img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MURGAP JÜLGESINDE... TROPIKI MIWELER ÝETIŞDIRILÝÄR

photo

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda ýerleşýän «Ferhar» hojalyk jemgyýeti alyjylar bazaryny öz ýetişdirýän banany bilen üpjün etmek boýunça batyrgaý telekeçilik meýilnamasyny durmuşa geçirýär. Her hepdede Batyrmyrat Orazsähedowyň ýyladyşhanasynda 1,5 tonna golaý datly miwe ýygylýar. Şu ýyl telekeçi 1800 daragt ösüp oturan bir gektar ýerden 70 tonnadan gowrak del miwe öndürmegi göz öňünde tutýar. 

Batyrmyrat ony ekmegiň we ekine ideg etmegiň tehnologiýasy, şeýle hem amatly ýylylyk hem-de çyglylyk şertleri dogry ýerine ýetirilende banan ýetişdirmegiň oba hojalygy babatda telekeçiligiň geljegi uly ugry bolar diýip pikir edýär. 

Türkiýede geçirilen ugurdaş sergide tanşan türk telekeçileri bu tropiki ösümligi ýetişdirmegiň syrlaryny gürrüň berdiler. Ol şol ýerden hem banan agajynyň nahallaryny satyn aldy. Häzirki wagtda onuň hojalygyndaky üýtgeşik agaçlaryň boýy 6 metrdenem geçýär. Telekeçi indiki ýyl onuň ekin meýdanyny giňeltmegi we datly hem-de peýdaly miwäni iki esse köp ýetişdirmegi niýet edinýär.