MILLI YKDYSADYÝETIMIZ ÖSÜŞ DEPGININI DURNUKLY SAKLANÝAR
Şu ýylyň geçen bäş aýynyň netijeleri milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgininiň durnukly saklanýandygyny görkezýär. Kabul edilen ähli ýaşaýyş-durmuş maksatnamalary üstünlikli amala aşyrylýar. Ozalkysy ýaly, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejede, ýagny 6,2 göterim möçberde saklanyp galýar.
Garalýan döwürde ýurdumyzda öndürilen önümleriň degişli döwürde eksport edilen möçberi 14 göterim artdy. Şol bir wagtda importyň möçberi bolsa 20 göterim azaldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ýokary ösüş depgini gazanyldy.
Şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynyň jemleri boýunça Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 7,53 milliard manada we çykdajy bölegi 7,49 milliard manada deň boldy. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,5 göterim ýokarlandy.