RESMI HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ataýew Bäşim işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygy wezipesinden boşadyldy.
* * *
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Miras» teleradioýaýlymynyň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek «Miras» teleradioýaýlymynyň baş redaktory Kuwwatberdi Hezziýewiň üstüne ýüklenildi.