AŞGABAT WE SEUL MEDENI-YNSANPERWER UGURDA GATNAŞYKLARY HAS-DA IŞJEŇLEŞDIRERLER

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň bilim, ylym, medeniýet, sport, syýahatçylyk ýaly möhüm ugurlarda özara gatnaşyklary has-da giňeltmegiň mäkäm binýady bolup durýandygyny belledi. Türkmenistanda koreý diline hem-de koreý halkynyň gadymy özboluşly medeniýetine uly hormat bilen garaýarlar. Soňky 11 ýylyň dowamynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça hünärmenleri taýýarlaýan ýörite bölüm hereket edýär. Bu ugry ösdürmek maksady bilen, ady agzalan ýokary okuw mekdebiniň binýadynda Patyşa Sejong instituty gaznasynyň koreý dilini we medeniýetini öwreniş okuw merkezini açmak hakynda çözgüt kabul edildi.

Şeýle hem soňky ýyllarda Koreýa Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen talyplarynyň 170-den gowragy bilim aldy we okuwlaryny dowam etdirýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, iki ýurduň degişli ministrliklerine we edaralaryna ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak işinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Bilim baradaky gürrüňini dowam edip, milli Liderimiz Türkmenistanda täze ykdysady strategiýanyň özeni bolup durýan senagat jemgyýetçiliginiň döredilmeginiň senagat, gazhimiýa, nebiti gaýtadan işleýän, maglumat tehnologiýalary, dokma senagaty ýaly pudaklar üçin inženerleri hem-de beýleki hünärmenleri talap etjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Koreýanyň Senagat kärhanalar guramasy (KOPIA) we Koreý senagat tehnologiýalar instituty (KITEСH) bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanyň raýatlaryny degişli hünärler boýunça okatmak baradaky meseleleriň ýakyn wagtda ylalaşyljakdygy hakynda özara düşünişmek bar.

Agzalan düzümler bilen hyzmatdaşlyk etmek Koreý halkara hyzmatdaşlyk agentligi (KOIСA) bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň üstüne oňat goşmaça bolar. Agentligiň ugry hem-de Koreý gaznasynyň we Koreýanyň ählumumy talyp hakynyň maksatnamalary boýunça ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda türkmen hünärmenleriniň 233-si okuw geçdi.

Koreý barlag merkezleri we institutlary bilen bilelikdäki ylmy barlaglary geçirmekde hem uly mümkinçilikler görünýär. Türkmen tarapy bu ugurda ähli oňyn başlangyçlary we pikirleri goldap, hususan-da, Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ministrliginiň teklibi boýunça ýurdumyzda Maglumat-internet-merkeziniň açylmagyny peýdaly hasaplaýar. Merkeziň işi bu ulgamda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berer.

Baş edarasy Seulda ýerleşýän Ählumumy «ýaşyl» ösüş institutyna Türkmenistanyň goşulyşmagy baradaky çözgüt ylym we ylmy tejribe ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Biziň ýurdumyz onuň çäklerinde türkmen we koreý alymlarynyň bilelikde hem-de özara peýdaly işleniljekdigine umyt edýär.

Medeniýet ulgamynda hem hyzmatdaşlygyň uly tejribesi bar. Bilelikde geçirilýän Medeniýet günleri, konsertler, sergiler, kinofilmleriň görkezilişleri we beýleki çäreler bu ugurda iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary depginini häsiýetlendirýär. Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmek maksady bilen, 2020-nji ýylda Aşgabatda medeniýet we sungat işgärleriniň türkmen-koreý maslahatyny geçirmegi teklip etdi.

Sport hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynyň birine öwrüldi. Türkmenistanda sportuň başa-baş söweş sungaty görnüşleri uly meşhurlykdan peýdalanýar. Şol görnüşleriň hatarynda «thekwondo» koreý milli başa-baş söweş sungaty aýratyn orun eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow pursatdan peýdalanyp, türkmen türgenleri üçin koreý hünärmenleri tarapyndan okuwlaryň we ussatlyk sapaklarynyň geçirilýändigine minnetdarlyk bildirdi.

Häzir Türkmenistanyň Aziýada halkara olimpiýa hereketini ösdürmegiň merkezleriniň birine öwrülýändigini göz öňünde tutanyňda, Aşgabatda 2019-njy ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda hem-de Koreýa Respublikasynda sportuň ösdürilmegine jogap berýän döwlet düzümleriniň ýolbaşçylarynyň, iki ýurduň milli sport assosiasiýalarynyň wekilleriniň, tälimçileriniň hem-de türgenleriniň duşuşygyny guramak we geçirmek maksadalaýyk görünýär. Bedenterbiýe we sport ulgamynda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, halkara sport jemgyýetçiliginde gatnaşyk etmek, şol duşuşygyň baş maksady bolup biler diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Geljegi uly ugur hökmünde syýahatçylyk babatda gatnaşyklaryň giňeldilmegine garalýar. Ýakyn wagtda Türkmenistanda Koreýa Respublikasy bilen syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň maksatnamasy taýýarlanylar. Şol maksatnamada türkmen we koreý syýahatçylyk operatorlarynyň arasynda göni gatnaşyklar, iki ýurduň syýahatçylyk düzümleriniň netijeli ulanylmagy, syýahatçylar üçin wiza meseleleri ýaly ugurlar göz öňünde tutular.