TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi. Ol birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza geldi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Rifat Hisarjyklyoglu halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynda, hususan-da, ykdysady ulgamda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak meselelerinde Türkmenistanyň işjeň ornuna ýokary baha berip, milli Liderimiziň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmäge işjeň çemeleşmesiniň munuň aýdyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, işewür sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösmegi hem-de netijeli işewür gatnaşyklary ýola goýmak üçin birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi, şol sanda türkiýeli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz iki ýurduň halklarynyň dostluk gatnaşyklaryna hem-de taryhyň dowamynda emele gelen ruhy-medeni umumylygyna daýanýan döwletara hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen aýdyp, dürli pudaklarda amala aşyrylan hem-de häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesiniň türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýetine şaýatlyk edýändigini nygtady.

Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we myhman ägirt uly kuwwata eýe bolan hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň döwletimiz döwrebap senagat düzümini döretmäge, iş ýüzünde täzelikleri, oňyn tehnologiýalary we işläp taýýarlamalary netijeli ulanmaga aýratyn üns berýär. Şunda ykdysadyýetiň pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek hem-de ýerli çig mal esasynda bäsdeşlige ukyply dürli görnüşli önümleri öndürmek bilen baglylykda, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň öndürilýän möçberlerini hem-de eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu babatda ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny yzygiderli artdyrmak, iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary çuňlaşdyrmak we işjeňleşdirmek üçin mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunlukda, Türkmen-türk işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň, şeýle hem pudaklaýyn sergileri we bilelikdäki işewürler forumlaryny geçirmegiň wajypdygy bellenildi.

Işewür milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän ynamy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli düzümleýin taslamalara gatnaşmaga çalyşýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.