TÜRKMEN BEDEWINIŇ ŞANYNA: BAÝRAMÇYLYK DABARALARYNA BADALGA BERILDI
Şu gün aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, şeýle hem Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.
Günüň ikinji ýarymynda köp sanly adamlar we paýtagtymyzyň myhmanlary Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežiniň ýanyna ýygnandy. Bu ýerde sportuň olimpiýa görnüşleriniň biri hasaplanylýan päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlar guralýar. Ahalteke bedewleri sportuň bu görnüşinde oňat netijeleri görkezýär.
Bäsleşige bedewleriň ýigrimiden gowragy gatnaşdy. Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumynyň, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň we Atçylyk sporty merkeziniň atlary bar. Kanadaly hünärmen Stefan Fransis Bukman ýaryşlaryň baş emini boldy.
Iki tapgyrda geçirilýän şu günki bäsleşikleriň tertipnamasyna laýyklykda, çapyksuwar 11 päsgelçilikden geçmeli. Şolaryň beýikligi birinji tapgyrda 1 metr 10 santimetrden 1 metr 15 santimetre çenli. Ikinji tapgyrda bolsa 1 metr 20 santimetrden 1 metr 30 santimetre çenlidir, ikinji tapgyrda has az jerime alanlar we ähli bäsleşikleri ýokary tizlikde geçen bedewler ýeňiji hasaplanylýar.
Bu bäsleşik çapyksuwarlaryň bedewlere erk etmek sungatyna bolan ussatlygyny we bedewleriň päsgelçiliklerden geçen derejesini hem-de şeýle ýagdaýda tizligini artdyrmaga bolan ukybyny ýüze çykarmaga mümkinçilik berdi.
Ýurdumyzda sungat ussatlarynyň arasynda bäsleşik geçirmek asylly däbe öwrüldi. Şeýlelikde, günüň ikinji ýarymynda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergi merkezinde suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, bezegçileriň we teleoperatorlaryň arasynda şekillendiriş, amaly-haşam sungatynda, neşirýat önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda ahalteke bedewleriniň çeper keşbini döretmek boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
Bäsleşigiň we päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça ýaryşlaryň ýeňijileri Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli öňde boljak dabaralaryň dowamynda yglan ediler hem-de halkymyzyň mirasyny giňden wagyz etmäge mynasyp goşant goşanlara degişli baýraklar gowşurylar.
Türkmen halky at çapyşyklaryna aýratyn gadyr goýupdyr hem-de bedewleriň seýisçiligine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşipdirler. Gadymy çeşmelerde at seýislemegiň usullarynyň Ýewropa ýurtlaryna hem hut şu sebitden geçendigi baradaky maglumatlar bar. Häzirki döwürde daşary ýurtlarda türkmen seýisleriniň tejribesine uly gyzyklanma bildirilýär we oňa daşary ýurtly hünärmenler uly üns bilen ýüzlenýärler.
Ýurdumyza daşary döwletlerden köp sanly bilermenleriň, atşynaslaryň, belli alym-ippologlaryň, işewür düzümleriň wekilleriniň, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan adamlaryň gelmegi behişdi bedewlere bolan ählumumy gyzyklanmalaryň ýokarydygynyň subutnamasydyr. Şeýlelikde, olaryň dykgatyna diňe bir bedewleriň beden taýýarlygy baradaky maglumatlar däl, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip, aýawly saklanýan milli seýisçilik usullary ýetirilýär.
Ýurdumyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi, Halkara sergi-ýarmarkasy we «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly XI Halkara ylmy maslahat ýaly iri çäreleriň geçirilmegi hut şu maksatlary nazarlaýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk babatda taryhy tejribäniň iş ýüzünde öwrenilmegine ünsi çekip, milli seçgiçilik-tohumçylyk işini häzirki zaman usullary ulanmak arkaly ylmy esasda has-da giňeltmegiň, ýurdumyzda at çapyşyklarynyň, atçylyk sportunyň dürli görnüşleriniň işjeň ösdürilmeginiň we onuň sportuň olimpiýa görnüşleriniň halkara ulgamyna goşulmagynyň wajypdygyny yzygiderli belleýär.
Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň atşynaslyk babatdaky oňyn tejribelerini nazara almak bilen, daşary ýurtly bilermenler bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, şeýle hem iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde olar bilen tejribe alşylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan çärelere gatnaşmak üçin Türkmenistana gelýän myhmanlar ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek hem-de ony wagyz etmek, ahalteke atşynaslygy babatdaky şöhratly däpleri saklamak we dowam etmek boýunça alnyp barylýan işlere ýokary baha berýärler.
Baýramçylyk mynasybetli geçirilen döredijilik hem-de sport bäsleşikleri türkmen halkynyň durmuşynda möhüm orun eýeleýär we häzirki döwürde tutuş dünýäni haýrana goýýan hem-de asylly däpleriň dowam etdirilmeginde ähmiýetli bolan şanly senäniň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli atşynaslyk däplerini ösdürmek boýunça amala aşyrýan giň möçberli işleriniň aýdyň nyşany bolup durýar. Şeýlelikde, Türkmenistan iri halkara atşynaslyk merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyrýar we müňýyllyk däplere daýanmak arkaly bedew bady bilen täze belentliklere tarap ynamly gadam urýar.