ÝELENA PANOWA: TÜRKMEN KÖLÜNI DÖRETMEK BOÝUNÇA TOPLANAN TEJRIBE MERKEZI AZIÝANYŇ BEÝLEKI SEBITLERINDE IŞJEŇ ULANYLAR
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine üns berýändigi üçin, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, bu köpýyllyk gatnaşyklaryň netijeli we okgunly häsiýete eýedigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, täze obanyň gurluşygyna badalga berilmegi «Altyn asyr» Türkmen kölüniň çäginde degişli düzümi ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleriň yzygiderli amala aşyrylýandygyny alamatlandyrýar.
—Maňa şu ýylyň fewralynda bu ýere gelmek nesip etdi. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işleriň netijesi meni haýran galdyrdy. Şeýle hem kölüň çäginde haýwanat we ösümlik dünýäsinde oňyn özgertmeleriň bolandygyny bellemeli — diýip, hanym Panowa aýtdy we bu taslamanyň sebitiň ekologiýa ýagdaýyna oňyn täsiriniň boljakdygyna ynam bildirdi.
Şunuň bilen birlikde, kölüň ýanynda durmuş we önümçilik düzümleriniň döredilmegi ilatyň iş bilen üpjünçiligi, ýerli ykdysadyýetiň ösdürilmegi we bu künjegiň abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge mümkinçilik berer. Bilim, saglygy goraýyş we ilatyň durmuş taýdan goraglylygy ýaly meseleleriň degişli derejede saklanmagy has-da ähmiýetli ýagdaýdyr.
Bu ýerde toplumlaýyn we sazlaşykly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegi uzakmöhletleýin durnukly ösüşi üpjün eder. Munuň özi Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlarynyň ähmiýetini aňladýar diýip, BMG-niň wekili nygtady.
Birleşen Milletler Guramasy daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, olary gaýtadan ulanmak bilen baglanyşykly taslamalary durmuşa geçirmek üçin häzirki zaman ösen tehnologiýalarynyň çekilmegine goldaw bermäge taýýardyr diýip, hanym Panowa belledi. Munuň özi Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny aňladýar we durnukly ösüş maksatlaryna ýetilmegini şertlendirer.
Mälim bolşy ýaly, BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterreş 2019-njy ýylyň sentýabrynda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça Sammiti geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Onda Pariž ylalaşygyny amala aşyrmagyň meselelerine, kiçi uglerod ösüşi ulgamyndaky taslamalary durmuşa geçirmegiň tejribelerine, ýerli şertlerde howanyň üýtgemegine utgaşmagyň we zyýanlaryny aradan aýyrmagyň meselelerine garalar.
Türkmenistanyň bu sammite gatnaşjakdygyna we howanyň üýtgemegi boýunça Milli strategiýanyň çäklerinde amala aşyrýan maksatnamalaryny görkezjekdigine ynanýaryn diýip, hanym Panowa nygtady we Türkmen kölüni döretmek boýunça toplanan tejribäniň Merkezi Aziýanyň suw serişdelerine ýetmezçilik edýän beýleki sebitlerinde işjeň ulanyljakdygyna ynam bildirdi.