ÄHLI DEREJEDÄKI ÝOLBAŞÇYLAR SANLY YKDYSADYÝET BOÝUNÇA ÝÖRITE OKUWLARY GEÇERLER
Şu günki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ony sanly ulgama geçirmek boýunça amala aşyrylýan strategik özgertmeler babatda intellektual ulgamlary hem-de iň täze maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen baglylykda, ylym we bilim ulgamlarynyň işi barada hasabat berdi.
Wise-premýer hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji aprelde geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berdi.
Şu maksat bilen gysga möhletli okuwlaryň meýilnamasy taýýarlanyldy. Okuwlar sanly ykdysadyýet boýunça bilimi ýokarlandyrmaga gönükdirilendir hem-de sanly tehnologiýalaryň aýratynlyklary we mümkinçilikleri, pudaklaryň ösüşine we durmuş ulgamyna täsiri barada umumy düşünjelerini artdyrmaga ýardam etmelidir.
Okuw meýilnamasyna «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmagyň ugurlary we tapgyrlary, sanly ykdysadyýete geçmegiň hukuk üpjünçiligi, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalar ulgamy, maglumat howpsuzlygy we beýleki mowzuklar girizildi. Okuwlaryň ilkinji tapgyryna 2019-njy ýylyň 1-nji maýyndan başlamak meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz sanly ykdysadyýetiň işgärleri taýýarlamagyň täze derejesini talap edýändigini aýdyp, bu ulgamda dünýäniň iň gowy tejribesine daýanmagyň zerurdygyny belledi. Milli Liderimiz ýurdumyzda gurlan hem-de gurluşygy dowam edýän döwrebap senagat kärhanalaryna, döredilýän täze pudaklara sanly tehnologiýalary özleşdiren ýokary hünärli hünärmenleriň zerurdygyny aýdyp, şunuň bilen baglylykda, hünär taýýarlygynyň tutuş ulgamyny kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz islendik milli taslamanyň, döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň kämil işgärleri, şeýle-de dolandyryş ulgamyny talap edýändigini nygtap, Döwlet gullugy akademiýasynda sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça okuwlaryň guralmagynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere sanly özgertmeler boýunça göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegini, şunuň bilen baglylykda, bilim, ylym ulgamlarynda amala aşyrylýan özgertmeleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.