“TÜRKMENTURBA” AGPJ ÖSÜŞ ÝOLUNDA
“Türkmenturba” Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti şu ýyl diametri 20 millimetrden 500 millimetre çenli polietilen we polipropilen turbalaryň birnäçe müň tonnasyny çykardy. Önümçilik üçin çig mal Türkmenbaşynyň nebti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, şeýle hem polietileniň birnäçe görnüşi, şol sanda ýokary basyşlara çydamly turbalary öndürmekde ulanylýan has dykyz polietilen çykarylýan Gyýanlydaky sebitde iri gazhimiýasy kärhanasyndan getirilýär.
Polietilen, polipropilen we aýansüýümli turbalary öndürýän kärhana şäherlerdir obalaryň barha ösýän düzümleriniň şu kysmy önümlere artýan islegini üpjün edip, özgertmeler milli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýar. Olar hojalyk-agyz suw üpjünçiligi, gazlaşdyrmak, lagym we suwaryş ulgamlary, ýagyş we deňiz suwuny sowmak ýaly dürli ugurlarda ulanylýar.
Häzirki wagtda “Türkmenturba” ÝGPJ has dykyz polietilenden ýasalýan turbalary çykarýar. Syzdyrmazlygy we basyş astynda-da sepleşýän ýerleriniň mäkämligi, seplemek üçin jebis we elektrofuzion kebşirlenmegi, gysgyç mufta ýaly sepleşdirmek usullarynyň ulanylmagy, himiki täsire we zeňlemäge durnuklylygy, urgylara garşylyga ukyby şeýle çig maldan ýasalýan önümleriň aýratynlygydyr.
Ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň tabşyrygy bilen ýylyň başyndan bäri 2,3 müň tonna dürli ähmiýetli turba öndürildi. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlarayň ornuny tutýan çig maldan- polipropilenden kärhanada durmuşda ulanylýan zatlaryň, damjalaýyn suwaryş ulgamlary çekilende peýdalanylýan hyrly birleşdiriji abzallaryň önümçiligi ýola goýuldy. Öňdebaryjy enjamlaryň we ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli çig malyň ulanylmagy dünýä ölçeglerine laýyk gelýän bäsleşige ukyply önüm çykarmaga mümkinçilik berýär.