TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA WELOSIPEDÇILER BIRLEŞIGINIŇ HEM-DE «ARETI» HALKARA KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara welosipedçiler birleşiginiň ýolbaşçysy Dawid Lappartýeni hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi.

Myhmanlar ýurdumyza gelip görmek baradaky çakylyk hem-de wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutladylar hem-de bu baýrama bagyşlanyp geçirilýän dabaralara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdiler. Şol dabaralar umumadamzat ösüşiniň genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak baýlygynyň — behişdi bedewleriniň dünýä dolan şan-şöhratynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Döwlet Baştutanymyz mähirli gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanda türkmen milletiniň baý mirasynyň hem-de gadymyýetden gözbaş alýan döredijilik däpleriniň aýawly saklanmagyna aýratyn ähmiýet berilýändigini belledi. Şol däpleriň hatarynda täze taryhy döwürde mynasyp dowamyna eýe bolan we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösdürilýän ahalteke atçylyk sungaty hem bar. Bu her ýyl türkmen topragynda dünýäniň dürli döwletlerinden köp sanly myhmanlary ýygnaýan ählihalk baýramçylygynda öz beýanyny tapýar.

Söhbetdeşligiň dowamynda sport, hususan-da, welosiped sporty babatda hyzmatdaşlyk meselesi pikir alyşmalaryň esasyny düzdi. Welosiped sporty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda barha giň meşhurlyga eýe bolýar. Myhmanlar Türkmenistanda halkara ýaryşlary geçirmek, ussat türgenleri taýýarlamak, şol sanda ähli ölçegler boýunça dünýä ülňülerine kybap gelýän köpugurly düzümi ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesi — düzümine ajaýyp welotrek girýän döwrebap sport desgalarynyň iri toplumy munuň aýdyň mysalydyr.

Häzir ýurdumyz iri halkara ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýerine öwrülip, dünýäniň sport giňişliginde eziz Diýarymyzyň abraýy barha artýar.

Türkmenistanyň bu ugurda ýaýbaňlandyran giň gerimli işleri dünýä bileleşiginiň ählumumy goldawyna we ykrar etmegine eýe bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde bolup geçen 82-nji mejlisinde kabul edilen 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Kararnama munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň hem-de Halkara welosipedçiler birleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň möhüm meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylda ýurdumyzda trekde welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmäge taýýarlyk görmek boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, UCI-niň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu abraýly ýaryşlary ýokary derejede geçirjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem ýurdumyzda 2026-njy ýylda welosiped sporty boýunça dünýä çempionatyny geçirmek mümkinçiligine seredildi. Şu pikiri goldandygy üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildiren jenap Dawid Lappartýe Türkmenistanda şeýle ýaryşlary geçirmek üçin zerur bolan şertleriň bardygyny belledi.

Halkara derejeli welosipedçi türgenleri taýýarlamak hem-de şu maksatlar üçin ýörite mekdebi açmak babatda gatnaşyklar söhbetdeşligiň esasyny düzdi. UCI-niň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň başyny başlaýan toplumlaýyn çäreleri netijesinde, Türkmenistanda welosiped sporty uly mümkinçiliklere eýe boldy. Myhman hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmek boýunça alyp barýan işleriniň mynasyp göreldedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarow holdingiň ýurdumyzda amala aşyrýan işleriniň ýagdaýy barada habar berip, nebitgaz pudagynda we beýleki ulgamlarda bilelikdäki täze taslamalaryň amala aşyrylmagyna gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Döwlet Baştutanymyz «ARETI» halkara kompaniýalar topary bilen köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň pudaklary ösdürmegi, iň gowy dünýä tejribesiniň çekilmegini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny ugur edinýän ykdysadyýeti ösdürmegiň toplumlaýyn strategiýasyny amala aşyrmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklara hemişe açykdygyny nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Halkara welosipedçiler birleşiginiň hem-de «ARETI» halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçylary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek meselesinde ýardam edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistany gülledip ösdürmegiň, sport döwleti hökmünde derejesini berkitmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.