RESMI HABAR

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan isleglerini kanagatlandyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem Mary welaýatynda täze, döwrebap şäherçeleri gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Mary welaýatynyň häkimligine:

Mary welaýatynyň Wekilbazar, Sakarçäge we Türkmengala etraplarynda guruljak täze döwrebap şäherçelerde degişli binalaryň we desgalaryň gurluşyk işlerini utgaşdyrmak, bu işleriň alnyp barlyşyna gözegçilik etmek hem-de şäherçeleriň gurluşygyny tapgyrlaýyn amala aşyrmak;

täze guruljak döwrebap şäherçeleriň Baş meýilnamalaryny işläp düzmek, gurluşyk işlerine 2019-njy ýylyň iýun aýynda başlamak we bu işleri 2022-nji ýylyň iýun aýynda doly tamamlamak tabşyryldy.