img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MAÝ AÝYNDA GEÇIRILJEK HALKARA ÇÄRELER WE ÝURDUMYZA GELJEK ÝOKARY DEREJELI WEKILIÝETLER

photo

Şu günki Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow şu ýylyň maý aýynda geçiriljek halkara çärelere we ýurdumyza geljek ýokary derejeli wekiliýetleriň saparlaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegi bilen baglylykda, 2019-njy ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirmek göz öňünde tutulýar.

15 — 16-njy maýda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçiriler. Şeýle-de GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara Utgaşdyryjy geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän ikitaraplaýyn geňeşmeler Watanymyzyň daşary syýasy ugruny amala aşyrmagyň esasy gurallarynyň biridir. Aprel aýynyň ahyrynda we geljek aýda ýurdumyza birnäçe ýurtlaryň wekiliýetleriniň saparlary göz öňünde tutulýar. Maý aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda türkmen-gruzin hem-de türkmen-german syýasy geňeşmeleriniň geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy toplumlaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda amala aşyrylýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasyny düzýär.

Şunuň bilen baglylykda, maý aýynda ýurdumyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň hem-de türkmen-belarus toparynyň nobatdaky mejlislerini, türkmen-belarus işewürler maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görülýär. Mundan başga-da, geljek aýda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň nobatdaky mejlisi geçiriler.

Şunuň bilen birlikde, şu ýylyň maýynda özara gatnaşyklaryň anyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekiliýetleriniň Türkmenistana saparlaryny, şeýle hem degişli çäreleriň birnäçesini guramak meýilleşdirilýär.