TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI WE BELENT MERTEBELI MYHMANLAR INNOWASIÝALAR HEM-DE AWTOMOBIL SERGISINE BARYP GÖRDÜLER

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylar Hazar innowasion tehnologiýalar sergisine we «Türkmen sährasy — 2019» atly awtosergä baryp gördüler.

Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň çägi giň gerimli sergi üçin meýdança boldy. Bu ýeri, öz nobatynda innowasiýalar sergileriniň iň iri «desgasy» hasaplanyp bilner. Deňiz kenarynda onuň abadanlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy inžener çözgütler, gurnama we tehnologik işläp taýýarlamalar jemlenipdir. Dagyň etegindäki port reňkli aýnalar we altyn öwüşginli bezegler bilen lowurdaýan, nusgawy binagärlik bilen tapawutlanýan bezegli ajaýyp şäherçe bolup görünýär. Deňiz tarapdan bolsa port kranlarynyň kuwwatly gurnamalaryna beslenen ajaýyp senagat görnüşi açylýar.

Sergini gözden geçirilişiň başlanmagynyň öň ýanynda belent mertebeli myhmanlaryň ünsi halkyň tans däp-dessurlaryny we tansyň häzirki zaman görnüşlerini özünde jemleýän ajaýyp sahna gurluşynyň öwüşgininde baýramçylyk aýdymyny ýerine ýetirýän folklor toparlarynyň çykyşlaryna çekildi. Umuman aýdanyňda, şadyýan saz, türkmen artistleriniň owadan milli eşikleri forumyň we onuň çäreleriniň işjeň durmuşyna aýdyň öwüşginleri berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz we hökümetleriň ýolbaşçylary innowasion tehnologiýalar sergisine bardylar. Serginiň ilkinji iş gününiň görkezişi ýaly, bu ýeri pikir alyşmalar, teklipleri öňe sürmeler, işewür gatnaşyklary we hyzmatdaşlyk arabaglanyşyklaryny ýola goýmak üçin örän netijeli uly meýdança öwrüldi.

Daşary ýurtly myhmanlar Awazadaky wekilçilikli forumda giňden ara alyp maslahatlaşylan Hazarýaka ýurtlarynyň iň möhüm hyzmatdaşlyk ugurlarynyň sergide ählitaraplaýyn beýan edilýändigini belläp, serginiň gerimine, toplumlaýynlygyna, onuň guralyşyna ýokary baha berdiler.

Ägirt uly gözden geçirilişde daşary ýurt kompaniýalarynyň 57-si we ýurdumyzyň kompaniýalarynyň 62-si öz gazananlaryny görkezdiler. Serginiň many-mazmuny ylmyň we bilimiň üsti bilen ykdysadyýetiň we jemgyýetiň durnukly ösüşini gazanmakdan ybaratdyr.

Bu ýerde Türkmenistanyň milli bölümine iň uly meýdança bölünip berlipdir. Bu ýerde ähli pudaklaryň üstünlikleri we gazananlary aýdyň görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli babatda gülläp ösýän ýokary ösen döwleti döretmek ugrunda amala aşyrýan strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlary öz beýanyny tapypdyr. Ýagny güýçli ykdysadyýetli, ýokary abadançylykly sagdyn daşky gurşawly we tehnologik taýdan ösen jemgyýet gurmak taglymy bu ýerde öz beýanyny tapýar.

Munuň üçin milli Liderimiz tarapyndan ylym we bilim ulgamyny höweslendirmek boýunça yzygiderli çäreler durmuşa geçirilýär. Telekeçilik üçin ähli şertler döredilýär. Innowasion önümçiligi döretmek boýunça maýa goýum taslamalary goldanylýar. Muňa mysal edip, ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen Ahal welaýatyndaky gazdan benzin öndürýän zawody görkezmek bolar. Munuň özi dünýäde şeýle görnüşli ilkinji kärhanadyr.

Serginiň şu günki belent mertebeli myhmanlary öňdebaryjy önümçilik tehnologiýalarynyň esasynda işleýän bu we beýleki kärhanalary monitorlarda — suwuk kristally diwarlyklarda, ýurduň durmuşynyň dürli ugurlaryna bagyşlanan wideoşekillerde görüp bildiler.

Özüniň gerimi bilen haýran galdyrýan «Aşgabat-siti» binagärlik nusgasy serginiň gymmatlyklarynyň arasynda aýratyn gyzyklanma döretdi. Munuň özi ýakyn wagtlarda türkmen paýtagtynyň demirgazyk böleginde guruljak iri ýaşaýyş jaý toplumydyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pikirine görä, munuň özi “akylly şäher” konsepsiýasynyň özboluşly ýüze çykmasydyr.

Aşgabatda häzirki wagtda ornaşdyrylýan dolandyryşyň sanly ulgamy robotlaşdyrylan we internet ulgamy — bularyň hemmesi täze şäheriň ýaşaýyş durmuşyny guramagyň esasyna girizilendir.

Milli Liderimiz Aşgabat-sitiniň köçeleri, meýdançalary we seýilgähleri boýunça özboluşly tanyşdyryş gezelenjini geçip, onuň binalary we desgalary, olaryň niýetlendirilişi, bezegleriniň we guralyşlarynyň tapawutly aýratynlyklary barada gürrüň berip, ýanyndakylary bu taslama bilen tanyşdyrdy.

Belent mertebeli myhmanlar binanyň merkezinde milli äheňde belende galýan «Ak öýe» aýratyn üns berdiler. Bu babatda döwlet Baştutanymyz gyzykly gürrüň berdi. Çünki diňe däp-dessur bilen eriş-argaç geçende innowasiýa tehnokrat maksada öwrülmän, innowasion güýje eýe bolýar we adamlara hakyky peýda getirýär.

El halysy türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden geçip gelen ajaýyp däp-dessurydyr. Ol birnäçe zatlar printerde neşir edilýän häzirki wagtda hem özüniň wajypdygyny ýitirmän, gadymy hünärleriň hatarynda ýokary sungat derejesine çeper döredijilik eserine çykyp, täze many-mazmuna eýe bolýar.

Hazarýaka ýurtlarynyň wekiliýetleriniň Baştutanlary islendik öýde bezeg bolup biljek ajaýyp halylara söýgi bilen seredip, türkmen halyçylarynyň ussatlygyna, zehinine we zähmetsöýerligine haýran galdylar.

Hakykatdan-da, häzirki wagtda türkmen halylaryna diňe bir dünýäniň meşhur muzeýleriniň tekjelerinde däl, eýsem, ýokary derejeli köşklerde, köp ýurtlaryň hökümet jaýlarynda, myhmanhanalarda görmek bolýar. Ýöne bu ýerde gürrüň diňe bir el halylarynyň owadanlygy hakynda däl-de, eýsem, olaryň ulanmaga amatlylygy, uzak wagtlap saklanýandygy, köp wagtlap zaýalanmaýanlygy barada barýar. Şoňa görä-de, türkmen topragynda el halylary nesilden-nesle geçip gelýär.

Ýaňy-ýakynda däp bolan gölli halylary ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ýüplüginden dokap başladylar. Olar daşyndan seredeniňde, el halylar ýaly örän bezegli, owadan hem-de ep-esli ýeňil görünýär. «Abadanhalynyň» önümleri hem sergide şu günki işewürlik çözgüdine mynasyp innowasiýa hökmünde görkezilýär. Çünki tehnologiýanyň kömegi bilen mineral çig mal bolan nebit hakykat ýüzünde gözlere röwşenlik berýän ajaýyp reňkli hala öwrülýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi sergide köp sanly hususy kärhanalar tarapyndan öndürilýän harytlaryň köp görnüşlerini görkezýär. Şolaryň hatarynda dürli görnüşli azyk önümleri, şol sanda süýji-köke we balyk önümleri, mebeller, durmuş tehnikalary, elektronika hem-de beýleki önümler bar. Bularyň ählisi döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow telekeçilere uly goldaw berýär, hususy ulgamy içerki we daşarky bazarlarda harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän innowasion ykdysadyýeti kemala getirmäge çekýär.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary iş ýüzünde öňdebaryjy taýýarlamalary ulanmak bilen, giň möçberli şähergurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar. Şu babatda telekeçileriň türkmen paýtagtynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde alyp barýan gurluşyk işleri bellärliklidir.

Soňky ýyllarda ýurdumyzyň hususy işewürliginiň eksport kuwwaty ep-esli artdy. Telekeçilik Türkmenistanyň dünýäniň söwda-ykdysady giňişligine üstünlikli goşulyşmagynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasynda, Birleşen Arap Emirliklerinde, Awstriýa Respublikasynda söwda wekilhanalarynyň açylmagy uly ähmiýete eýedir. Şeýle hem Hytaýyň Sinin şäherinde, Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkekde, Gruziýanyň paýtagty Tbiliside, Owganystanyň Balh welaýatynyň Mazari-Şarif şäherinde Türkmenistanyň söwda merkezleri hereket edýär.

Kiçi we orta telekeçiligiň wekilleriniň sany ýylsaýyn artýar we olaryň hünär derejesi ýokarlanýar. Häzirki wagtda hususy kärhanalaryň 147 müňden gowrak adamy iş bilen üpjün edýändigi bellärliklidir.

Telekeçiler ykdysadyýetiň ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwletleriň derejesine çykarmaga ukyply täze pudaklaryndaky işlere hem çekilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow olara iň täze tehnologiýalary ulanmak arkaly gazylyp alynýan baýlyklary özleşdirmek boýunça taslamalary, ýurdumyzdaky ilkinji awtobanyň gurluşygyny, ýurdumyzda syýahatçylyk pudagyny ösdürmek işini ynandy.

Milli Liderimiz we myhmanlar türkmen pawilýonyndan başga-da, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Russiýa Federasiýasynyň sergilerine syn etdiler. Şolarda ýokary tehnologiýaly harytlar hem-de innowasion kärhanalaryň hyzmatlary, milli ylmy-tehniki düzümiň nusgalary, ylmy-barlag we oýlap tapyjylyk merkezleriniň işläp taýýarlamalary, senagat taslamalary hödürlenilýär.

Hormatly Prezidentimiz we wekiliýetleriň baştutanlary halkara awtomobil sergä hem baryp gördüler. Şol ýerde dünýäniň awtomobil senagatynyň köne nusgadaky ulaglaryny we täze awtomobilleri görmek bolýar.

Russiýanyň önüm öndürijileriniň sergisinde şu günler kaşaň «AURUS» awtomobili tomaşaçylaryň ünsüni çekýär. Şu gün irden, birinji Hazar ykdysady forumynyň mejlisiniň öňüsyrasynda milli Liderimiz bu awtoulagyň ak reňklisiniň hiline baha berdi.

«Aurus Senat» kabrioleti awtomobil, sözüň doly manysynda, serginiň «ýyldyzyna» öwrüldi. Ýöne, ondan başga-da, bu ýerde Russiýanyň awtomobil senagatynyň beýleki özüne çekiji awtoulaglary hem bar.

Mysal üçin, «KamAZ» özüniň sürüjisiz elektrobusyny hödürledi. Bu ulag oturylýan alty hem-de durulýan alty orna niýetlenendir. 5G modemleri bilen üpjün edilen ulag talap boýunça säginýär we ýolagçylary düşürýär, onuň datçiklerinden bolsa «KamAZ-nyň» serwerlerine onlaýn ýagdaýynda hereketiň görkezijileri hem-de abzallaryň işiniň ýagdaýy baradaky ähli maglumatlar gelip gowuşýar.

«KamAZ» elektrobusy 2016-njy ýylda emeli intellektiň esasynda kartlaryň we hyzmatlaryň ulgamyny işläp taýýarlan «Ýandeks» hem-de Merkezi awtomobil we awtomotor ylmy-barlag instituty bilen bilelikde çykardy.

«Mini» awtomobili sergide aýratyn orny eýeledi. Beýik Britaniýada «British Motor Corporation» kompaniýasy tarapyndan 1958-nji ýylda işlenip taýýarlanylan kiçi göwrümli awtomobilleriň bu meşhur kysymy dürli awtomobil kärhanalary we holdingleri tarapyndan öndürilýär, olary çykarýan iň soňky konsern «BMW-dir».

Türkmenistanlylar üçin bolsa awtomobiliň bu kysymy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen ägirt uly taslama öwrülen — «Amul — Hazar 2018» halkara awtorallisi bilen baglanyşykly rowaýata beslenendir.

Türkmenistanyň Baştutany hut «Mini» sport awtomobilinde Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ugry bilen geçen bu awtomarafony açdy. Bu awtomobil ýaryşlary öz gerimi we ähmiýeti boýunça Aziýada päsgelçilikli ýollardan geçýän iň iri bäsleşik boldy.

Ägirt uly sport bäsleşigi sportuň iň çekeleşikli we gyzykly görnüşleriniň biri bilen meşgullanýan ussat sürüjileri we höwesjeňleri birleşdirdi, olar 20-den gowrak ýurtdan — Fransiýadan, Ispaniýadan, Saud Arabystanyndan, Çehiýadan, Beýik Britaniýadan we beýleki ýurtdan bolan türgenlerdir.

Ýaryşlaryň «Amul — Hazar» diýen ady hem Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş sebiti üçin ýurdumyzyň birleşdiriji ornuny nygtaýar. Garagumuň çägeleri, belent depeleri, sähralyklary: — diňe tebigat gözellikleri hem-de ýeňşe bolan hyjuw ýaryşa gatnaşyjylary ruhlandyrdy. Bu ýaryşlar diňe bir aýdyň öwüşginli sport bäsleşigi bolman, halkara ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine, halklaryň arasynda dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant boldy.

Elbetde, islendik bäsleşiklerde bolşy ýaly, bu awtorallide hem bäsdeşlik, ýeňiş ugrunda göreş, ýokary ussatlyk ýagdaýy höküm sürdi. Ýöne, ozaly bilen, ol parahatçylyk taglymlarynyň töwereginde birleşdirýän we jebisleşdirýän sport baýramyna öwrüldi.

Bu ýaryşlaryň guralyşynda daşky gurşawy goramak, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmäge ýardam beren çäre hökmünde awtoralliniň ekologiýa derejesine üns berildi. Türkmenistan öz syýasatynda bu meselä uly ähmiýet berýär. Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda «Amul — Hazar 2018» rallisine gatnaşyjylaryň ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen üpjün edilendigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, bu taslama türkmen halkynyň aýawly saklap gelýän we nesilden-nesle geçirilip gelinýän ajaýyp mirasyny, taryhy ýadygärliklerini, milli däp-dessurlarymyzyň baýlygyny dünýä görkezmäge ajaýyp mümkinçilikleri açmak bilen ýene bir möhüm medeni wezipä hem eýe boldy.

Rallä gatnaşyjylar Türkmenistanda bolup geçýän düýpli we oňyn özgertmeleri gözleri bilen görüp, täze okgunly döwre aralaşdylar. Bu düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler, ylmy-tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagy we senagat taýdan ösdürilmegi bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolup geçýär.

Awtoserginiň şu günki myhmanlary diwarda görkezilen wideoşekil arkaly bu bäsleşiklere syn edip, okgunly öňe gidýändikleriniň şaýady boldular.

Şeýle hem awtomobil sergisine syn edilýän wagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hazarýaka döwletleriň wekiliýetleriniň baştutanlary özbek we eýran awtomobil gurluşygynyň ösüşini beýan edýän nusgalar bilen tanyşdylar.

Sergä gelip görmegiň ahyrynda milli Liderimiziň we myhmanlaryň ünsi tatar önüm öndürijileriniň we oýlap tapyjylarynyň döreden, sergide ýerleşdirilen kiçi uçara we dikuçara gönükdi.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyz sebitiň örän möhüm ulag halkasyna, geografiýa taýdan amatly ýerleşmegi hem-de daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlyk boýunça möhüm başlangyçlary öňe sürýän we olary amala aşyrmak üçin yzygiderli çäreleri geçirýän wagtynda, döwlet Baştutanymyzyň oňyn daşary syýasaty netijesinde iri halkara logistika merkezine öwrülýär.

Munuň üçin umumy ykrar edilen ölçeglere laýyk gelýän ulag düzümi döredilýär, ýokary tizlikli awtomobil ýollary çekilýär, halkara demir ýollary, menziller, howa menzilleri gurulýar, häzirki zaman gämileri satyn alynýar, diňe bir ýurduň içindäki sebitler däl-de, goňşy döwletlere hem birleşdirýän demir ýol we awtomobil köprüleri gurulýar.

Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi ýaly çäreleriň geçirilmegi yklymyň örän möhüm logistika ugurlaryny özüne birikdirýän çäk hökmünde Türkmenistanyň we tutuş Hazar sebitiniň üstaşyr mümkinçiliklerini ilerletmegiň ýene bir guralyna öwrülýär.