TÜRKMENISTAN WE KOREÝA RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGYŇ GERIMINI GIŇELTDILER

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ýokary derejedäki duşuşyk däbe öwrülen döwletara hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berip, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlary bilen soňky ýyllarda işjeňleşen gatnaşyklaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän türkmen-koreý gatnaşyklarynyň taryhyna möhüm sahypany ýazar.

Türkmenistan dünýäniň ösen ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Koreýa Respublikasyny möhüm hem-de ygtybarly hyzmatdaş hasaplaýar, şunda özara gatnaşyklar birek-biregi hormatlamak, deňhukuklylyk we uzak möhletleýinlik ýörelgelerinde guralýar. Milli ykdysadyýetini düýpli döwrebaplaşdyrmagy we senagatlaşdyrmagy ugur edinýän toplumlaýyn özgertmeler ugruny amala aşyrmak bilen, ýurdumyz öňdebaryjy tehnologiýalaryň, täze we iň gowy daşary ýurt tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýär.

Irden Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň awtoulag kerweni motosikletçileriň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Garaşsyzlyk meýdanyna geldi, bu ýerde belent mertebeli myhmany resmi taýdan garşylamak dabarasy boldy.

Bu ýerde Prezident Mun Çže Ini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähirli garşylaýar. Iki ýurduň Liderleri dostlarça salamlaşyp, ýörite oturdylan münbere geçýärler.

Hormat garawuly rotasynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda hasabat berýär. Koreýa Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar, şol wagt top sesleri hem eşidildi. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Hormat garawulynyň esgerleriniň hatarynyň öňünden geçýärler. Koreýanyň Liderini Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar. Prezident Mun Çže In ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary bilen hem tanyşýar. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini Koreýa Respublikasynyň hökümet wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýarlar.

Dabaranyň ahyrynda Hormat garawulynyň esgerleri Garaşsyzlyk meýdanyndan dabaraly ýöriş bilen geçýärler.

Soňra döwlet Baştutanlarynyň awtoulag kerweni atlylaryň hormat nyzamynyň ugratmagy bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň «Oguzhan» köşkler toplumyna barýar.

Bu ýerde iki ýurduň Liderleriniň Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi ýagdaýda surata düşmek dabarasyndan soň, ýokary derejedäki ikiçäk türkmen-koreý gepleşikleri geçirildi.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany türkmen topragynda mähirli mübärekläp, ýurdumyza döwlet sapary bilen gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu sapar döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka bolar. Türkmenistan Koreýa Respublikasyny ygtybarly işewür hyzmatdaş hasaplap, onuň bilen geljekde hem taraplaryň uly kuwwatyna we erk-islegine esaslanan netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň okgunly depginini belläp, Aşgabatda gazanylan ylalaşyklaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze anyk mazmun berjekdigine ynam bildirdi.

Prezident Mun Çže In mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistan bilen köpugurly hyzmatdaşlyga uzak möhletleýin esasda üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, koreý işewür toparlarynyň türkmen bazaryndaky ornuny giňeltmäge hem-de dürli pudaklarda täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Geçen ýyllaryň içinde toplanan özara gatnaşyklaryň tejribesini nazara almak bilen, geljekde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk üçin oňat mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň geljegi nazarlamak bilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine ynam bildirildi.

Özara düşünişmek we netijelilik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda türkmen-koreý gatnaşyklary bilen bagly meseleleriň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy, olaryň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi, köpugurly işewür gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklamak bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In däbe öwrülen medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp, olary hemmetaraplaýyn berkitmek barada pikirlerini aýtdylar.

Şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Baştutany Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça saparyny Türkmenistandan başlamagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Duşuşygyň barşynda taraplar özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara gün tertibiniň käbir möhüm meseleleri boýunça-da pikir alyşdylar.

Soňra gepleşikler giňişleýin düzümde — iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmana hem-de onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalaryna ýüzlenip, koreý kärdeşine Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, jenap Mun Çže Iniň biziň ýurdumyza Koreýa Respublikasynyň Baştutany hökmünde ilkinji sapary bolup durýar, munuň özi şu günki duşuşyga aýratyn öwüşgin çaýýar.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar soňky ýyllarda dürli ugurlarda işjeň ösdürilýär diýip, döwlet Baştutanymyz kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýle bolmagyna biziň ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan ýokary derejedäki syýasy gatnaşyklar ýardam edýär. Bu bolsa geljek üçin döwletara gatnaşyklary ynamly gurmaga, halkara we sebit syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleri ylalaşmaga, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemäge, ykdysadyýetde, söwdada, maýa goýmak işinde, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň uzak möhletleýin meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berýär.

Türkmen-koreý parlamentara gatnaşyklary syýasy ulgamda gatnaşyklary baýlaşdyrmaga, iki ýurduň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi gowulandyrmaga, şeýle hem kanunçykaryjylyk babatda tejribe alyşmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edaralary yzygiderli geňeşmeleri geçirip, olaryň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, halkara giňişlikde döwletara gatnaşyklaryň dünýä syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça ýurtlarymyzyň garaýyşlarynyň gabat gelmegine ýa-da meňzeşligine esaslanan ýakyn hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolýandygyny belledi. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy halkara bileleşigiň jogapkär agzalary bolup, köpçülikleýin gyryş ýaragyny ýaýratmazlyk we ýaragsyzlanmak, terrorçylyga, neşe dolanyşygyna we serhetüsti jenaýatçylygyň beýleki görnüşlerine garşy göreşmek ýaly meseleleri çözmegiň üstünde bilelikde işleýärler.

Milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, Koreý ýarym adasynyň ýadro ýaragsyzlanmagy babatda türkmen tarapynyň garaýşyny tassyklady. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy halkara derejede ykrar edilen döwlet bolup, öz daşary syýasatynda parahatçylygy hem-de halkara howpsuzlygy üpjün etmegi ugur edinýän BMG-niň Tertipnamasynyň esasy ýörelgelerini we kadalaryny iş ýüzünde amala aşyrmak ugruny alyp barýar.

Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz gepleşikler we geňeşmeler arkaly Koreý ýarym adasynda ähli meseleleri parahatçylykly kadalaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Türkmenistan bilelikdäki düzüm we ynsanperwer taslamalary iş ýüzünde amala aşyrmak arkaly, ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça tagallalary goldaýar. Biziň ýurdumyz şeýle hem Koreýa Respublikasynyň Ýewraziýa yklymynyň döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen Täze Demirgazyk syýasatyny goldaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýäniň durnukly ösüşiniň meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň meňzeşdigini belläp, Koreýa Respublikasynyň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, daşky gurşawy goramak babatda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Biziň ýurdumyz, öz nobatynda, koreý tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren hem-de parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy we hemmetaraplaýyn ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen tekliplerini goldaýar, şeýle hem abraýly halkara guramalarda Koreýa Respublikasyny saýlamak hakynda teklipleri üýtgewsiz goldaýar.

Häzir Türkmenistan daşary syýasy ugruny amala aşyrmak bilen, diplomatik işiniň esasy ugurlarynyň üçüsine üns berýär. Olar energetika, ulag we suw diplomatiýasydyr. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz şol ugurlaryň tötänden saýlanyp alynmandygyny belledi. Çünki olar BMG-niň çäklerinde işlenip taýýarlanan we kabul edilen hem-de uzak möhletleýin geljekde parahatçylygy durnukly we okgunly ösdürmäge gönükdirilen ählumumy strategiýalaryň hem-de konsepsiýalaryň möhüm bölegi bolup durýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ygtybarly we durnukly çykarmak, halkara ulag hyzmatdaşlygyny giňeltmek, tebigaty, suw gorlaryny goramak hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça soňky 10 ýylyň dowamynda kabul eden Kararnamalary şonuň mysaly bolup biler.

Hususan-da, energetika ulgamynda Türkmenistanyň teklibi boýunça BMG-niň çäklerinde düýbünden täze halkara-hukuk guralyny döretmek babatdaky maksada gönükdirilen yzygiderli işler geçirilýär. Ol energiýa öndürijiniň, üstaşyr geçirijiniň we sarp edijiniň arasyndaky gatnaşyklarda deňagramlylygy üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerini iş ýüzünde amala aşyrmaga hem-de halkara energetika taslamalaryna gatnaşýan ähli taraplaryň bähbitleriniň nazara alynmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Ýurdumyz ulag pudagyny halkara bileleşigiň agza döwletleriniň tagallalaryny birleşdirmeginiň möhüm ugry hökmünde görýär. Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2016-njy ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň Durnukly ulag boýunça birinji ählumumy forumy geçirildi. Forum bu ulgamda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitledi. Türkmenistan forumyň çözgütlerine esaslanyp, dünýäniň dürli döwletleri bilen hyzmatdaşlykda täze ulag-üstaşyr geçelgelerini döredýär we ösdürýär, olar Ýewraziýa yklymynda multimodal gatnawlaryň netijeli hereket etmegini üpjün eder. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz şeýle işi goldaýandygy üçin Koreýa Respublikasyna minnetdarlyk bildirýär.

Türkmenistan howanyň üýtgemegi hem-de adamyň hojalyk işleri bilen baglylykda, daşky gurşawyň goralmagyna uly ähmiýet berýär, şunda dünýä we sebit derejelerinde suw serişdelerini aýawly saklamak hem-de netijeli peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýär. Merkezi Aziýada suw meseleleri boýunça ýurdumyzyň garaýşy barada durup geçmek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň degişli meseleleriniň çözülmegi halkara hukugyň esasynda, ähli Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bähbitlerini nazara almak bilen hem-de halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagynda amala aşyrylmalydyr diýip belledi. Bu häzirki zaman suw diplomatiýasynyň many-mazmuny bolup, bu barada Türkmenistan ilkinji gezek 2015-nji ýylyň aprelinde Tegu şäherinde geçirilen Bütindünýä suw forumynda beýan etdi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, energetika, ulag, suw serişdeleri, ekologiýa taraplaryň geljekde hem Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde netijeli işläp biljek meseleleri bolup biler. 10 ýyldan gowrak wagt mundan öň koreý tarapynyň başlangyjy bilen döredilen bu forum sebitde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk taslamalaryny amala aşyrmak üçin täsirli binýat bolup durýar. Türkmenistan Merkezi Aziýada sebit gatnaşyklaryny ösdürmäge Koreýa Respublikasynyň goşandyna ýokary baha berýär.

Döwlet Baştutanymyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi barada aýdyp, Türkmenistanyň baý tebigy serişdeleriniň, ösýän senagat-ulag düzüminiň hem-de oba hojalyk toplumynyň bardygyny, Koreýa Respublikasynyň bolsa döwrebap tehnologiýalara we önümçilige eýe bolup durýandygyny belledi. Biziň ýurdumyz senagatlaşmaga tarap ugur almak bilen, öňdebaryjy we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara esaslanan täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmäge gyzyklanma bildirýär. Şunda Türkmenistan koreý işewür toparlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga bil baglaýar.

Öňdebaryjy koreý kompaniýalarynyň türkmen bazarynda işlemegi bilelikdäki netijeli işleriň aýdyň mysaly bolup durýar. Olar özüni ygtybarly hyzmatdaşlar hökmünde tanadyp, nebiti gaýtadan işleýän we gazhimiýa toplumlaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalary amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar. Şol taslamalaryň hatarynda «Galkynyş» käninde gazy gaýtadan işleýän zawodyň hem-de Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polimer öndürýän gazhimiýa toplumynyň gurulmagyny aýratyn bellemek gerek.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nebitgaz ulgamynda özara gatnaşyklaryň oňyn tejribesine esaslanyp, ýakyn geljekde Türkmenistanda bilelikdäki energetika taslamalaryny amala aşyrmak mümkinçiligine seretmegi teklip etdi. Olaryň has möhümlerine ýakynda Seulda geçirilen Söwda, ykdysady, ylym we tehnologiýa hyzmatdaşlygy boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň ýedinji mejlisinde seredildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu ýylyň maý — iýun aýlarynda gyzyklanma bildirýän koreý kompaniýalarynyň hem-de Türkmenistanyň degişli düzümleriniň arasynda bilelikdäki işleri guramak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça gepleşikleriň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz ulag pudagyny ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, häzir ýurdumyzyň başlangyjy bilen, «Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlary boýunça üstaşyr geçelgeleriň döredilendigini we hereket edýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, iri koreý ulag-logistika, gämi gurluşyk kompaniýalary, şeýle hem döwrebap awtoulaglary, lokomotiwleri we wagonlary öndürýän kärhanalar durnukly ulag babatda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi hökmünde Türkmenistanyň ulag-kommunikasiýa düzümini ösdürmäge gatnaşyp bilerdiler.

Mysal üçin, geçen ýylyň maýynda ulanmaga berlen Türkmenbaşy şäherindäki täze Halkara deňiz portunyň düzüminde gämi gurluşyk zawody hereket edýär. Degişli koreý kompaniýalarynyň gyzyklanma bildiren ýagdaýynda türkmen tarapy ýurdumyz üçin täze pudakda — Hazar deňzinde ulanmak üçin deňiz gämilerini gurmak babatda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardyr.

Türkmenistanyň çäginde koreý awtoulag gurluşyk kompaniýalarynyň söwda we abatlaýyş-ulanyş binýadyny döretmek bilen, Koreýa Respublikasyndan awtoulag tehnikalaryny satyn almak babatda hyzmatdaşlygy dowam etmegiň hem geljegi uludyr. Türkmen tarapy demir ýol ulaglary babatda hem hyzmatdaşlygyň esasy ölçeglerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr. Şunda koreý kompaniýalarynyň degişli tehnikalary getirmek, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň demir ýollaryny döwrebaplaşdyrmaga gatnaşmak boýunça mümkinçiliklerini öwrenmek örän möhüm mesele bolup durýar.

Senagat pudagy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz elektron senagatynda bilelikdäki taslamalary işläp düzmäge taýýar bolup, ony ösdürmek üçin baý intellektual kuwwata, uly maliýe we maddy serişdelere eýe bolup durýar. Ýokary tehnologiýalara eýe bolan koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanda bu pudagy döretmäge gatnaşmagy netijeli we uzakmöhletleýin döwletara hyzmatdaşlygyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolar. Koreýa Respublikasynyň ýeňil senagatynyň kärhanalarynyň bilimleri we öňdebaryjy tehnologiýalary türkmen dokma senagatyny ösdürmekde hem ulanylyp bilner.

Ähli pudaklarda sanly tehnologiýalaryň yzygiderli ornaşdyrylmagy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek üçin strategik ähmiýetli mesele bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy sanly ykdysadyýet ulgamynda koreý kärdeşleri bilen tejribe alyşmaga bil baglaýar hem-de iki döwletiň degişli döwlet düzümleriniň, institutlarynyň we kompaniýalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga taýýardygyny beýan edýär.

Söwda gatnaşyklaryny berkitmek, bar bolan hem-de geljegi uly bilelikdäki ykdysady taslamalary utgaşdyrmak, hyzmatdaşlyk ugurlaryny giňeltmek, iki ýurduň işewürler toparlarynyň işjeňligini güýçlendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilelikdäki türkmen-koreý Işewürler geňeşini döretmegi teklip etdi. Onuň düzümine türkmen hem-de koreý senagat kärhanalary, söwda firmalary, banklar, maliýe-senagat institutlary, ykdysady maglumat merkezleri girip biler. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz telekeçiler düzümleriniň ady agzalan Geňeşiň çäklerinde yzygiderli gatnaşmagynyň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ilerletmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Şunuň bilen birlikde, milli Liderimiz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň mäkäm binýady bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine uly hormat bilen garaýarlar. Soňky 11 ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýörite bölüm hereket edýär. Bu ugry ösdürmek maksady bilen, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň binýadynda Patyşa Sejong instituty gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwreniş okuw merkezini açmak hakynda çözgüt kabul edildi.

Şeýle hem soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 170-den gowragy bilim aldy we okuwlaryny dowam etdirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň degişli ministrliklerine we edaralaryna ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Bilim baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz Türkmenistanda täze ykdysady strategiýanyň özeni bolup durýan senagat jemgyýetçiliginiň döredilmeginiň senagat, gazhimiýa, nebiti gaýtadan işleýän, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty ýaly pudaklar üçin inženerleri hem-de beýleki hünärmenleri talap etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Koreýanyň Senagat kärhanalar guramasy (KOPIA) we Koreý senagat tehnologiýalar instituty (KITEСH) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň raýatlaryny degişli hünärler boýunça okatmak baradaky meseleleriň ýakyn wagtda ylalaşyljakdygy hakynda özara düşünişmek bar.

Agzalan düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek Koreý halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOIСA) bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň üstüne oňat goşmaça bolar. Agentligiň ugry hem-de Koreý gaznasynyň we Koreýanyň ählumumy talyp hakynyň maksatnamalary boýunça ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda türkmen hünärmenleriniň 233-si okuw geçdi.

Koreý barlag merkezleri we institutlary bilen bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmekde hem uly mümkinçilikler görünýär. Türkmen tarapy bu ugurda ähli oňyn başlangyçlary we pikirleri goldap, hususan-da, Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzda Maglumat-internet-merkeziniň açylmagyny peýdaly hasaplaýar. Merkeziň işi bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berer.

Baş edarasy Seulda ýerleşýän Ählumumy «ýaşyl» ösüş institutyna Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky çözgüt ylym we ylmy tejribe ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz onuň çäklerinde türkmen we koreý alymlarynyň bilelikde hem-de özara peýdaly işleniljekdigine umyt edýär.

Medeniýet ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň uly tejribesi bar. Bilelikde geçirilýän Medeniýet günleri, konsertler, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri we beýleki çäreler bu ugurda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini häsiýetlendirýär. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda Aşgabatda medeniýet we sungat işgärleriniň türkmen-koreý maslahatyny geçirmegi teklip etdi.

Sport hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda sportuň başa-baş söweş sungaty görnüşleri uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şol görnüşleriň hatarynda «thekwondo» koreý milli başa-baş söweş sungaty aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, türkmen türgenleri üçin koreý hünärmenleri tarapyndan okuwlaryň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilýändigine minnetdarlyk bildirdi.

Häzir Türkmenistanyň Aziýada halkara olimpiýa hereketini ösdürmegiň merkezleriniň birine öwrülýändigini göz öňünde tutanyňda, Aşgabatda 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda hem-de Koreýa Respublikasynda sportuň ösdürilmegine jogap berýän döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, iki ýurduň milli sport assosiasiýalarynyň wekilleriniň, tälimçileriniň hem-de türgenleriniň duşuşygyny guramak we geçirmek maksadalaýyk görünýär. Bedenterbiýe we sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, halkara sport jemgyýetçiliginde gatnaşyk etmek, şol duşuşygyň baş maksady bolup biler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Geljegi uly ugur hökmünde syýahatçylyk babatda gatnaşyklaryň giňeldilmegine garalýar. Ýakyn wagtda Türkmenistanda Koreýa Respublikasy bilen syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy taýýarlanylar. Şol maksatnamada türkmen we koreý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda göni gatnaşyklar, iki ýurduň syýahatçylyk düzümleriniň netijeli ulanylmagy, syýahatçylar üçin wiza meseleleri ýaly ugurlar göz öňünde tutular.

Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda aýdylanlary umumylaşdyryp, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň häzirki saparynyň iki ýurduň halklarynyň uzakmöhletleýin düýpli bähbitlerine laýyk gelýän döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesiniň subutnamasy bolup durýandygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky şahsy goşandy üçin belent mertebeli myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, oňa berk jan saglyk, döwlet işlerinde uly üstünlikleri, Koreýa Respublikasynyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentine söz berilýär. Belent mertebeli myhman ajaýyp sözleri hem-de döwlet saparynyň çäklerinde koreý wekiliýetine bildirilen mähirli kabul edişlik üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýdyp, ikiçäk görnüşde geçirilen duşuşykda taraplaryň döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alşyp, ony mundan beýläk-de ösdürmäge bolan umumy erki tassyklandyklaryny belledi.

Jenap Mun Çže Iniň nygtaýşy ýaly, Prezident wezipesine girişeninden soň, ol Merkezi Aziýada ilkinji gezek bolýar hem-de bu sebitde özüniň baryp görýän ilkinji döwletiniň gadymy Ýüpek ýolunyň merkezi bolan Türkmenistan bolmagyny örän ähmiýetli hasaplaýar. Şunda biziň ýurdumyzyň Koreýa Respublikasynyň Ýewraziýanyň parahatçylygyna we ählumumy gülläp ösmegine gönükdirilen täze demirgazyk syýasaty babatda möhüm hyzmatdaşy bolup durýandygy bellenildi.

Häzirki saparyň iki döwletiň arasynda we umuman, sebit möçberde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirip, koreý Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň 6 göterimden gowrak derejede ykdysady ösüşiň ýokary görkezijilerine eýe bolýandygyny belledi. Prezident Mun Çže In öz türkmen kärdeşini bu üstünlik bilen gutlap, milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalarynyň amala aşyrylmagynda üstünlikleri arzuw etdi.

Geçen ýyl Gyýanlyda gazhimiýa toplumynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy. Belent mertebeli myhman bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň senagat ulgamyny ösdürmäge koreý kompaniýalarynyň gatnaşýandygyna örän şatdygyny belledi hem-de şeýle hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini we ýurdy mundan beýläk-de gülletmek işinde goşant bolmagyny arzuw etdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ulag ulgamy baradaky meselä degip geçip, türkmen Lideriniň aýratyn üns berýän sebitleýin ulag halkalaryny kemala getirmek işinde tagallalaryň birleşdirilmeginiň özara bähbitlere laýyk gelýän aýdyň netijeleri berip biljekdigine ynam bildirdi.

Belent mertebeli myhman giňişleýin düzümdäki gepleşikleriň söwda we maýa goýumlar ulgamlarynda, senagat pudagynda, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary, saglygy goraýyş ugurlary boýunça bilim we medeni gatnaşyklar babatda hereketleriň ösdürilmegini goşmak bilen, hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň we diwersifikasiýalaşdyrmagyň anyk çärelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berjekdigine umyt bildirdi. Bularyň ählisi ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin institusional esaslaryň döredilmegine hyzmat eder.

Prezident Mun Çže In Koreý ýarym adasynda parahatçylygyň berkarar bolmagy boýunça Koreýa Respublikasynyň başlangyçlaryna, şeýle hem türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň geljegi uly taslamalaryna berýän goldawy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Ýokary derejedäki şu günki duşuşygyň umumy gülläp ösüş ugrunda ähmiýetli pursada öwrüljekdigine umyt bildirildi.

Belent mertebeli myhman şeýle hem biziň döwletlerimizi medeni umumylygyň hem-de köp däpleriň ýakyndygynyň birleşdirýändigini belledi. Şolaryň hatarynda ula hormat goýulmagyny we myhmansöýerligi agzap bolar.

Prezident Mun Çže In mähirli kabul edilendigi üçin döwlet Baştutanymyza ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Koreýa Respublikasynda görmegi umyt edýändigini we koreý halkynyň milli Liderimizi garşylamaga örän şat boljakdygyny nygtady.

Giňişleýin düzümde gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda: Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň arasynda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Saglygy goraýyş we durmuş üpjünçiligi ministrliginiň arasynda lukmançylyk işgärlerini, farmasewtika serişdelerini we lukmançylyk enjamlaryny alyşmak babatda hyzmatdaşlygy durmuşa geçirmegiň Meýilnamasyna, 2015-nji ýylyň 13-nji aprelinde Seul şäherinde gol çekilen Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Konwensiýa üýtgetmeleri girizmek hakynda Teswirnama, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda 2019 — 2022-nji ýyllar üçin Ykdysady hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeniýet we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga, Diplomatik, resmi we gulluk pasportlaryň eýeleri üçin wiza talaplaryny ýatyrmak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga gol çekilýär.

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalarynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Mun Çže In Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekýärler.

Düýn Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň döwlet saparynyň çäklerinde ýene-de 20-ä golaý ikitaraplaýyn resminamalara hem gol çekilendigini bellemek gerek. Şol resminamalar dürli ugurlarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadynyň üstüni ýetirip, ony berkitdi.

Şol resminamalaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa, laýyklyga baha bermek we tehniki reglamentler babatda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Koreýanyň Boýag we timarlama işleri institutynyň («Dyetec») hem-de Koreýa Senagat tehnologiýalary institutynyň («KITEСH») arasynda dokma senagatynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentligi bilen «Hyundai» korporasiýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

Mundan başga-da, «Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti (NaPeСo) bilen «LG International Сorp.» kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama, şeýle hem «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Koreýanyň Senagat kärhanalar guramasynyň (KOPIA) arasynda türkmen inženerleriniň hünär kämilligini ýokarlandyrmak barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi bilen Koreýa Saglygy goraýyş senagatyny ösdürmek institutynyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Tegu şäheriniň Kýongbuk milli uniwersitetiniň hassahanasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda degişli Ähtnamalara gol çekildi. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi hem-de Gaýragoýulmasyz tiz kömek merkezi bilen Koreýa Respublikasynyň Seul metropoliten hökümetiniň Seul lukmançylyk merkeziniň, şeýle hem saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Şikesleri bejeriş Halkara merkezi bilen Himçan hassahanasynyň Sangwon lukmançylyk edarasynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda şeýle resminamalar hyzmatdaşlyk üçin esas bolup hyzmat eder.

Ýene-de birnäçe resminamalar ylym-bilim gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge gönükdirildi. Olaryň hatarynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Seul milli uniwersitetiniň, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen Koreý milli sungatlar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyklar bar.

Öz gezeginde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Hankuk daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda; Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Hanýang uniwersitetiniň arasynda; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Koreýa Milli diplomatik akademiýasynyň arasynda; Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (Mary ş. Türkmenistan) bilen Seul Milli ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň (Seul ş. Koreýa Respublikasy) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň arasynda geomaglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Koreýa Respublikasynyň tokaý gullugynyň arasynda tokaý serişdelerini dolandyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Koreýanyň Teleradioýaýlymlar ulgamynyň (KBS) arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.

Şeýlelikde, dürli ugurlarda strategik uzak möhletleýin esasda Türkmenistanyň hem-de Koreýa Respublikasynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygynyň subutnamasy örän aýdyň ýüze çykdy.

Soňra iki döwletiň Baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki Aşgabat duşuşygynyň netijelerini teswirläp, geçirilen oňyn we netijeli gepleşikler üçin özüniň koreý kärdeşine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, jenap Mun Çže Iniň Türkmenistana bu ilkinji döwlet sapary ony döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm waka öwürýär.

Ýokary derejede geçirilen duşuşygyň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýagdaýy we geljegi, özara gyzyklanma döredýän sebit we halkara syýasatyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, mundan beýläk özara hereket etmegiň anyk ugurlary kesgitlenildi. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, özara düşünişmek hem-de açyklyk ýagdaýynda geçen gepleşikleriň ynanyşmak we anyklyk häsiýetini aýratyn belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-koreý gatnaşyklarynyň geljegine ýokary baha berdiler, hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça şol gatnaşyklary işjeňleşdirmek we ösdürmek babatda pikirlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň halkara giňişlikde Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady. Biziň ýurtlarymyz dünýä jemgyýetçiliginiň jogapkär agzalary bolup, halkara durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmek, ekologiýa hem-de howanyň üýtgemegi, energiýa howpsuzlygy we beýlekiler ýaly meseleleriň anyk çözgüdiniň üstünde bilelikde işleýärler.

Halkara meseleleriň ählisiniň, şol sanda jedelli ýagdaýlaryň diňe syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, halkara hukugyň kadalarynyň hem-de BMG-niň düzgünnamasynyň esasynda çözülmegine Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň ygrarly bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle hem iki ýurduň abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlygy dowam etmäge taýýardygy tassyklanyldy.

Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna aýratyn orun berildi. Taraplar şol hyzmatdaşlyga goşmaça depgin bermek, bu ulgamda özara hereketleri iki döwletde bar bolan kuwwatly senagat, serişde, düzümleýin mümkinçiliklere laýyklykda ösdürmek üçin şertleri döretmegiň zerurdygy barada umumy pikire geldiler.

Milli Liderimiziň habar berşi ýaly, özara söwdany giňeltmek, energetikada, senagat toplumynda, ulag we aragatnaşyk ulgamynda, beýleki ugurlarda bilelikdäki iri möçberli taslamalara çykmak üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça çärelere giňişleýin garamaga degişli ylalaşyk gazanyldy. Bu wezipeleri çözmekde Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-koreý toparyna hem-de işewür jemgyýetçiliginiň ugry boýunça hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna möhüm orun berilýär.

Energetika we ulag ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugrudyr. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy döwrebap ulag düzümlerine, amatly geografik ýerleşiş ýagdaýyna eýedir. Munuň özi bu ulgamlarda özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga şertleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, Ýuwaş ummanyndan Hazar we Gara deňizlerine çenli, Demirgazyk Ýewropadan Pars aýlagyna çenli çäkleri birleşdirýän «Demirgazyk — Günorta» hem-de «Gündogar — Günbatar» ugurlar boýunça sebitleýin multimodal ulag ulgamynyň mümkinçiligini peýdalanmagyň geljegi gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, ulag we logistika ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin Türkmenistanda bar bolan port düzümlerini özara bähbitlerde peýdalanmagyň mümkinçiligine garamagy koreý hyzmatdaşlaryna teklip edendigini belledi. Gämigurluşyk babatynda hem hyzmatdaşlyk etmegiň oňat geljegi görünýär.

Gepleşikleriň barşynda şeýle hem giň gerimli medeni, ynsanperwer, ylym, bilim, sport gatnaşyklaryna mundan beýläk-de ýardam bermek we olary höweslendirmek barada ylalaşyk gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berip, bu boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini nygtady. Şol resminamalar ýakyn we uzak möhletli geljekde hemmetaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmek üçin oňat esas bolup hyzmat eder.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Koreýa Respublikasy bilen gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär. Ony dostlukly döwlet hasaplaýar. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy özara çuňňur hormat goýmak däpleri, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Biz bu gymmatlygy aýawly gorap saklaýarys, ony häzirki döwrüň ruhunda täze mazmun bilen baýlaşdyrýarys.

Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriler diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Munuň özi iki ýurduň we halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine kybap gelýär, halkara işlerini oňyn ösdürmegiň, Merkezi Aziýada hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitinde parahatçylygy we durnuklylygy saklamagyň hem-de berkitmegiň saldamly ýagdaýy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, döwletara gatnaşyklary ösdürmekde we berkitmekde koreý Lideriniň şahsy goşandyny aýratyn nygtap, oňa uly minnetdarlyk bildirdi.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliginiň, iki döwletiň ýolbaşçylarynyň şol mümkinçilikleri durmuşa geçirmek üçin mundan beýläk-de hemme zerur işleri amala aşyrmaga erkiniň we maksada okgunlylygynyň bardygyny tassyklady. Milli Liderimiz geçirilen duşuşyklaryň we gepleşikleriň esasy netijesiniň şunda jemlenýändigini belläp, dostlukly koreý halkyna iň oňat arzuwlaryny aýtdy.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti ýokary derejedäki duşuşygyň netijeleri barada aýdyp, özüniň Merkezi Aziýada — gadymdan ýygjam ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýola goýlan sebitde ilkinji gezek bolýandygyny belledi. Belent mertebeli myhmanyň aýdyşy ýaly, saparyny, ilki bilen, Türkmenistandan başlamagy örän ähmiýetli hasaplaýar, bu ýerde sebitiň aýdyň ösüşleri saklanyp galypdyr.

Prezident Mun Çže In ýurdumyzyň 1991-nji ýylda Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ajaýyp ykdysady ösüşleri gazanyp, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine anyk goşant goşýandygyny belläp, çylşyrymly tebigy hadysany başdan geçiren türkmen halkynyň güýç-gaýratyna uly sarpa goýýandygyny beýan etdi.

Belent mertebeli myhman döwletara gatnaşyklaryň durnukly yzygiderli ösüşi barada aýdyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Koreýa Respublikasyna bolan iki saparynyň möhüm orun eýeleýändigini nygtady. Şol saparlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berdi.

Prezident Mun Çže In Ýewraziýanyň parahatçylygy we gülläp ösüşi baradaky meselelerde taraplaryň umumy garaýşyny nygtap, Merkezi Aziýanyň durnuklylygyny we ösüşini berkitmäge gönükdirilen türkmen Lideri tarapyndan başy başlanan sebitleýin ulag düzümini ösdürmek strategiýasyna ýokary baha berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli syýasy gepleşikleri hem-de Ýewraziýa giňişliginde gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak barada ylalaşygyň gazanylandygy habar berildi.

Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň bilelikde gülläp ösmegi üçin hyzmatdaşlygy artdyrmak boýunça anyk çäreleriň düýpli ara alnyp maslahatlaşylandygy bellenildi. Degişli resminamalarda beýanyny tapan bilim we medeniýet ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek, iki ýurduň halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary höweslendirmek baradaky ugurlary ylalaşyp, taraplar şeýle hem koreý dilini öwrenmegiň maksatnamasyny giňeltmek hem-de Türkmenistanda Patyşa Sejong institutynyň gaznasynyň okuw merkezini açmak hakynda bir pikire geldiler. Sungat, syýahatçylyk, sport ugurlary boýunça we beýleki ulgamlarda gatnaşyk edilmegine hem uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar türkmen we koreý halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir.

Netijeli hyzmatdaşlygy has-da depginli ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyk barada habar berip hem-de Gyýanlyda geçen ýyl iri gazhimiýa toplumynyň tamamlanan gurluşygyny tagallalary üstünlikli birleşdirmegiň aýdyň mysaly hökmünde getirip, Prezident Mun Çže In energetika pudagynda Türkmenistan tarapyndan öňe sürülýän taslamalara koreý kompaniýalarynyň has-da giňden gatnaşyp biljekdigine umyt bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şunda Koreýa Respublikasynyň işewür toparlary bilen hyzmatdaşlyk etmäge türkmen tarapynyň neneňsi üns berýändigi möhüm ýagdaý bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz bar bolan özara mümkinçilikleri işjeň peýdalanyp, netijeli gatnaşyklary hem-de Gyýanlynyň ikinji, üçünji taslamalary boljak nusgalary döretmegi dowam ederler diýip, belent mertebeli myhman aýtdy.

Senagat pudagy, nebitgaz pudagy üçin işgärleri taýýarlamak, nebitgaz pudagynda hünär bilimini kämilleşdirmek işinde tagallalary birleşdirmek barada hem ylalaşyk gazanyldy. Koreýa Respublikasynyň Baştutany biziň ýurtlarymyz ýokary hünärli inženerleri taýýarlar, maglumatlary alşyp, senagat taýdan bäsdeşlige ukyplylygy artdyrarlar diýip belledi.

Şunuň bilen birlikde, taraplar saglygy goraýyş ulgamynda we ony sanly ulgama geçirmekde hyzmatdaşlyk etmegiň ýollaryny işjeň gözlemegi ylalaşdylar. Jenap Mun Çže In bu meseleler boýunça özara hereket etmek üçin pugta esaslary döretmegiň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, pudagy maglumat taýdan üpjün etmegi, menzilara lukmançylyk ulgamyny döretmek we beýlekileri goşmak bilen, elektron saglygy goraýşa degişli taslamalaryň wajypdygyny belledi.

Dostlukly döwletiň Baştutany maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnama esasynda Türkmenistanyň sanly düzümlerini ösdürmäge gatnaşjakdygyna umyt bildirdi.

Taraplaryň ekologiýa we suw pudaklarynda tejribe we bilim alyşmak hakynda ylalaşyp, bu ugra degişli meseleleriň wajypdygyna umumy düşünilýändigi bellenildi. Prezident Mun Çže In ählumumy «ýaşyl» ösüş institutyna goşulyşmak hakynda Türkmenistanyň çözgüdini mübärekläp, Araly halas etmek meselelerini goşmak bilen, ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň Merkezi Aziýa sebitiniň durnuklylygy we rowaçlygy ugrundaky işlerde goşanda öwrüljekdigini nygtady.

Iki döwletiň Baştutanlary gepleşikleriň dowamynda Koreý ýarym adasynyň hem-de Merkezi Aziýa sebitiniň parahatçylygyny we gülläp ösüşini üpjün etmek maksady bilen, ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Koreý ýarym adasynda ýadro ýaragsyzlanmagy we pugta parahatçylygyň berkarar bolmagy boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanan ýörelgäniň ähmiýeti bellenildi. Bu bolsa tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ähmiýetlidir.

Belent mertebeli myhman sebitde, şol sanda Owganystandaky ýagdaýlary durnuklaşdyrmak ugrunda biziň ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna hormatyny we şol tagallalary goldaýandygyny beýan edip, iki döwletiň ählumumy abadançylygyň we ösüşiň maksatlarynda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de amala aşyrmaga meýillerini tassyklady.

Jenap Mun Çže In netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine ýardam etjek «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk maslahatynyň sekretariaty arkaly ýakyn gatnaşyklary dowam etmek ugrunda pikirini aýdyp, ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň netijeliligini nygtady hem-de bu duşuşygyň iki dostlukly ýurduň we halklaryň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy ugrunda nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Şol gün Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Aşgabadyň günorta böleginde bina edilen Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül dessesini goýdy. Ýola goýlan asylly däbe görä, bu ýerde ýerleşen Hormatly myhmanlaryň seýilbagynda iki döwletiň we halkyň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde ýaş agaç nahalyny oturtdy.

Agşamara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi. Onuň dowamynda iki ýurduň Liderleri söz sözlediler.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana döwlet sapary dowam edýär.

 

***

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň ýany bilen gelen maşgalasy hanym Kim Çžon Suk üçin Türkmen halysynyň milli muzeýine barlyp görülmegini özünde jemleýän medeni maksatnama guraldy. Ýokary derejeli myhman muzeýiň gymmatlyklary bilen tanşyp, elde dokalan halylaryň — türkmen gelin-gyzlarynyň gadymy we häzirki zaman önümleri bolan ajaýyp nusgalaryna tüýs ýürekden guwandy. Köp asyrlaryň dowamynda bu täsin sungatyň däpleri saklanyp, nesilden-nesle geçirilýär. Munuň özi diňe bir biziň halkymyzyň bahasyz gymmatlygy bolman, umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň maşgalasy Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna hem gatnaşdy.

Şol gün hanym Kim Çžon Suk Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna hem baryp gördi. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde koreý dili bölümi işleýär. Prezidentiň maşgalasy bu bölümde bilim alýan talyplar bilen duşuşdy.