DAŞOGUZYŇ KÖPUGURLY WELAÝAT HASSAHANASYNDA “TOŞIBA” KOMPANIÝASYNYŇ ENJAMLARY OTURDYLDY

photo

Milli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň demirgazyk sebitinde saglygy goraýyş edaralaryny maddy taýdan täzeden enjamlaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar, bu bolsa ilata ýokary dünýä ölçegleriniň derejesinde bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýär. Meselem, Daşoguzyň köpugurly welaýat hassahanasynda Ýaponiýanyň ady belli “Toşiba” kompaniýasynyň täze kompýuter tomografy işe girizildi. Täze KT-skaner keseli has takyk anyklamaga mümkinçilik berýär.

Şeýle hem “Toşiba” kompaniýasynyň magnit-rezonans tomografy we rengenoskopiýa enjamlarynyň ikisi welaýat hassahanasynyň lukmançylyk enjamlarynyň üstüni ýetirdi.

Sebitiň lukmançylyk edaralaryny maddy taýdan döwrebaplaşdyrylmak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellemek gerek. Mysal üçin, geçen ýyl oftalmologiýa, proktologiýa we otolaringologiýa bölümlerine dürli keselleri has takyk anyklamaga we bejermäge mümkinçilik berýän täze döwrebap enjamalr, şol sanda lazer enjamlary gelip gowuşdy.