MEDENIÝET HEPDELIGI — 2019: IKINJI GÜNI

photo

Giň gerimli döredijilik forumynyň ikinji gününiň maksatnamasy hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetiniň köpöwüşginliligini açyp görkezýän dürli çärelere baý boldy.

Şu gün irden Gerkez obasynda, Magtymguly adyndaky 3-nji orta mekdebiň öňündäki meýdançada «Nesilleriň rowaçlyga buýsanjy» atly çagalar döredijilik toparynyň çykyşy boldy. Ýaş ýerine ýetirijiler aýdym-saz we tans kompozisiýalarynda özleriniň zehini hem-de ýerine ýetirijilik başarnygy bilen tapawutlandylar, saz gurallaryny erjellik bilen çalyp, tomaşaçylary haýran galdyrdylar.

Ösüp gelýän nesliň sazlaşykly ösmegi hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tapawudy ýok, şäherlerde ýa-da alysdaky ilatly ýerlerde ýaşaýandygyna garamazdan, ýaş zehinleriň häzirki döwürde döredijilik ukyplaryny hem-de zehinlerini açmak üçin ähli mümkinçilikler bar.

Bilim, saglygy goraýyş ulgamlaryny, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek üçin ägirt uly maýa serişdeleri goýberilýär, hemme ýerde çeperçilik merkezleri hereket edýär. Şolarda çagalar sungat dünýäsine aralaşýarlar. Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Magtymguly etrabynyň merkezinde we dürli obalarynda döwrebap enjamlar hem-de multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglary we mekdepler guruldy.

«Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalarymyzyň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmelerimiziň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanjymyzdyr» diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Indi köp ýyllaryň dowamynda döwlet derejesinde umumymilli hem-de halkara möçberli çagalar bäsleşikleri we festiwallar — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Gorkut owazlary», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly bäsleşikler, şeýle hem zehinli çagalaryň arasynda «Awaza — dostluk mekany» atly halkara festiwal we beýleki çäreler geçirilýär.

Döredijilik forumynyň çäklerinde Magtymguly şäheriniň mekdepleriniň birindäki maslahatlar zalynda «Arkadagyň kitaplary — rowaçlygyň belent waspy» diýen at bilen «tegelek stoluň» başynda duşuşyk geçirildi. Kitap-neşir önümleriniň sergisi şu çärä gabatlanyldy. Onda görkezilýän önümleriň içinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işlerine aýratyn orun berildi. Olar depginli durmuş-ykdysady we ylmy-medeni ösüş döwrüne gadam goýan hem-de köpasyrlyk halk däp-dessurlaryna ygrarlylygy saklaýan ýurt bolan häzirki zaman Türkmenistany dünýä açýar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda medeniýet we bilim ulgamynyň işgärleri, kitaphana işiniň hünärmenleri, şahyrlar we ýazyjylar, žurnalistler bar. Onuň çäklerinde ruhy mirasy gorap saklamak, ony dünýäde giňden wagyz etmek, medeni aň-düşünje işlerini häzirki zaman derejesinde ýola goýmak barada gyzyklanma bildirilip, pikir alyşmalar geçirildi.

Bellenilişi ýaly, halkyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda möhüm orun eýeleýän kitap, gadymy döwürlerde bolşy ýaly, häzirki zaman jemgyýetinde hem medeni we aň-düşünje taýdan ösmegiň esasy guraly hasaplanylýar. Ýurdumyzda her ýyl neşir edilýän kitaplaryň we döwürleýin neşirleriň barha artýan möçberleri we köpdürlüligi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ylym-bilim hem-de ruhy taýdan ileri tutulýan ugurlaryny şöhlelendirýär. Ýokary hilli neşirleriň çapdan çykmagy okamagyň medeniýetini artdyryp, ilatyň aýratyn-da, ýaşlaryň milli we dünýäniň ruhy genji-hazynasyna goşulyşmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyzyň medeniýeti ösdürmek baradaky meselelere berýän ünsüniň netijesinde, paýtagtymyzda hem-de welaýat merkezlerinde iň döwrebap enjamlar we elektron ulgamlar bilen üpjün edilen kitaphanalaryň täze ajaýyp binalary guruldy. Merkezi kitaphanalarda öňdebaryjy tehnologiýalara we dünýäniň iň oňat tejribelerine esaslanan ýeke-täk elektron ulgam döredildi. Häzirki zaman sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bilen, ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň arasynda olaryň işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berýän usulyýet okuwlary, okuw maslahatlary, bäsleşikler geçirilýär. Bularyň ählisi kitaphana işiniň maddy-enjamlaýyn binýadyny kämilleşdirmek, bu ulgamda dünýä tejribesini ornaşdyrmak babatda ähmiýetli ädimlerdir.

Foruma gatnaşyjylar milli medeniýetimizi gülledip ösdürmek, onuň gözbaşlaryny ylmy taýdan öwrenmek hem-de halkara ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek ugrunda hemme şertleriň döredilýändigi, kitaphana işine döwlet derejesinde şeýle uly üns berilýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Soňra Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Magtymguly ylmy-önümçilik, tejribe merkeziniň botanika bagynda ýurdumyzyň folklor toparlarynyň gatnaşmagynda «Miras — rowaçlygyň waspy» diýen owadan çykyşlar boldy.

Döredijilik forumynyň ikinji güni Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet ussatlarynyň konserti bilen tamamlandy. Konsert Gerkez obasynyň golaýynda ýerleşýän tebigatyň ajaýyp künjegi bolan Düýedaş diýen dag jülgesinde geçirildi. Tomaşaçylar halk we döwrebap aýdym-sazlary, joşgunly tanslary ýerine ýetiren artistlere şowhunly el çarpdylar.