ÝURDUMYZYŇ YKDYSADYÝETI OKGUNLY ÖSÝÄR
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi wideokonferensiýa görnüşinde dowam edip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2019-njy ýylyň ýanwar — aprel aýlarynyň makroykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine gönükdirilen toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde, ähli pudaklaryň durnukly ösüşiniň üpjün edilýändigi bellenildi.
Hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejesinde saklandy.
Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önüm öndürmegiň mukdary 6,1 göterim artdy. Ykdysady toplumyň pudaklarynda ýokary netijeler gazanyldy.
Dört aýyň jemleri boýunça bölek haryt dolanyşygynyň möçberi, 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 19,1 göterim ýokarlandy.
Hasabat döwründe zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde maliýeleşdirildi.
Rejelenen görnüşdäki Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, durmuş maksatly desgalaryň 76-synyň, 205,4 müň inedördül metrden gowrak ýaşaýyş jaýlarynyň, inženerçilik ulgamlarynyň we beýleki desgalaryň gurluşyk işleri alnyp baryldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň durnukly ösüşini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleriň çözgüdine hemmetaraplaýyn we düýpli çemeleşilýändigi bellenildi. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanylan döwlet maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine toplumlaýyn çemeleşilýär.
Şunuň bilen baglylykda, bu wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işleri üpjün edilýär. Şunda ähli pudaklara täzeçil usullaryň, häzirki zaman tejribeleriniň ornaşdyrylmagyna, hususan-da, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.