TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI «VINСI» KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumynyň çärelerine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen “VINСI” toparynyň Direktorlar geňeşiniň başlygynyň orunbasary Iw Tibo de Silgini kabul etdi.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallygyny beýan edip, türkmen Lideriniň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek forumyň ähmiýetini belledi. Iw Tibo de Silgi bu giň gerimli çäräniň Hazarda ykdysady, söwda, maýa goýum hyzmatdaşlygyna, onuň

Ýewraziýada häzirki döwrüň ählumumy meýillerine laýyk gelýän täze geoykdysady giňişligiň kemala getirilmeginde möhüm orun eýeleýän halkara ähmiýetli iri ulag-üstaşyr geçelgeleriň birine öwrülmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Işewüriň belleýşi ýaly, durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösýän hem-de bu ugurda haýran galdyryjy üstünlikleri gazanýan Türkmenistanyň ägirt uly köpugurly mümkinçilikleri ýurdy Ýewropanyň hem-de dünýäniň işewür toparlary üçin aýratyn özüne çekiji döwlete öwürýär. Şunuň bilen birlikde, Iw Tibo de Silgi özüniň ýurdumyza soňky gezek amala aşyran saparyndan soňky 10 ýylyň dowamynda geçirilen giň gerimli özgertmelere haýran galýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin myhmana minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň maýa goýum häsiýetli ösüşe, halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak hem-de düýpli döwrebaplaşdyrmak ýoluna eýermek bilen daşary-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek strategiýasyny durmuşa geçirýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, öňdebaryjy daşary ýurt tejribesiniň ornaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara gurluşyk ulgamynda öňdebaryjy bolup durýan «VINСI» kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk maksatnamasyna işjeň gatnaşandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Duşuşygyň dowamynda bilelikdäki işiň toplanan tejribesini hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Emele gelen hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de ony ösdürmek üçin ägirt uly kuwwatyň bardygyny bellemek bilen, «VINСI» kompaniýasynyň wekili şeýle netijeli hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň Baştutanynyň alyp barýan oňyn daşary syýasy ugrunyň netijesinde mümkin bolandygyny aýratyn nygtady, Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek bu syýasatyň möhüm ugry bolup durýar.

Myhman şeýle hem öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ynam we özara peýdaly ýörelgeler esasynda guralýan netijeli hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Işewür geljekde hem milli we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini tassyklap, birnäçe anyk tekliplerini beýan etdi hem-de döwlet Baştutanymyzyň garamagyna täze taslamany hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow fransuz kompaniýasynyň hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanmasyny goldap, Türkmenistanda amala aşyrylýan giň gerimli taslamalary we maksatnamalary hasaba almak bilen, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny, şol sanda Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek we abadanlaşdyrmak konsepsiýasyny durmuşa geçirmek üçin uly işleriň öňde durýandygyny aýdyp, “VINСI” kompaniýasyny bu meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çagyrdy.

Işewür bildirilýän ynam üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen tarapynyň bildirýän talaplaryna üýtgewsiz eýeriljekdigini ynandyryp, öňde boljak forumyň işine üstünlikler arzuw etdi.