NATALÝA GERMAN: TÜRKMENISTAN SUW MESELELERIŇ ÇÖZGÜDINE TOPLUMLAÝYN ÇEMELEŞÝÄR
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň baştutany Natalýa German Garagumuň jümmüşinde döredilen «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda ilkinji obanyň düýbüni tutmak ýaly örän ähmiýetli we wajyp çärä gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Ol Aral deňziniň sebitinde suw serişdelerini netijeli we rejeli peýdalanmak, ekologiýa ýagdaýyny saklamak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň ahyrky netijede ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagyna we onuň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilýändigini nygtady.
Soňky ýyllarda suw, parahatçylyk we howpsuzlyk meseleleri halkara gün tertibinde möhüm orun eýeleýär. Bütin dünýäde howanyň üýtgemegi bilen suw gytçylygy duýulýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2018-2028-nji ýyllary «Suw – Durnukly ösüş üçin» atly Halkara hereketleriň onýyllygy diýip yglan etmegi ýöne ýerden däldir. Şeýle hem suw «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň» maksatlaryna ýetmekde möhüm orny eýeleýär.
Mälim bolşy ýaly, suw meselesi energiýa, azyk, daşky gurşawy goramak, durmuş-ykdysady ösüş, ulag gatnaşyklary we parahatçylygy we abadançylygy üpjün etmek ýaly beýleki köpsanly meseleler bilen berk baglanyşyklydyr. Şunuň bilen baglylykda, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň ýanynda täze obanyň döredilmegi döwletiň öňünde durýan möhüm meseleleriň çözgüdine toplumlaýyn çemeleşmeleriň özboluşly usuly bolup durýar. Şunlukda, bar bolan suw serişdelerini netijeli peýdalanmak wajypdyr.
Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, türkmen tarapynyň suw serişdelerini utgaşykly dolandyrmak meseleleri babatda ähli ýurtlaryň bähbitleriniň esasynda halkara giňişliginde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça öňe sürýän başlangyçlary hemmetaraplaýyn goldawa eýedir.
BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň 2018-nji ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň 12-nji Sammitiniň jemlerine ýokary baha berdi.
Türkmenistanyň Gazna başlyklyk etmeginiň çäklerinde eden tagallalary netijesinde Sammitiň işi uly üstünliklere eýe boldy. Gatnaşyjy ýurtlaryň ähli derejelerinde geçirilen bu çärä dürli guramalaryň we düzümleriň, şol sanda BMG-niň wekilleriniň gatnaşmagynda ýokary guramaçylyk derejesinde boldy. Sammit diňe bir sebitleýin hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi bermän, eýsem, sebitiň ähli ýurtlarynyň Aral ýakasyndaky ekologiýa ýagdaýlarynyň zyýanlaryny bilelikde aradan aýyrmak we mundan beýläk-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine ähli ýurtlaryň taýýarlygyny tassyk etdi diýip, hanym German belledi.