TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi, onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere, şeýle hem resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi.

Ir bilen milli Liderimiz welosipedde «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, ýurdumyzyň Hökümet binasyna geldi. Soňky ýyllarda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ähli sebitleriniň hem-de Aşgabadyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol bir wagtyň özünde ilat sagdyn durmuş ýörelgesine giňden çekilip, köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň guralmagy asylly däbe öwrüldi.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzda sportuň ekologiýa taýdan arassa hasaplanýan welosiped sportunyň ösdürilmegine, Türkmenistanda welosipediň dürli görnüşleri bilen üpjünçilik meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Hökümetiň binasynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow gün tertibini yglan edip, hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlarymyzyň öňýanynda günäsini geçýäris diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz baş prokuror, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Atdaýewe söz berdi.

Baş prokuror B.Atdaýew Toparyň geçiren işleri barada hasabat berip, iş kesilen 764 sany raýatymyzyň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli tussaglykdan boşadylmagynyň teklip edilýändigini aýtdy hem-de degişli Permanyň taslamasyny döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen Permana gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz baş prokuror B.Atdaýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olar ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly, ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Biz günä geçmek çäresini geçirmek bilen, eden etmişlerine ökünip, toba gelen adamlara öz günälerini halal zähmeti bilen ýuwup, ýurdumyzyň ösüşine işjeň gatnaşmaklary üçin mümkinçilik döredýäris diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimlerine, şeýle hem beýleki ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlary iş bilen üpjün etmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Günäsi geçilen adamlara bolsa yhlasly zähmet çekip, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar barada aýtdy. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 2019-njy ýylyň 28-nji maýynda geçirilen 85-nji mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Bu Kararnamanyň döredijileri bolup 21 döwlet çykyş etdi.

Degişli Kararnamada geçen ýylyň 24-nji awgustynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň baştutanlarynyň sammitiniň netijeleri doly goldanylýar. Şeýle hem bu resminama BMG-niň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ulgamlaýyn esasda alyp barmak üçin hukuk binýadyny döredýär.

Hususan-da, Kararnamada Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin BMG-niň ýörite maksatnamasynyň döredilmeginiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, BMG-niň düzüm birlikleriniň, Milletler Bileleşigine agza ýurtlaryň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň gatnaşmagynda 2019-njy ýylda halkara maslahatlaşmalary geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da Kararnamada BMG-niň Baş sekretary tarapyndan bu resminamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berilmegi we Baş Assambleýanyň degişli resminamalary kabul etmegi meýilleşdirildi.

Şunuň bilen baglylykda wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan daşary syýasatyna we halkara başlangyçlara dünýä jemgyýetçiliginiň giň goldaw berýändigini äşgär edýän bu Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.

Milli Liderimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýurdumyzyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigi hakyndaky maglumaty kanagatlanma bilen kabul edip, tutuş türkmen halkyny bu wajyp taryhy waka bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu Kararnama BMG-ä agza ýurtlaryň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanyldy. Bu çözgüdi goldap, ýurdumyz bilen bir hatarda dünýäniň 21 ýurdunyň awtordaş bolandygyny bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz pursatdan peýdalanyp, agzalan resminamanyň kabul edilmegine mynasyp goşant goşan ýurtlaryň ählisine türkmen halkynyň adyndan minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak babatda Garaşsyz Türkmenistanyň tutuş adamzadyň bähbidine içeri we daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm bölegidir.

Ýurdumyzyň 2017 — 2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk edýändigini bellemek gerek. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Araly halas etmegiň halkara gaznasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän döwründe bu çözgüdi kabul etmeginiň hem uly manysy bardyr. Hormatly Prezidentimiz bu Kararnamanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda Milletler Bileleşiginiň eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, gaznanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigini aýtdy.

BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde goýlan möhüm wezipeleri çözmek ugrunda ägirt uly işleri alyp barýar hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen täze başlangyçlar bilen çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Kararnamanyň kabul edilmegi Bitarap Türkmenistanyň halkara derejede öňe süren teklipleriniň we başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygyny aýdyň görkezýär.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylary we ähli türkmenistanlylary BMG-niň Baş Assambleýasynyň wajyp Kararnamany kabul etmegi bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, ýurdumyzyň mundan beýläk-de parahatçylygyň, dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň, bütin adamzadyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmeginiň bähbidine ähli zerur tagallalary etjekdigini belledi.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara meýilleşdirilen saparlary, şeýle hem birnäçe daşary döwletleriň ýolbaşçylarynyň ýurdumyza boljak saparlary barada hasabat berdi. Häzir bu ugurda degişli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow öňde boljak ýokary derejedäki duşuşyklaryň we gepleşikleriň, şeýle hem iri halkara derejedäki çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmeginiň zerurdygyny belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine birnäçe degişli tabşyryklary berdi.

Mejlisiň barşynda milli Liderimiz syýahatçylyk ulgamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmek maksady bilen, syýahatçylyk maksady bilen, Türkmenistana gelýän Ýaponiýanyň raýatlary üçin konsullyk ýygymynyň möçberini bellemek hakynda Karara gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hil taýdan täze derejä çykan döwletara gatnaşyklaryň däbe öwrülen dostlukly we netijeli häsiýetini belledi. Ýylsaýyn berkeýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk dürli ugurlarda, şol sanda syýahatçylyk ulgamynda uly mümkinçiliklere eýe bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Hökümetiň giňişleýin mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän maliýe-ykdysady we bank ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy baradaky mesele boýunça hasabat berdi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, täze taryhy döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň ähli pudaklaryň sazlaşykly ösdürilmegini, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ilerledilmegini, diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegini we sanly ulgama geçirilmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek meselesine degip geçmek bilen, adamlaryň, ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadançylygy we saglygy barada hemmetaraplaýyn aladanyň, şol sanda olaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleriň döredilmeginiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudygyny belledi. Milli Liderimiz degişli meseleleriň toplumlaýyn çözülmegine, şol sanda önümçilikde howpsuzlygy üpjün etmek bilen bagly meselelere uly üns bermegiň möhümdigini aýtdy hem-de wise-premýere degişli ugurda işleri yzygiderli dowam etmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri, şol sanda galla oragyna görülýän taýýarlyk we gowaça ideg edilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen hasyly gysga wagtda ýygnap almak boýunça ýörite iş meýilnamasy taýýarlanyldy. Galla orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işini üpjün etmek, ýygnalan dänäni meýdanlardan kabul ediş bölümlerine, elewatorlara, ammarlara daşamak maksady bilen ähli zerur çäreler görüldi. Etraplarda oragyň gidişine gözegçilik etmek, gallaçylara netijeli goldawy bermek üçin welaýatlaryň häkimliklerinde degişli edaralaryň we kärhanalaryň wekillerinden ybarat bolan ýörite toparlar döredildi.

Şunuň bilen birlikde, gowaça ekilen meýdanlarda agrotehniki kadalara laýyklykda birinji we ikinji hatarara bejergi, gowaçany ýekelemek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Degişli işleri netijeli geçirmek üçin etraplaryň we daýhan birleşikleriniň hyzmat ediş kärhanalarynyň maddy-tehniki serişdeleri herekete girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň dolandyryş ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kärendeçileriň we ýer eýeleriniň zähmetini höweslendirýän netijeli maliýe-ykdysady gurallary ornaşdyrmak babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakyn wagtda başlanjak orak möwsümi barada aýdyp, möwsümiň guramaçylyk meselelerine ýene bir ýola ünsi çekdi. Kärendeçileriň yhlasly zähmeti bilen ýetişdirilen hasyly diňe bir ýygnap almak däl, eýsem, ýitgisiz daşamak we saklamak işlerine hem möhüm ähmiýet berilmelidir. Şeýle hem gowaça edilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesi üpjün edilmelidir diýip, milli Liderimiz bu babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow ýangyç-energetika toplumynyň dürli pudaklarynda işleriň ýagdaýy, «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek üçin görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem wise-premýer «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly XXIV halkara maslahaty we sergini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. «Türkmennebit» döwlet konserniniň hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde gurajak forumyny 22 — 24-nji oktýabrda Aşgabatda geçirmek bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, dünýäniň energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginde ýurdumyzyň abraýyny artdyrmak, pudakda gazanylan üstünlikler bilen tanyşdyrmak, onuň ägirt uly kuwwatyny görkezmek üçin sergi-kongres işiniň ähmiýetiniň uludygy bellenildi.

Şunuň ýaly çäreleriň energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek, tejribe alyşmak, maýa goýumlary we täze tehnologiýalary çekmek, daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri bilen göni aragatnaşyklary ýola goýmak nukdaýnazaryndan hem ähmiýeti uludyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2019» atly maslahaty guramak we onuň maksatnamasy babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berip, forumyň täze taslamalara badalga bermek, nebitgaz senagatynda dünýä meýilleri bilen tanyşmak üçin netijeli çärä öwrülip gelýändigini aýtdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew ulag we senagat toplumlarynda, şol sanda ýurdumyzyň demir ýol pudagyny döwrebaplaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan işler barada döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Senagat pudagynyň öňünde gaýtadan işleýän innowasion toplumlary döretmek, ýerli çig mallar esasynda gurluşyk pudagy üçin zerur bolan serişdeleri öndürmegiň möçberlerini köpeltmek, bilelikdäki kärhanalaryň işini ýola goýmak, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça strategik wezipeler goýuldy.

Wise-premýer ulag we aragatnaşyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmek barada aýdyp, durnukly multimodal ulag geçelgelerini döretmäge ýardam bermek maksady bilen, logistik merkezler arkaly geljekde ulag demir ýol toruny kemala getirmek üçin halkara kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça ulgamlaýyn işleriň dowam edýändigini nygtady. Olar sebit we halkara derejede ykdysady ösüş gazanmaga hyzmat eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň gerimini giňeltmegiň zerurdygyny aýdyp, bu ulgama daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegini üpjün etmegi, ýük daşalyşyny artdyrmak babatda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz demir ýollaryň ýagdaýyna ünsi çekdi.

Soňky ýyllarda döwlet tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde täze demir ýollar çekildi, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyryldy, kuwwatly teplowozlar, ýük we ýolagçy wagonlary satyn alyndy, ýaş hünärmenleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Pudagy ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda, gysga möhletde iri halkara taslamalar durmuşa geçirildi. Demir ýol menzilleri, depolar, beketler hem-de möhüm inženerçilik-tehniki desgalar guruldy. Munuň özi ýurdumyzda ulag hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam berýär, goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge giň mümkinçilikleri açýar.

Täze demir ýollar gurlanda hem-de ozalky bar demir ýollar abatlananda, öňdebaryjy tehnologiýalar ulanylyp, gurluşyk işleriniň iň ýokary hilini gazanmak zerurdyr, bu bolsa ýurdumyzyň tutuş demir ýol ulgamynyň uzak möhletleýin ulanylmagyny üpjün etmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz senagat kuwwatyny ösdürmek barada aýdyp, ösen köp pudakly senagatyň, ylmy önümçiligiň ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeleriň üstünlikli çözülmegini kesgitleýän baş şertlerdigini nygtady. Çig maly gazyp almak we dürli görnüşli gurluşyk serişdelerini öndürmek boýunça Watanymyzy dünýäniň öňdebaryjylarynyň hataryna çykarmak maksady bilen, iň oňat dünýä tejribesini maksadalaýyk öwrenmek we ornaşdyrmak wajypdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow ýurdumyzda gurluşygy alnyp barylýan hem-de şu ýyl ulanmaga beriljek iri önümçilik we durmuş maksatly binalar hem-de desgalar barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, häzirki wagtda binalaryň we desgalaryň 11 müň 339-synyň gurluşyk işleri alnyp barylýar.

2019-njy ýylda Aşgabat şäherinde Parahat ýaşaýyş jaý toplumynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, Lebap welaýatynda dört sany täze şäherçäniň hem-de Kerki şäherinde howa menziliniň, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda täze obanyň, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hassahanalaryň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna başlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýeriň ünsüni eziz Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň amala aşyrylmagyny, ýurdumyzyň şäherlerinde we obalarynda ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalary gurmagyň meýilnamasynyň ýerine ýetirilmegini hem-de degişli ugurda maýa goýum işjeňligini höweslendirmek boýunça çäreleriň görülmegini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigine çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ähli ugurlarda, şol sanda ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmak, ýaşaýyş jaý toplumlaryny gurmak, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga büremek işleriniň depginini çaltlandyrmagyň wajypdygyny aýtdy. Ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak binagärlik keşbiniň döredilmegine aýratyn üns berildi. Däbe öwrülen milli gurluşygyň hem-de dünýä şähergurluşygynyň esasy meýillerini sazlaşykly utgaşdyrýan özboluşly binalar paýtagtymyzyň bezegine öwrülmelidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, şäherde gurulýan ähli binalarda we desgalarda ýokary talaplara kybap gelýän, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan ýokary hilli, döwrebap gurluşyk serişdeleri ulanylmalydyr.

Paýtagtymyz öz belent derejesine laýyklykda, hemme ugurlarda nusgalyk şäher bolup, Watanymyzyň ähli sebitlerinde oňyn özgertmeleriň amala aşyrylmagynda görelde görkezmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýurdumyzyň baş şäherinde gurulýan desgalaryň gurluşygynyň birkemsiz hilini we öz wagtynda ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Mundan başga-da Aşgabat şäherinde abadançylyk işleriniň dünýä ülňülerine laýyk derejede guralmagy barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, söwda toplumynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi.

Wise-premýer hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlarda türkmen halylaryny ýerlemek, olaryň özboluşly aýratynlyklaryny, hil derejesini, ekologiýa babatdaky artykmaçlyklaryny dünýäde giňden wagyz etmek boýunça, şeýle hem daşary ýurtlarda türkmen halylarynyň söwdasyny guraýan ýöriteleşdirilen dükanlary açmak babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan işler barada-da hasabat berdi.

Birleşen Arap Emirliklerinde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan kärhana döredildi. BAE-niň Dubaý şäheriniň syýahatçylaryň iň gelim-gidimli etraby hasaplanylýan çäginde ýerleşýän söwda merkeziniň içinden meýdany 84 inedördül metre barabar bolan dükan jaýy kärendä alyndy. Häzirki döwürde ony milli äheňde bezemek, türkmen halylary, haly önümleri, dokma hem-de sowgatlyk önümler bilen üpjün etmek işleri alnyp barylýar.

Bu kärhananyň üsti bilen bölek satuwdan başga-da Türkmenistanyň köp görnüşli eksport harytlarynyň lomaý söwdasyny ýola goýmak göz öňünde tutulýar.

Internet-söwdany ýola goýmak maksady bilen, bütindünýä ulgamda iňlis dilindäki sahypa açyldy. Şol bir wagtyň özünde türkmen halylaryny internetiň söwda meýdançalarynda ýerlemek mümkinçilikleri işlenip taýýarlanylýar. Dubaý şäherindäki täze söwda dükanynyň açylyş dabarasyny şu ýylyň iýun aýynyň birinji ongünlüginde guramak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işewür gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ägirt uly ykdysady mümkinçilikleri bolan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydygyny belledi.

Häzir ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmek, ýurdumyzy senagatlaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän harytlaryň döwrebap önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalar üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň işewür düzümleriniň halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmegi üçin zerur şertleri döretmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Türkmen telekeçileriniň uly geljegi bolan işewürlik maksatnamalarynyň doly güýjünde amala aşyrylmagy üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Dubaý şäherinde türkmen halylarynyň söwdasyny guraýan dükany açmak bilen baglanyşykly meselelere degip geçmek bilen, köp asyrlaryň dowamynda el halylarynyň aýawly saklanan milli ýörelgeleriniň we çeperçilik ugurlarynyň biziň günlerimize gelip ýetendigini belledi. Ussat halyçylarymyzyň dokan halylary amaly-haşam sungatynyň ajaýyp eserleri hökmünde tutuş dünýäde ykrar edildi we olar uly islege eýedir.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň eksport ugruny höweslendirmek, milli kärhanalaryň daşarky söwda işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we bu ugurdaky dünýä tejribesini özleşdirmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilmelidigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän düzümlerindäki işler, hususan-da, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly alnyp barylýan işler, birnäçe döredijilik çärelerine, şol sanda ýurdumyzyň medeniýetini has-da ösdürmäge, dünýäde onuň gazananlaryny wagyz etmäge hem-de tejribe alyşmaga gönükdirilen halkara ähmiýetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleriň halkymyzyň milli medeniýetini hem-de baý medeni mirasyny köpdürli öwüşgininde beýan etmelidigini nygtady.

Ýurdumyzyň döredijilik işgärleri öz ussatlyklaryny görkezmelidirler hem-de halkymyzyň milli medeniýetini has-da ösdürmäge, dünýäde ruhy mirasymyzy giňden wagyz etmäge, dostluk, doganlyk şeýle-de köptaraply hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän bu çäreleri geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmelidirler diýip, milli Liderimiz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň bilim ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, halkymyzyň aň-bilim mümkinçiligini has doly ulanmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda Türkmenistanda bu möhüm ulgamda toplumlaýyn özgertmeler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň döwrebap ýokary hilli bilim almagy, gözýetimini giňeltmegi, saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy üçin hemme şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hünär ugurly düzümleriniň toplumlaýyn döwrebaplaşdyrylmagyna, iň täze bilim usulyýetleriniň we öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna uly ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bilim ulgamyny kämilleşdirmek işine döwletimiziň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýtdy hem-de bu ugurdaky işleriň ulgamlaýyn, yzygiderli häsiýete eýe bolmalydygyny, iň oňat milli tejribäniň hem-de bu ulgamdaky umumy dünýä gazanylanlaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagyna gönükdirilmelidigini belledi.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara alyp, senagatlaşdyrmaga tarap alnan ugur bilen dürli hünärlere eýe bolan hem-de öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözüp bilýän ýokary hünär derejeli işgärlere bolan isleg artýar. Bu bolsa, öz nobatynda, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arasyndaky ysnyşykly aragatnaşyklaryň zerurdygyny şertlendirýär.

Milli Liderimiz ýokary bilimli we ruhy taýdan baý ýaş nesli terbiýelemek baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigini ýene bir gezek belläp, wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi. Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.

Deputatlar döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrmaga, ýurdumyzyň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýän kanunçylyk resminamalaryny taýýarlamak boýunça işleri dowam edýärler.

Parlamentara gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de kanunçykaryjylyk ulgamynda öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek maksady bilen, Mejlisiň deputatlary ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän duşuşyklara hem-de maslahatlara gatnaşýarlar. Ýola goýlan ysnyşykly halkara gatnaşyklar berkeýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp hem-de kanunçylyk taýdan goldaw bermegiň döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerini çözmekde netijeli gural bolup durýandygyny nygtap, Mejlisiň türkmenistanlylaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga, raýat edaralaryny pugtalandyrmaga hem-de jemgyýetde demokratik ýörelgeleriň berkarar bolmagyna gönükdirilen işleriniň zerurdygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz halkara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça gatnaşyklary hemmetaraplaýyn giňeltmegiň hem-de çuňlaşdyrmagyň wajypdygyny nygtady.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew ýolbaşçylyk edýän düzüminde işleriň ýagdaýy hem-de hormatly Prezidentimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy degişli düzümiň işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitläp, işine ussat serkerdeleri taýýarlamak işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek barada tabşyryklary berdi.

Soňra içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyzda jemgyýetçilik düzgün-tertibini saklamak hem-de düzgün bozmalaryň öňüni almak maksady bilen görülýän çäreler barada habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow raýatlarymyzyň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň goragynda durýan IIM-niň ähli bölümleriniň işine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Şeýle hem milli Liderimiz yssy howanyň başlanmagy bilen ýangyna garşy görülýän çäreleriň güýçlendirilmegine uly üns bermegiň zerurdygyny belledi.

Soňra goranmak ministri B.Gündogdyýew giň gerimli harby özgertmeleriň barşy, döwletimiziň goranyş ukyplylygyny berkitmek, Watan goragçylarymyzyň birkemsiz gulluk etmegi, amatly durmuşy üçin degişli şertleri döretmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinanyň möhüm wezipelerine ünsi çekip, Milli goşunymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak maksadynda toplumlaýyn çäreleri görmegiň möhümdigini belläp, bu babatda ministre anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew ýurdumyzyň kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, şol sanda raýatlarymyzdan gelýän ýüztutmalara garamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kazyýet ulgamynyň işgärleriniň üstüne uly jogapkärçiligiň ýüklenendigini belläp, her bir işe seredilende raýatlarymyzyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň takyk we pugta berjaý edilmelidigini, ilatyň ýüztutmalarynyň degişli edaralar bilen bilelikde çözülmelidigini aýtdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly bolan ýurdumyzyň serhedindäki ýagdaý barada hasabat berdi.

Milli Liderimiz halkymyzyň howpsuzlygyny hem-de asudalygyny, bagtly we döredijilikli durmuşyny üpjün etmekde edermen Watan goragçylarymyzyň goşandynyň uludygyny aýdyp, döwletimiziň mukaddes çäkleriniň hem-de dostluk we doganlyk serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmek, şahsy düzümi watansöýüjilik, edermenlik, milli mirasymyza we ata-babalarymyzdan gözbaş alýan däp-dessurlarymyza wepalylyk ruhunda terbiýelemek barada anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýurdumyzyň gümrük bölümlerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gümrük gullugynyň işini has-da kämilleşdirmegiň, şu maksat bilen döwrebap tehnologiýalary we enjamlary giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.

Adalat ministri B.Muhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiň täze belent sepgitlerine üstünlikli ilerlemegi üçin milli kanunçylyk binýadyny hemmetaraplaýyn ösdürmek, kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz ministrligiň geçirýän işleriniň möhümdigini belläp, hereket edýän kanunçylygy has-da kämilleşdirmek, döwrüň talabyna kybap gelýän, ýakyn ýyllar üçin döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini üstünlikli çözmäge ýardam etjek täze kadalaşdyryjy-hukuk namalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow ýolbaşçylyk edýän düzüminiň alyp barýan işleri hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň ençeme ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklaryny ösdürmekde we berkitmekde möhüm orun eýeleýän gullugyň alyp barýan işleriniň ähmiýetine ünsi çekip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.