AŞGABATDA SÖWDA DÜKANLARYNYŇ SANY ARTAR
Şu günki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, täze dükanlary gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde paýtagtymyzda gurulmagy meýilleşdirilýän söwda dükanlarynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Taslamalar täze desgalaryň şäheriň binagärlik aýratynlygy bilen sazlaşygy, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň ilaty üçin amatlylyk derejesi göz öňünde tutulyp taýýarlanyldy.
Azyk we halkyň sarp edýän harytlarynyň giň görnüşleriniň bölek söwdasynyň guraljak söwda dükanlary häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Şolarda hyzmatyň ýokary derejesi ýola goýlar we ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak üçin zerur şertler dörediler.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda edaralarynyň ilatly ýerleriň esasy düzümleriniň biridigini belledi. Hut şonuň üçin hem sazlaşykly ösýän paýtagtymyzda söwda dükanlarynyň sany şäher ilatynyň isleglerine laýyk derejede we amatly ýagdaýda artdyrylmalydyr.
Hormatly Prezidentimiz döwrebap dükanlaryň diňe bir söwda desgalary däldigini, şolarda amatlylygyň, ýokary derejeli hyzmatyň ýola goýulmalydygyny, alyjylaryň islegleriniň kanagatlandyrylmagyny, söwdanyň guralyşyna täzeçil çemeleşilmelidigini belledi. Şeýle hem milli Liderimiz söwda dükanlarynyň daş görnüşiniň hem özüne çekiji bolmalydygyny belläp, taslamalary durmuşa geçirmek babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.