POLAT BÜLBÜL OGLY: TÜRKMEN WE AZERBAÝJAN HALKLARYNY UMUMY KÖKLER BIRLEŞDIRÝÄR
Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň başlygy Polat Bülbül ogly öz çykyşynda ýaşlar syýasaty we bilim baradaky gürrüňi dowam etdi. Bu meseleler boýunça GDA-nyň ýokary edaralary tarapyndan resminamalaryň 35-si kabul edildi. Şolaryň hatarynda Ýokary bilim hakynda diplomlary ykrar etmek, pedagogik işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýurtlarymyzyň bazarlarynyň isleglerini nazara almak bilen, hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we täzeden taýýarlamak üçin GDA döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sine binýatlyk edaralaryň derejesini bermek hakynda ylalaşyklar bar.
Gaznanyň taslamalarynda inklýuziw bilime aýratyn üns berilýär. Biz häzirki jemgyýetde ösüş aýratynlyklary hem-de beden taýdan ösüşinde ýetmezçilikleri bolan çagalaryň we ýaşlaryň uýgunlaşmagyna gönükdirilen taslamalary goldaýarys diýip, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň müdiriýetiniň başlygy belledi.
Ýaşlary iş bilen üpjün etmek hem-de ýaşlar telekeçiligini ösdürmek, ýaşlaryň hukuk sowatlylygyny artdyrmak meseleleri özara gatnaşyklaryň möhüm mowzugyna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, meýletinçilik hereketi bilen bagly mowzuklar hem unudylmady. Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň ylym ulgamyndaky taslamalary GDA ýurtlarynyň ylmy tehnologik ylmynyň täsin desgalaryny bilelikde ulanmaga gönükdirilendir.
Aýratyn-da, Polat Bülbül ogly medeni hyzmatdaşlygyň ugruny belläp, bu babatda has möhüm taslamalary hem-de çäreleri, halkara we milli çäreleri: aýdym-saz, teatr kinofestiwallary, bilelikdäki sergileri, bäsleşikleri, suratkeşler üçin tälim beriş okuwlary, seminarlary, maslahatlary mysal getirdi.
Umuman, gaznanyň ýolbaşçysynyň belleýşi ýaly, 2007 — 2018-nji ýyllarda Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gazna köptaraplaýyn taslamalaryň 735-siniň amala aşyrylmagyna ýardam edip, şolara GDA-nyň ähli ýurtlaryndan, Baltikadan we Gruziýadan 500 müňden gowrak adam gatnaşdy. 2019-njy ýyl üçin taslamalaryň 84-si meýilleşdirildi. Şol taslamalaryň her biriniň aňyrsynda adamlar, asylly işler, täze mümkinçilikler we tutanýerlilik durup, olar adamlaryň ýüzlerçe müňüsini birleşdirýär hem-de dünýäni has-da abadanlaşdyrýar.
Polat Bülbül ogly Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň tutuş toparyna, ozalky we geljekki taslamalara gatnaşyjylara, şu günki forumyň guramaçylaryna hem-de ýurtlarymyz üçin asuda ynsanperwer giňişligi döretmek üçin ähli tagallalary edýän, bilim-başarnyklaryny gaýgyrmaýan adamlara hoşallyk sözlerini aýtdy.
Ol sözüniň ahyrynda Azerbaýjanyň wekili hökmünde türkmen we azerbaýjan halklaryny umumy kökleriň birleşdirýändigini belledi. Biz bir maşgala degişli bolup, dürli şiwelerde gürlesek-de, bir dilde gepleşýäris. Medeni-dil ýakynlygyndan başga-da, milli özboluşlylyk bolup, ol bir-birimize sözsüz düşünmäge mümkinçilik berýär. Şonuň üçin biziň ýurtlarymyzda birek-biregiň aýdym-saz we şygryýet mirasyna bolan gyzyklanma örän uludyr diýip, 2017-nji ýylda Türkmenistanyň halk artisti diýen belent ada mynasyp bolan myhman belledi.
Polat Bülbül ogly mümkinçilikden peýdalanyp, forumyň münberinden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem ähli türkmen halkyna bildiren ynamy üçin çäksiz hoşallygyny beýan etdi. «Men siziň ynamyňyzy ödemäge çalşaryn hem-de ömrümiň ahyryna çenli bu belent ady buýsanç bilen götererin» diýip, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznanyň ýolbaşçysy belledi hem-de ýygnananlary Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň binýadynda döredilen GDA-nyň Ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertine çagyrdy.
Maksatnamasyna Arkalaşygyň ýurtlarynyň kompozitorlarynyň eserleri girjek konsert 16-njy maýda Mukamlar köşgünde bolar, şonda Polat Bülbül ogly iň gowy aýdymlaryny ýerine ýetirer.