img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY TÜRKMENISTANYŇ TELEKOMMUNIKASIÝALAR WE INFORMATIKA INSTITUTYNY DÖRETMEK HAKYNDA

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän maglumat-tehnologik ösüşlerden gowy baş çykarýan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, karar edýärin:

1. Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň işini bes edip, onuň binýadynda Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny döretmeli. 

2. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyna bermeli. 

3. Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny işini bes eden Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli. 

Türkmenistanyň Prezidenti 
Gurbanguly Berdimuhamedow. 


Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 12-nji iýuny.