«TEKMIL» KOMPANIÝASY EXPO 2020 SERGISINIŇ TÜRKMEN BÖLÜMINII DÖRETMÄGE GIRIŞDI

Belli bolşy ýaly, TSTB-niň agzasy «Tekmil» hususy kärhanasy 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň aprel aýy aralygynda Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) “Paýhaslary jemläp, geljegi döredýäris” şygary bilen geçiriljek EXPO 2020 sergisiniň türkmen bölümini gurar.

Ony düzüjileriň pikirine görä, serginiň milli bölüminde türkmen halkynyň häzirki gazananlary we özboluşly däp-dessurlary, onuň taryhy-medeni mirasy, ruhy-milli binýady, depginli ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, köpugurly halkara hyzmatdaşlygyna gönükdirilen we Durnukly ösüş maksatlarynya ýetmek ugry beýan ediler.

Milli bölümiň girelgesinde bu ýere gelenleri ýurduň ösüşe okgunlylygyny, milli mirasa sarpa goýmagy, maksatlaryň bütewiligini, türkmen halkynyň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan heýkel-çüwdürim gurluşynda ahal-teke atlarynyň bäşisi şekillendiriler – diýip «Tekmil» kärhanasynyň menejeri gürrüň berýär.

Bölümiň daşky bezeginde ahal-teke bedewiniň barelýefi, diwarlarynyň birinde haly şekili ýaly milli nyşanlar bolar, özboluşly çyralar we türkmeniň ak öýüniň elementleri olaryň çeperligini has-da güýçlendirer. Ini elli metr bolan diwarlaryň biri LED-ekranlardan düzüler, olarda ýurduň tebigy we taryhy gözel ýerleri, ajaýyp deňiz manzarlary, Hazar merjeni Awaza, şäherlerimiz we kaşaň binalar, senagat läheňleri... görkeziler.

Türkmen bölümi EXPO 2020 sergi toplumynyň bezegine öwrüler. Munuň üçin grafiki gurluşlaryň ussatlary nanotehnologiýalary we ekskluziw serişdelri ulanamagy göz öňünde tutýarlar. Bu bolsa bu ýere gelýänleri dogduk Diýaryň gözel tebigaty, Watanymyzyň gazananlary, zähmetsöýer türkmen halky, uly möçberli ykdysady özgertmeler we ýurduň durmuş taýdan ösüşi, Garaşsyz Türkmenistanyň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmäge goşýan goşandy bilen tanyşdyrar. Binanyň ikinji gatynda Türkmenistanyň eksporta ugradylýan harytlarynyň sergisini guramak, şeýle hem telekeçilik-forumlaryny we duşuşyklaryny, medeni çäreleri geçirmegi guramak üçin mümkinçilik döretmek göz öňünde tutulýar.

Indi birnäçe ýyl bäri «Tekmil» stasionar we ykjam sergi gurnamalaryny düzmek üçin döwrebap tehnologiýalary hem-de serişdeleri ulanyp, dürli sport we medeni çäreleri taýýarlaýar hem-de olaryň bezeg işlerini ýerine ýetirýär.

Kompaniýa işläp gelýän döwründen bäri dizaýnerçilik taslamalarynyň onlarçasyny durmuşa geçirdi. HK-nyň hünärmenleri Milanda geçirilen EXPO 2015 sergisinde, şeýle hem ABU TV Song Festival 2018 telewizion aýdym-saz festiwalyny taýýarlamakda tejribe toplady. Kompaniýa “Aşgabat-2017” Oýunlarynyň we agyr atletika boýunça 2018-nji ýylyň dünýä çempionatynyň, ýurduň Baş arçasynyň dizaýnerlik bezegine gatnaşdy.

Indi bolsa kompaniýa uly möçberli taslama ynanyldy. Döwlet Baştutanynyň Kararyna laýyklykda ýurduň Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrligi Türkmenistanyň mili sergi bölümini enjamlaşdyrmak, bezemek, dolandyrmak we sergi tamamlandan soň ony sökmek işleri boýunça «Tekmil» hususy kärhanasy bilen şertnama baglaşdy.

«Tekmil» HK-nyň menejeriniň aýtmagyna görä, binagärler, gurluşykçylar, programmaçy-inženerler, dizaýnerler, tehniki hünärmenler işe girişdiler. Sergi diwarçalaryny, onda-da onuň esasy wirtual bölegini taýýarlamak tejribe we hünäre ussatlygy talap edýän köp ugurly iş. «Tekmil» HK-nyň işgärleri işe täzeçil çemeleşýändiklerini we saýlap alan telekeçilik strategiýasynyň netijeliligini öňem birnäçe gezek subut edipdiler. Kompaniýa innowasion tehnologiýalary, has takyk wideo-kontentleri ulanmagy göz öňünde tutýar, bu bolsa ýurduň taryhy-medeni we tebigy gözellikleri, Türmenistanyň häzirki gazananlary we ösüş mümkinçilgi, uly möçberli maýa goýum taslamalary bilen türkmen, arap, iňlis, fransuz, nemes we rus dillerinde bilen tanyşdyrýan 3D wideoşekillerini döretmäge mümkinçilik berer.