img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASY - KABUL
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMEN LIDERI LITWANYŇ PREZIDENTINE GUTLAG HATYNY IBERDI

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Gitanas Nauseda Litwa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlagyny ýollady.

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Litwa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Litwanyň dostlukly halkyna bolsa, parahatçylygy, mundan beýläk-de öňe gitmegi we gülläp ösmegi arzuw etdi.