TÜRKMEN BEDEWINIŇ ŞANYNA: BAÝRAMÇYLYK DABARALARYNA BADALGA BERILDI
Şu gün aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, şeýle hem Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.
Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde behişdi bedewleriň şanyna giň gerimli dabaralar guralýar.
At çapmagyň ussady, Türkmenistanda atçylyk sportunyň ösdürilmegine ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aladasy netijesinde ýurdumyzyň ajaýyp atşynaslyk däplerini saklamak we dowam etmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleriň amala aşyrylmagyna, seýisçilik sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine uly üns berilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň howandarlygynda pudagyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, arassa ganly bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyny höweslendirmek we işjeňleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.
Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Halkara karantin merkeziniň açylmagy milli atşynaslyk we seýisçilik däpleriniň ösmeginde möhüm orun eýeledi. Bu merkezler ahalteke bedewleriniň iň şöhratly görnüşleriniň sanawuny düzmek, olaryň dünýä atşynaslygynyň ösmegine goşan goşandyny, gelip çykyşyny we beýleki maglumatlary özünde jemleýän gollanmalary taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Şeýle hem «behişdi bedewleri» ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça uly işler alnyp barylýar.
Ahalteke bedewleri çapylýan atlaryň iň gadymylarynyň we owadanlarynyň biri bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny saklamak hem-de dünýä medeniýetiniň wajyp bölegi hökmündäki derejesini berkitmek meselelerine yzygiderli üns berýär.
Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde, her ýylda guralýan sergiler we bäsleşikler pederlerimiziň asylly işleriniň özboluşly dowamy bolup durýar. Olar şunuň ýaly usullar arkaly tebigy şertlerde uzak aralyga çapmak we dürli howa şertlerini ýeňip geçmek ýaly çydamlylyk derejesini kesgitläpdirler.
«Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň guramagynda geçirilen bu gezekki uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine ýurdumyzdan we daşary döwletlerden bedew muşdaklarynyň köp sanlysy gatnaşdy. Olaryň hatarynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisine, Halkara sergi-ýarmarkasyna hem-de «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI Halkara ylmy maslahata gatnaşyjylar bar.
... Bäsleşige badalga berilmeginiň öňüsyrasynda ýaýbaňlandyrylan folklor çykyşlary we estradaçylaryň, bagşylaryň hoş owazly aýdymlary uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine gatnaşyjylarda hem-de oňa tomaşa edýänlerde ýakymly täsirler galdyrdy. Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soň, awstriýaly baş emin Markus Mak Hubmann uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigine badalga berdi. Ýelden ýyndam ahalteke bedewleri özleriniň «asman bedewleri» diýen adyna kybap gelmek bilen pellehana tarap okgunly çapdylar.
Bäsleşigiň ugry her biri 30 kilometr bolan iki tapgyrdan düzüldi we Köpetdag şaýolunyň ýakasy bilen gumaksy ýoldan geçýär. Ýaryşa bedewleriň otuza golaýy gatnaşdy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynda, Milli atçylyk sport merkezinde, «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň welaýatlardaky athanalarynda hem-de birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň athanalarynda seýislenýän bedewler bar.
Bu ýaryşda bedewler diňe bir ýyndamlyk däl, eýsem, öz çydamlylygyny hem görkezmeli bolar. Çapyşyk wagtynda bedewler iki gezek lukmançylyk gözegçiliginden geçdi. Kada görä, olaryň görkezijisi ykrar edilen halkara kadalaryna laýyk gelmelidir.
Uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi halkymyzyň ganaty hasaplanylýan bedewleriň beden taýýarlygyna, çydamlylygyna, çapyksuwarlaryň ussatlyk derejesine göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Uzak aralyklara çapýan bedewler milli seçgiçileriň we seýisleriň öz işine yhlasynyň aýdyň görkezijisidir.
Bu bäsleşigiň ýeňijilerini hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sylaglamak dabarasy Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde bolar.