img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ BERLINDÄKI DIPLOMATIK WEKILHANASYNYŇ IŞGÄRLERI BEÝIK ÝEŇŞIŇ 74 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRELERE GATNAŞDYLAR

photo

9-njy maýda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň işgärleri Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Belarusyň, Gazagyztanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň GFR-da ýerleşýän diplomatik wekilhanalarynda işleýän kärdeşleri bilen bilelikde Berlindäki Treptow-parkda we Tirgarten parkynda uruşda wepat bolan sowet esgerlerine goýlan Ýadygärliklere gül desseleini goýdular.

Faşizmden üstün çykylyp gazanylan Ýeňşiň 74 ýyllygy mynasybetli hatyra çärelerine Germaniýanyň federal ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Bundestagyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we dürli fondlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, GFR-da ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary we işgärleri, kowçum ýaşaýan milletleriň agzalary, şeýle hem Beýik Watançylyk urşunyň weteranlary gatnaşdylar.