img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

SERGEÝ LEBEDEW: TÜRKMENISTAN GDA-NYŇ UMUMY YNSANPERWER GIŇIŞLIGINI GORAMAGA WE ÖSDÜRMÄGE ÇALYŞÝAR

photo

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.

GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew mejlisde çykyş edip, forumyň Arkalaşygyň ynsanperwer durmuşynda möhüm çäre hökmünde öz ornuny we abraýyny ýylsaýyn pugtalandyrýandygyny belledi. Ylym, sungat, bilim işgärleriniň gös-göni gatnaşyklary medeni hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär. Bu gün bolsa forum iş ýüzünde täze pikirleriň, taslamalaryň, başlangyçlaryň kuwwatly badalgasyna öwrüldi.

Aşgabatda ynsanperwer gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça netijeli we baý mazmunly gatnaşyklar üçin ähli şertler hem-de ajaýyp mümkinçilikler döredildi. S.Lebedew munuň Türkmenistanyň GDA-nyň umumy ynsanperwer giňişligini goramaga we ösdürmäge çalyşýandygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, şu günki forumy geçirmäge ýardam edendigi hem-de GDA-nyň çäklerinde döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlaryna berýän ünsi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Medeniýet, bilim, ylym ulgamlarynda, kitap alyşmak, arhiw işi, maglumatlar, köpçülikleýin kommunikasiýalar, sport, syýahatçylyk, ýaşlar bilen işlemek babatda özara gatnaşyklaryň guraly ýylsaýyn kämilleşdirilýär. Eger Arkalaşygyň ýurtlarynyň ykdysady hyzmatdaşlygyny biziň gatnaşyklarymyzyň maddy esasy diýip alsak, onda ynsanperwer gatnaşyklar onuň ruhy özeni bolup, ykdysady gatnaşyklardan birjik-de pesde durmaýar, çünki ol adamlary, kalplary, halklarymyzyň medeniýetini, bilimi, ylmy birleşdirýär, ýaşlary ýakynlaşdyrýar diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary belledi.

Onuň nygtaýşy ýaly, häzir pudaklaýyn hyzmatdaşlyk edaralarynyň 10-sy hem-de uly orun eýeleýän Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasy işleýär. Arkalaşykda 20 ýylyň dowamynda her ýyly atlandyrmak tejribesi özüni gowy tarapdan görkezdi. Üstümizdäki ýyl Kitap ýyly diýen şygar astynda geçýän bolsa, geljek — 2020-nji ýyl Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş ýyly diýlip yglan edildi. Ýeri gelende aýtsak, 2021-nji ýyl Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe süren teklibi boýunça Binagärlik we şähergurluşyk ýyly hökmünde geçer.

Kitap ýylynda ýaş nesliň çeper edebiýata çekilmegine, kitap şekillendiriş sergileriniň guralmagyna, kitabyň we okaýşyň ilerledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle çäreler ýylyň başyndan bäri eýýäm Ermenistanda, Belarusda, Gazagystanda, Russiýada geçirildi hem-de Arkalaşygyň beýleki ýurtlarynda geçirmek bellenildi. Olar şu forumyň çäklerinde Aşgabatda hem geçiriler.

Döredijilik we ylmy işgärleriň forumlary bilen bir hatarda, GDA-da alymlaryň hem duşuşyklary, mugallymlaryň hem-de bilim işgärleriniň gurultaýlary däbe öwrüldi. Şolaryň barşynda goşulyşmaga gönükdirilen dürli hünär toparlarynyň deňhukukly gepleşikleri geçirilýär. GDA-nyň ulgamlaýyn uniwersiteti ýene bir möhüm bilim taslamasy bolup durýar.

Şonuň çäklerinde GDA döwletleriniň 9-syndan uniwersitetleriň 35-siniň gatnaşmagynda 2010-njy ýyldan 2018-nji ýyla çenli aralykda GDA ýurtlarynyň uniwersitetlerinde 954 magistrant bilim almak mümkinçiligine eýe boldy, olaryň 460-sy Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň grantlary boýunça okadyldy. Bu görnüşdäki hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegi Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ulgamlaýyn uniwersitetini esaslandyrmak we işletmek hakynda ylalaşygyň ýakyn wagtda kabul edilmegine ýardam eder.

Arkalaşykda ýaş nesliň medeni gatnaşyklara çekilmeginiň ähmiýeti we möhümdigi ähli derejelerde ykrar edildi. GDA döwletleriniň ýaşlarynyň yzygiderli gatnaşyklary üçin häzir çäreleriň birnäçesi guralýar, şol sanda GDA ýurtlarynyň ýaşlar guramalarynyň forumy, ýaşlaryň parlamentara forumy we beýlekiler döredildi. Şeýle hem «GDA üçin 100 pikir» atly halkara ýaşlar taslamasy yzygiderli amala aşyrylýar.

Şu ýylyň güýzünde Azerbaýjan 2018 — 2019-njy ýyllaryň jemleri boýunça taslamanyň ýeňijilerini kabul eder.

Şeýle hem ýaşlaryň işleri boýunça bu geňeşiň gatnaşmagynda iň gowy işleriň tanyşdyryş sergisi guralar. GDA-da her ýyl geçirilýän, gatnaşyjylaryň we janköýerleriň köp sanlysyny özüne çekýän gatnaşyjy döwletleriň ýaşlar delfiýa oýunlaryny, mekdep sportunyň halkara festiwalyny, halkara Yssyk köl sport oýunlaryny hem görkezmek bolar.

Sportuň milli görnüşlerini ösdürmäge goldaw bermek Arkalaşygyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň bir görnüşine öwrüldi. 2015-nji ýyldan bäri maksatnamalaýyn resminama amala aşyrylyp, şoňa laýyklykda GDA gatnaşyjy döwletleriň sportunyň milli görnüşleriniň festiwaly esaslandyryldy. Häzir gün tertibinde GDA ýurtlarynyň birinji oýunlary bolup, olar 2020-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriler.

Sergeý Lebedew çykyşyny jemlemek bilen, forumda açyk we ynanyşmak ýagdaýynyň höküm sürmegi netijesinde Aşgabatda geçirilýän nobatdaky duşuşygyň Arkalaşykda ynsanperwer hem-de medeni gatnaşyklaryň berkidilmegine we ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem ol bu gatnaşyklaryň düzüminde bilelikdäki möhüm we gyzykly taslamalaryň bardygyny, şolaryň adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň saklanmagyna hem-de özara düşünişmegini berkitmäge, birek-birege hormat goýmaga we dostluga, geljekki nesillere halklarymyzyň taryhy taýdan kemala gelen gatnaşyklary, etnomedeni köpdürlüligi hem-de özboluşly däpleri geçirmäge ýardam edýändigini belledi.