HAZARÝAKA ÝURTLARYNYŇ WEKILLERI HAZARDA WAKALARYŇ ÖŇÜNI ALMAK BARADA YLALAŞYGYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞINIŇ UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2019-njy ýylyň 22-24-nji aprelinde Astrahanyň (RF) Kaspiý deňiz we derýa ulaglary institutynda (KDDUI) geçen ýylyň awgust aýynda Aktauda Hazarýaka döwletleriň başturtanlarynyň V sammitiniň jemi boýunça gol çekilen Hazar deňzinde wakalaryň öňüni almak barada Ylalaşygynyň ýerine ýetirlişi bilen baglanşykly Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýanyň goranmak edaralarynyň wekilýetleriniň birinji duşuşygy geçirildi.
Bu resminama Hazar sebitinde özara hereketleriň binýatlaýyn ýörelgelerini durmuşa geçirmäge we durnuklylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Duşuşykda taraplar hazarýaka döwletleriň flotlarynyň arasynda ynanyşmagyň ýokary derejesini tassykladylar, şeýle hem geljekde Hazarda ynanyşmak çäreleri barada Ylalaşygy ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
KDDUI-nyň direktory Olga Kartaşowa Hazar deňziniň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk derejesini berkitmek boýunça Türkmenistanyň oňyn tagallalaryny, şeýle hem bu jähtden Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň awgustynda “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda Birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek boýunça başlangyjyny aýratyn belledi.