13-NJI SENTÝABRDA AŞGABATDA GDA-NYŇ YKDYSADY GEŇEŞINIŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILER

photo

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meselelerine hem-de birnäçe resminamanyň taslamalaryna garaldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer Türkmenistanyň GDA başlyklyk etmeginiň çäklerinde 21-nji iýunda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň Belarus Respublikasynyň Minsk şäherinde geçirilen nobatdaky mejlisine gatnaşmagyň netijeleri barada hasabat berdi.

Çäkli we giňişleýin düzümde geçen mejlisiň barşynda GDA gatnaşyjy döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy maksatlaýyn makroykdysady görkezijileri barada hasabatlar diňlenildi, birnäçe guramaçylyk we hyzmatdaşlyk etmegiň beýleki möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, degişli çözgütler kabul edildi. Bu geňeşiň nobatdaky mejlisi 13-nji sentýabrda Aşgabatda geçiriler.

Wise-premýer şeýle hem ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy baradaky meseleler boýunça hasabat berdi. Bu ugurda görülýän çäreleri kämilleşdirmek maksady bilen, Zähmet we Raýat kodekslerinden, Türkmenistanyň «Ätiýaçlandyryş hakynda» Kanunyndan hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalardan ugur alyp, degişli hünär ugurly düzgünnama taýýarlanyldy. Şunuň bilen baglylykda, degişli kararyň taslamasy döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlenildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň GDA başlyklyk etmegi baradaky meselä ünsi çekip, umumy bähbitlere kybap gelýän hem-de uzak möhletli geljege niýetlenen özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň Arkalaşygyň çäklerindäki gatnaşyklaryň möhüm ugurlarynyň biridigini belledi.

Şu meselelerde Türkmenistan başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesini eýeläp, bu ugurdaky gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek ugrunda çykyş edýär, GDA döwletleriniň diňe bir Arkalaşygyň çäklerindäki iri düzümleýin taslamalara däl, eýsem, onuň daşyndaky taslamalara hem gatnaşmagy baradaky pikirleri öňe sürýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow däp bolan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge, oňa täze itergi we mazmun bermäge gönükdirilen teklipleri işläp taýýarlamakda, bilelikdäki tagallalary netijeli utgaşdyrmakda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň eýeleýän ähmiýetli orny barada aýdyp, Geňeşiň Aşgabatda geçiriljek nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmegiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.