TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ADYNA GUTLAG HATLARY GELIP GOWUŞDY
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç,
Siziň Alyhezretiňize musulman ymmaty üçin nurana we mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy ibermek mende ýakymly duýgulary döredýär.
Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki halkyň özara düşünişmeginiň we işjeň hyzmatdaşlygyň bähbidine ösdüriljekdigine, şeýle hem onuň sebitde parahatçylygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etjekdigine ynam bildirýärin.
Şu nurana günlerde Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, täze üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş we abadançylyk dileg edýärin!
Çuňňur hormatlamak bilen,
Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden çykýan mähirli gutlaglarymy ibermek mende kanagatlanma duýgusyny döredýär.
Beýik Biribardan Size berk jan saglyk we bagt, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa hoşniýetlilik we abadançylyk, şeýle hem tutuş musulman ymmatyna rowaçlyk we gülläp ösüş dileg edýärin.
Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de dostluk we Size bolan çuňňur hormatym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Siziň doganyňyz,
Halifa bin Zaýed Al-NAHAÝAN,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Palestina Döwletiniň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize, şeýle hem dostlukly türkmen halkyna mukaddes Oraza aýynyň gelmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy uly şatlyk bilen iberýärin.
Beýik Biribaryň Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, dostlukly türkmen halkyna üstünlik we rowaçlyk, tutuş musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we agzybirlik eçilmegini dileg edýärin.
Meniň mähirli gutlaglarymy kabul ediň!
Mahmud ABBAS,
Palestina Döwletiniň Prezidenti.