img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

AŞGABATDA GDA GATNAŞYJY DÖWLETLERIŇ DÖREDIJILIK WE YLMY INTELLIGENSIÝASYNYŇ FORUMY GEÇIRILER

photo

Şu günki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa 15 — 16-njy maýda Aşgabatda geçiriljek GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumynyň medeni maksatnamasy barada hasabat berdi.

Forumyň çäklerinde milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan bu ugurdaky syýasat bilen myhmanlary tanyşdyrmaga, milli medeni gymmatlyklaryň we däp-dessurlaryň gözelligini hem-de köpdürlüligini, çuň köklerini we häzirki zaman öwüşginlerini görkezmäge gönükdirilen birnäçe çäreleri geçirmek meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistan üçin daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtap, GDA-nyň çäklerinde medeni gatnaşyklary has-da ösdürmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz foruma gabatlanyp geçirilýän çäreleriň medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmek boýunça hem-de halkymyzyň milli ruhy mirasyny gorap saklamak we öwrenmek işinde ýurdumyzyň gazananlaryny beýan etmek häsiýetine eýe bolmalydygyny belledi hem-de şunuň bilen baglylykda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.