img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTAN SEBIT YKDYSADY BIRLEŞMESINE AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR

photo

Şu günki Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Aziýanyň ösüş bankynyň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasynyň söwda ugry boýunça sebitleýin tehniki kömek taslamasyna Türkmenistanyň goşulmagy barada hasabat berdi.

2019 — 2021-nji ýyllarda amala aşyrylmagy bellenilen bu taslamanyň esasy maksady CAREC maksatnamasynyň agza ýurtlaryny halkara bazarlara işjeň çekmek, ykdysadyýetleri diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, söwda we hyzmatlar ulgamyny kämilleşdirmek, öňdebaryjy tejribeleri alyşmak, sebit gatnaşyklaryny pugtalandyrmak we bilim derejesini ýokarlandyrmak bolup durýar. Ony üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglylykda, halkara we milli hünärmenleri çekmek bilen degişli ylmy barlaglary geçirmek, «tegelek stollary», maslahatlary we geňeşmeleri, iş saparlaryny guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aziýanyň ösüş bankynyň BMGÖM hem-de birnäçe abraýly halkara maliýe düzümleri bilen hyzmatdaşlykda başyny başlan CAREC maksatnamasyna 2010-njy ýylda goşulan Türkmenistanyň giň özara bähbitli hyzmatdaşlyk arkaly sebit ykdysady birleşmesine aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Şunda söwda ýardam etmek möhüm ugurlaryň biridir. Bu bolsa sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň kuwwatyny we bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga, amatly maýa goýum ýagdaýyny döretmäge, Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilendir. Galyberse-de, söwda ulgamynda özara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin mäkäm binýady üpjün eder.

Bu barada aýtmak bilen, milli Liderimiz CAREC maksatnamasynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.