«HOJALYK HARYTLARY» HJ AŞHANA ENJAMLARYNY KÖPÇÜLIKLEÝIN ÇYKARMAGA TAÝÝARLANÝAR

photo

«Hojalyk harytlary» Hojalyk jemgyýeti aşhana plitalarynyň nusgalaryny görkezdi, kärhanda bu enjamlar çykarylar. Olar Ýewropa kompaniýlarynyň tehnologiýalary boýunça öndüriler. Nusgalaryň arasynda elektrik usulynda otlanylýan gaz we gyzgyn howa bilen tagam taýýarlanylýan şkafly elektrik plitlar, şeýle hem olaryň utgaşyk görnüşleri we gyzgyn howa bilen tagam taýýarlanylýan gril şkaflar bar.

Telekeçiler ýylda daşary ýurtlardan getirilýänler bilen bäsleşip biljek gaz, elektrik we utgaşyk plitalaryň alty müňe golaýyny çykarmagy göz öňünde tutýarlar.

Kärhanada türkiýeli hyzmatdaşlaryndan alnan enjam böleklerini düzmek işi ýaňy ýola goýuldy, şonda-da dürli detallary kärhanada öndürmek üçin enjam-da satyn alyndy. Şeýlelikde, enjamlaryň bölekleriniň deň ýarysy kärhananyň özünde ýasalar.

Hojalyk jemgyýetinde gaz we elektrik plitalardan başga-da, ýakyn wagtda aşhana howa sorujylaryny hem-de tozan sorujylary hem özleşdirmegi göz öňünde tutýarlar.