TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç KUZMINI Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmegine goşan şahsy goşandy üçin, şeýle hem Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösdürilmeginde bitiren aýratyn hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Iwan Iwanowiç Kuzmini Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2019-njy ýylyň 10-njy iýuly.