RESMI HABARLAR

photo

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.A.Osmanowy harby atda peseltmek hakynda

Gulluk borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Atadurdy Ataberdiýewiç Osmanowyň general-maýor harby adyny polkownik harby adyna çenli peseltmeli. 

Türkmenistanyň Prezidenti, 
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň 
Belent Serkerdebaşysy 
Gurbanguly Berdimuhamedow. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 13-nji iýuny.

*  *  *

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, gulluk borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Osmanow Atadurdy Ataberdiýewiçe berk käýinç yglan edildi.