işewür gatnaşyklarynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi, maýa goýum işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, täze bilelikdäki taslamalaryň, şol sanda senagat toplumyndaky işleriň durmuşa geçirilmegi üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygyny nygtady.
Şunuň bilen birlikde, ynsanperwer ulgamdaky netijeli hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagyna, bilim, ylym we medeniýet ugry boýunça işjeň gatnaşyklaryň höweslendirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwlet Baştutanymyz geljek hepdede boljak ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikleriň jemleri boýunça dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga, uzak möhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi bermäge gönükdirilen resminamalaryň toplumyna gol çekilmeginiň göz öňünde tutulýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana boljak döwlet saparyna taýýarlygyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
Milli Liderimiz wise-premýere, daşary işler ministrine Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynda we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen bagly ähli çärelere gowy taýýarlyk görülmelidigini aýdyp, şolary ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň öňe süren halkara başlangyçlaryny goldamaga bagyşlanan maslahatlary hem ýokary derejede guramalydygyny belledi.