RESMI HABAR

photo

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde medeniýeti, aýdym-saz, teatr, kino hem-de şekillendiriş sungatyny, telewideniýäni, radiony, metbugaty, neşirýat ulgamyny, kitaphanalary, muzeýleri we medeni-dynç alyş edaralaryny ösdürmek, döredijilik işgärlerini ylham dünýäsine ruhlandyrmak, şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli ýurdumyzda asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliklerini türkmen halkynyň milli toýlaryna mahsus görnüşde şatlyk-şowhunly, ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylyň 22 — 27-nji iýuny aralygynda Daşoguz welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek bellenildi we bu hepdeligi geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. 

Medeniýet ministrligine, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetine, Türkmen döwlet neşirýat gullugyna we Daşoguz welaýatynyň häkimligine Medeniýet hepdeliginde sungatyň, çeper döredijiligiň görnüşleri boýunça medeni çäreleriň geçirilmegini we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilmegini üpjün etmek tabşyryldy.