img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ATÇYLYK PUDAGYNYŇ TAPAWUTLANAN IŞGÄRLERINE ÝURDUMYZYŇ JEMGYÝETÇILIK GURAMALARYNYŇ SOWGATLARY GOWŞURYLDY

photo

“Türkmen atlary” Döwlet birleşiginiň edarasynda atçylyk pudagynyň işgärlerini münbäreklemek dabarasy boldy. Pudagyň we onuň edaralarynyň tapawutlanan işgärleri – Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň we Agrar partiýanyň işjeňleri jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary we gymmatly sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Dabara Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de oba hojalyk uniwersitetiniň, jemgyýetçilik we ylmy toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyklda ýurdumyzda ahal-teke atçylygyny ösdürmäge, arassa ganly atlaryň gadymy tohumyny wagyz etmäge gönükdirilen çärelere syn berildi. Çärede döredijilik toparlarynyň çykyşlary boldy.

Sylaga mynasyp bolanlardan TOHU-nyň ýanyndaky Ahal-teke atçylygy Ylmy-önümçilik merkeziniň müdiri Myrat Rejepgulyýew bilen söhbetdeşlikde 2017-nji ýylda döredilen okuw toplumynda agroekologiýa edarasy, saglygy goraýyş we derman senagaty, söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrlikleri, TYA tarapyndan makullanan “Kuwwatly” belgili iýmiň önümçiliginiň we düzüminiň işlenilip taýýarlanandygyny belledi.

Atlaryň keselleriniň öňüni almak hem ylmy-tejribe işiň ýene bir ugrydyr. Oba hojalyk uniwersitetiniň “atçylyk” hünäri boýunça bilim alýan talyplary geçirilýän ylmy barlaglara işjeň gatnaşýarlar. Olar tejribe geçenlerinde, ýyllyk we diplom işlerini ýazanlarynda alan bilimlerinden peýdalanýarlar.

Indi 16 ýyl bäri Halkara atçylyk-sport toplumynda seýis bolup işleýän Nagmatmyrat Nazarmyradow hem köpýyllyk zähmeti üçin sylaga mynasyp boldy. Ol taýlaryň onlarçasyna gözegçilik edýär. Nagmatmyrat şeýle hem bedewleri hem seýisleýär. Ol ýaş hünärmenlere hem kär ussatlygynyň syrlaryny öwredýär.

Ahal-teke atçylyk toplumynyň işgäri Toýly Pirmyradowam seýisçilikde şonça ýyl bäri işläp gelýär. Häzirki wagtda ol ýigrimi at ýetişdirýär we olara baş öwredýär. Onuň seýislän Perman, Maksat, Gammar we Gylyç ýaly bedewleri çapyşyklarda gowy netije görkezýärler.

Hudaýguly Baýsähedow ilkinji gezek ýedi ýaşynda ata münýär. Indi ol Ahal-teke atçylyk toplumynyň çapyksuwary, bedewleriň altysyna tälim berýär. Ol ýigrimi ýyldan bäri çapyşyklara gatnaşyp gelýär.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda at üstünde ýerine ýetirilýän çylşyrymly tilsimelri-oýunlary bilen iň talapkär tomaşaçylary-da haýran edýän “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy Liliana Ýusupowa hem jemgyýetçilik guramalarynyň hormat hatyna we sylagyna mynasyp boldy.