RESMI HABAR

photo

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek hem-de olaryň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, şeýle hem önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, beýleki edara-kärhanalara «KAMAZ» kysymly awtoulaglaryň, ýörite tehnikalaryň uly toplumyny we ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak barada «KAMAZ FTC CORP.LLP» kompaniýasy (Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygy) bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.