RESMI HABAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şeýle hem sarp edijileriň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň «Türkmenenergo» döwlet elektroenergetika korporasiýasyna konsorsiumyň düzümine girýän Türkiýe Respublikasynyň «Çalyk Enerji Sanaýi ve Ticaret A.Ş.» we Şweýsariýa Konfederasiýasynyň «Calik Enerji Swiss A.G.» kompaniýalary bilen:

— Büzmeýin döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde Energetika enjamlaryny abatlaýyş we hyzmat ediş merkezini daşarky eltiji inžener ulgamlary bilen bilelikde gurmak barada şertnamany;

— gaz turbina desgalary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.