img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

OBA HOJALYK ÖNÜMÇILIGINDE TELEKEÇILIK ÖSDÜRILÝÄR

photo

Sarybaý Hanbaýewiň ýolbaşçylyk edýän “Gülälekli depe” daýhan hojalygy pagta ýetişdirmegi özleşdirýär. Gowaça ekmek üçin Daşoguz etrabynyň Ruhubelent etrabynda 780 gektar ýer bölünip berildi. Ondan 2 müň tonna ilkinji hasyl almak göz öňünde tutulýar. 

Häzirki wagtda tejribeli hojalykçynyň döwlet tarapyndan uzak möhletleýin ulanmaga Ruhubelent etrabynda bölünip berlen 2,3 müň gektara golaý ýeri bar. Olaryň aglaba bölegi sürümli meýdanlardyr. Telekeçi özüne ynanylan ýerlerden ýerlikli peýdalanýar. Şu ýyl ekarançylar 1500 gektardan gowrak ýeri dolanşyga girizdiler, olaryň 780 gektary gowaça, 600 gektar ýeri ot-iýmlik ekinler we mekgejöwen üçin bölündi. 

Hojalygyň işgärleri şu ýyl 20 müň tonna golaý mekgejöwen, 35 gektar ýerden 570 tonna kartoşka, şeýle hem 50 gektar ýerden bakja ekinleriniň bol hasylyny ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Geçen ýylyň ahyrynda 27 gektar tarp ýerde miweli bagyň düýbi tutuldy. Şu ýylyň baharynda ýene 40 gektar ýere miweli baglaryň nahallary ekildi. Galan ýerlerde häzirki wagtda topragyň hasyllylygyny dikeltmek üçin agrotehniki çäreler geçirilýär.