img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PARIŽDÄKI WEKILHANASY FUTBOL BOÝUNÇA ÝOLDAŞLYK DUŞUŞYGYNY GEÇIRDI

photo

Türkmenistanyň Fransiýadaky Ilçihanasy Parižde ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda futbol oýnuny gurady. Ol ýurdumyzda däp bolup galan köpçülikleýin-sagaldyş we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy.

Ýoldaşlyk duşuşygy dostlukly ýagdaýda geçdi. Duşuşyk tamamlanandan soň oýna gatnaşanlaryň iň ýaşyna we ýaşulysyna ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.