img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

MIHAIL ŞWYDKOÝ: YNSANPERWER GIŇIŞLIK HEMMELERI BILELIKDE DÖRETMEK ISLEGINDE JEMLEÝÄR

photo

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.

Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý öz nobatynda Aşgabatda şu münberden çykyş etmegiň özi üçin köp sebäpler boýunça, şol sanda onuň Türkmenistanyň çäginde goşun gullugy hakynda ýatlamalary bilen bagly sebäpler boýunça hem örän ýakymlydygyny aýtdy. Ol başga döwürdi, şondan bäri köp zat üýtgedi, emma türkmen halkynyň päk ýürekliligi, hoşniýetliligi, mähirliligi üýtgewsizligine galdy.

RF-iň Prezidentiniň ýörite wekili hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň forumyna mähirli garaýşy, Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerine ýetiren örän uly guramaçylyk işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

M.Şwydkoý forumyň çäklerinde «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýen mowzuga bagyşlanan pikir alyşmalaryň geçiriljekdigini aýdyp, bu ýoluň çäk taýdan birleşdiren halklarynyň häzir hem taryhy nukdaýnazardan baglydygyny, emma esasy zadyň biziň umumy geljegimiz bilen baglydygymyzy belledi.

Myhmanyň belleýşi ýaly, biz bu ýerde diňe GDA ýurtlarynyň wekillerini däl-de, eýsem, Ukrainadan, Gruziýadan, Baltika ýurtlaryndan hem dostlarymyzy görýändigimize örän şatdyrys. Hut ynsanperwer giňişlik hemmeleri bilelikde döretmek isleginde jemleýär.

Mihail Şwydkoý sözüniň ahyrynda bereketli türkmen topragynyň myhmansöýerligi, bu ýerde ýygnanyp, biziň ýurtlarymyzyň öňünde durýan örän wajyp, örän möhüm meseleler barada gürrüň etmäge döredilen ajaýyp mümkinçilik üçin ýurdumyzyň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini aýtdy.