img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

ASTRAHANDA TÜRKMEN TALYP GYZLARYNYŇ GATNAŞMAGYNDA WOLEÝBOL BOÝUNÇA ÝARYŞ GEÇIRILDI

photo

Astrahan döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň (ADLU) sport toplumynda zenanlaryň arasynda woleýbol boýunça ýoldaşlyk duşuşygy geçirildi, oňa ADLU-da golaýda döredilen Russiýanyň bu sebitiniň şu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan türkmen zenanlaryndan düzülen “Aýhan” topary gatnaşdy. 

Ýaryş Türkmenistanyň Astrahandaky Konsullygynyň (Russiýa Federasiýasy) başlangyjy bilen we her ýyl ýurdumyzda geçirilýän köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport çäreleriniň biraýlygyna gabatlanylyp geçirildi.