GURLUŞYGY GUTARAN DESGALAR DÖWLET TOPARY TARAPYNDAN KABUL EDILER
Şu günki Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz beýleki möhüm meselelere ünsi çekip, senagat hem-de durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna döwletimiziň köp serişdeleri goýberýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz soňky döwürde käbir desgalaryň möhletinden gijikdirilip gurulýandygyna, beýlekileriniň bolsa, hasapdan-hasaba berilmän, eýesiz galýandygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer G.Myradow hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri B.Bazarow tarapyndan bu işlere gözegçiligiň gowşadylandygyna ünsi çekip, ähli gurluşygy gutaran desgalara barlaglary geçirmegi hem-de seljerip, degişli çäreleri görmegi tabşyrdy. Döwlet topary kabul edip alnandan soň, şol desgalary ulanmak üçin buýrujylaryň hasabyna geçirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň mejlisine hasabaty taýýarlamagy tabşyrdy.