img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

DAŞOGUZLY TELEKEÇILER GUŞÇYLYGYŇ NETIJELILIGINI ÝOKARLANDYRMAK BOÝUNÇA TASLAMANY DURMUŞA GEÇIRÝÄRLER

photo

TSTB-niň agzasy, “Köp pudakly” HK-nyň guşçylyk fermasynda önümçiligiň girdeliligini ýokarlandyrmak üçin towuklaryň ýerli tohunyny ulanmak karar edildi. Daşary ýurtlaryň, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň dürli hojalyklarynyň inkubatorlarynda çykarylan jüýjeler seçgi işi we tohum almak üçin peýdalanylar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, şeýle taslamanyň durmuşa geçirilmegi saklamaga we iýmlemäge ýaramly et üçin towuklaryň tohumyny almaga mümkinçilik berer. 

“Köp pudakly” hususy kärhanasynyň guşçylyk fermasy Akdepe etrabynyň “Pagtaçy” daýhan birleşiginde döwlet tarapyndan eýeçilige bölünip berlen 4,8 gektar ýede döredildi.Ýurduň demirgazyk sebitinde towuk etini öndürmäge ýörüteleşdirilen ilkinji hojalyklarynyň biri bolan bu ferma alyjylar bazaryna ýylda 30 tonna çenli önüm ibermäge niýetlenendir. 

Tehnologiýa taýdan üpjünçiliginiň derejesi boýunça döwrebap talaplara laýyk gelýän fermada jüýjeleri ýetişdirmek we guşlary saklamak üçin amatly şertler döredilen. Toplumda weterinar laboratoriýa hereket edýär. Kärhananyň ýolbaşçysy Kamil Hojanyýazowyň aýtmagyna görä, ýakyn wagtda önümçiligi giňeltmek we marketing strategiýasyny kämilleşdirmek göz öňünde tutlýar. Häzirki wagtda doňduryjy enjam we iým öndürýän seh gurulýar.