MEJLISDE ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI HANYM FEDERIKA MOGERINI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şu gün Mejlisde ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili hanym Federika Mogerini bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň çäklerinde myhman Türkmenistanyň ýokary kanunçykaryjy edarasynyň esasy wezipeleri, düzümi we işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda kanun çykarmagyň dünýä tejribesini, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen mäkäm kanunçylyk-hukuk binýady döredildi, olar milli kanunçylyga işjeň ornaşdyrylýar. Birleşen Milletler Guramasynyň möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen bir hatarda amala aşyrylýan işler ýurdumyzyň halkara hukuk giňişligine netijeli goşulyşmagyna hemmetaraplaýyn ýardam edýär.
Türkmenistanyň dünýä giňişliginde, halkara düzümlerde alyp barýan netijeli daşary syýasy işleri hem parlamentara gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge ýardam edýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki döwrüň möhüm meselelerini — ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny durmuşa geçirmek biziň parlamentarilerimiziň möhüm wezipesi bolup durýar.
Söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de ony giňeltmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Biziň ýurdumyz ÝB-niň «Kanunyň hökmürowanlygynyň binýady» atly sebit taslamasyna gatnaşýar, onuň çäklerinde okuw maslahatlary, tälim beriş okuwlary we beýleki çäreler guralýar. Adam hukuklary boýunça her ýyl geçirilýän gepleşikler hem hyzmatdaşlygyň gurallarynyň biri bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşiginiň döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklaryny has-da giňeltmek üçin döwrebap binýady kemala getirmäge ýardam edýän kärdeş-parlamentarileriň duşuşyklaryny hem-de geňeşmelerini yzygiderli geçirmegiň möhümdigi bellenildi.