img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ UKRAINADAKY DIPLOMATIK WEKILHANASY TALYPLARYŇ ARASYNDA WOLEÝBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRDI

photo

Kiýewiň we Harkowyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ildeşlerimiz Türkmenistanyň Ukrainadaky Ilçihanasynyň guran woleýbol boýunça ýaryşyna gatnaşdylar. Bäsleşik sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge we ýaşlary sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga höweslendirmäge gönükdirilip, her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlandy.

Ýaryş Harkowyň Milli tehniki uniwersitetiniň milli nyşanlar we “Türkmenistan – rowaçlygyň Watany” şygarynyň nyşanlary bolan bannerler bilen bezelen “Politehnik” sport toplumynda geçirildi. Harkowyň ýokary okuw jaýlarynyň 15-den gowragyndan iki toparyň-da türgenlerini goldamaga talyplardyr mugallymlar geldiler.

Çekeleşikli we dartgynly geçen duşuşykda Kiýewiň topary ýeňiş gazandy. Dabaraly ýagdaýda toparlaryň ikisine-de hormat kuboklary, medallar we hormat hatlary gowşuryldy.