BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA SEBITIŇ ÝURTLARYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARY GATNAŞDYLAR

Şu gün bu ýerde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi, oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Forumyň gün tertibi kenarýaka ýurtlaryň hem-de gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek bilen bagly möhüm meseleleriň giň toparyny öz içine aldy. Forumyň Türkmenistanda geçirilmegi ata Watanymyzyň dünýä giňişligindäki belent abraýynyň hem-de döwlet Baştutanymyzyň sebitde we dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Halkara bileleşigiň bu şanly waka uly gyzyklanma bildirýändigine onuň daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde giňden beýan edilýändigi hem şaýatlyk edýär. Olaryň köp sanly wekilleri ýurdumyza geldiler.

Hazarda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk we «Açyk gapylar» ýörelgelerine esaslanan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gojaman Hazaryň köpugurly kuwwatynyň amala aşyrylmagyna mynasyp goşandyny goşup, onuň parahatçylygyň, dostlugyň we ylalaşygyň deňzi diýen derejesini berkitmäge hemmetaraplaýyn ýardam edýär.

Düýn HYF-nyň çäklerinde Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunda Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar sergisi we «Türkmen sährasy — 2019» atly halkara awtosergi açyldy. Şol gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda beýleki birnäçe çäreler, şol sanda Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet, ulag ministrleriniň hem-de işewürleriniň duşuşyklary geçirildi. Birža söwdalary guraldy. Bulardan başga-da gatnaşýan ýurtlaryň wekiliýetleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin brifing geçirildi. Forumyň maksatnamasynyň şunuň ýaly baý mazmuny HYF-nyň özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk üçin täze täsirli binýat bolup durýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Bu taryhy ähmiýetli waka Hazarýaka döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň ýyl ýazgysynda täze sahypany açmaga gönükdirilendir. Şonuň bilen birlikde forum bu sebitiň dünýäniň galan bölegi bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmegi, dünýä möçberinde Hazaryň mümkinçiliklerini doly açmagy ugur edinýär.

Forumyň geçirilýän senesiniň, däp bolşy ýaly, 12-nji awgustda bellenilýän Hazar deňziniň güni bilen gabat gelmegi bellärliklidir. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow, Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangiri, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew, şeýle hem Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministri Abdulla Aripow hem-de Bolgariýa Respublikasynyň Premýer-ministri Boýko Borisow bar. Forumyň dabaraly mejlisine hormatly myhman hökmünde RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow hem gatnaşdy.

Forum dünýäniň dürli döwletlerinden wekiliýetleri, abraýly halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň esasy düzümleriniň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň, şeýle hem iri maliýe-bank düzümleriniň ýolbaşçylaryny we wekillerini birleşdirdi. Ýygnananlaryň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we missiýalaryň ýolbaşçylary hem bar.

Forumyň işine türkmen tarapyndan Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, beýleki degişli düzümleriň ýolbaşçylary hem wekilleri gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow irden «Awaza» Kongresler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň hökümet agzalary garşyladylar. Milli Liderimiz egindeşleri bilen salamlaşyp, olary birinji Hazar ykdysady forumynyň açylmagy bilen gutlady.

Soňra Kongresler merkezine Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew geldi. Milli Liderimiz russiýaly ýokary wezipeli myhmany mähirli garşylap, ony myhmansöýer türkmen topragynda ýene-de bir gezek garşylamaga şatdygyny aýtdy.

Belent mertebeli myhman mähirli garşylandygy üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirip, döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen belledi we Russiýanyň geljekde hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge üýtgewsiz gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde geçirilýän «Türkmen sährasy — 2019» halkara awtosergisinde Russiýada öndürilen täze «AURUS» awtomobiliniň görkezilýändigini belläp, türkmen Liderine onuň esasy häsiýetnamalary barada gürrüň berdi. Döwlet Baştutanymyz bu awtomobiliň aýratynlyklary bilen tanşyp, ýurdumyz üçin bu kysymly awtoulagy satyn almak boýunça gepleşikler geçirmelidigini belledi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Kongresler merkeziniň binasyna girdiler. Bu ýerde, eýwanda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyna gelen belent mertebeli myhmanlary mähirli garşylady.

Forumyň resmi banneriniň öňünde däbe öwrülen bilelikde surata düşmek dabarasyndan soň, döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhmanlar Mejlisler zalyna barýarlar we özleri üçin ýörite bellenilen hormatly orunlara geçýärler.

Birinji Hazar ykdysady forumy dabaraly ýagdaýda açyk diýlip yglan edilýär.

Türkmenistanyň Prezidentine söz berilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary mähirli mübärekläp, birinji Hazar ykdysady forumynyň işine gatnaşmaga çakylyga seslenendikleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şu zala Hazarýaka we beýleki döwletleriň hökümetleriniň ýolbaşçylary, dünýäniň onlarça ýurdundan işiň dürli ulgamlaryna wekilçilik edýän adamlar — syýasatçylar, diplomatlar, işewürler, ekologlar, alymlar, žurnalistler ýygnandylar diýip, milli Liderimiz belledi.

Biziň ählimiz Hazar sebitini ösdürmek, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyň geljegini kesgitlemek meseleleri boýunça köpugurly hem-de yzygiderli gatnaşyklaryň ähmiýetine düşünýän pikirdeşler bolup durýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Häzirki zaman garaýyşlara we ölçeglere esaslanýan şeýle hyzmatdaşlygyň täze many-mazmuny onlarça ýyllara niýetlenen bilelikdäki döredijilikli işiň berk binýadyny goýmaga ýardam etmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow birinji Hazar ykdysady forumyny çagyrmak hakynda türkmen tarapynyň başlangyjyny goldandygy üçin, Hazarýaka ýurtlaryň ählisine çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu teklip ählumumy we sebit ösüşiniň häzirki zaman prosesleriniň, möhüm geosyýasy we geoykdysady giňişlik hökmünde Hazaryň onda eýeleýän ornunyň çuňňur seljermesiniň netijesi boldy. Häzirki döwürde bu ýerde diňe bir kenarýaka ýurtlaryň däl, eýsem, beýleki döwletleriň hem bähbitleri jemlenendir. Şol bähbitler bolsa Hazar sebitiniň uglewodorod serişdeleriniň iri tebigy çeşmesi, yklym möçberindäki ulag-üstaşyr merkezi, halkara söwdany giňeltmek üçin geljegi uly çäk bolup durýandygy bilen şertlendirilendir.

Şunuň bilen birlikde, Hazar deňzi tebigaty goramak ulgamynda ylmy barlaglaryň geçirilmegini talap edýän gaýtalanmajak ekologiýa ulgamly täsin tebigy toplumdyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi. Türkmenistan Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky pikiri öňe sürmek bilen, şu ýagdaýlaryň ählisini toplumlaýyn nazara almak, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürler düzümleriniň, ylmy merkezleriň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň giň, hemişelik hereket edýän binýadyny döretmek arkaly bilelikdäki işi üçin şertleri döretmek mümkinçiliklerinden ugur aldy.

Häzirki wagtda bu pikir amala aşyrylyp başlandy. Umumy gymmatlyklara esaslanýan hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen birleşen halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň geljegi uly giňişligi döreýär diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şu ilkinji, ýöne örän möhüm we ähmiýetli waka bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, öňümizdäki işiň barşynda Hazar gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar diýip belledi. Forumyň «ykdysady» diýen ady, elbetde, hut ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, innowasiýalar we tehnologiýalar meselelerine aýratyn üns berilmelidigini aňladýar. Forumyň barşynda oňa gatnaşyjylaryň netijeli pikir alyşjakdygyna hem-de ýagdaýlara baha berjekdigine ynam bildirmek bilen, milli Liderimiz şolara geçmezden öňürti, esasy zada ünsi çekdi. Şonsuz hiç bir taslama-da, iň gowy we oňyn başlangyç-da amala aşyrylyp bilinmez.

Munuň özi kenarýaka ýurtlaryň we olarda ýaşaýan halklaryň arasyndaky parahatçylyk, howpsuzlyk, dostluk we özara düşünişmegi bilen baglanyşykly meseledir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitimiziň parahatçylykly we durnukly ösüşini üpjün etmek, Hazarda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň täze syýasy-hukuk esaslaryny döretmek maksady bilen, 2002-nji ýylyň aprelinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen Aşgabatda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçirilendigini ýatlatdy. Hut şonda Hazar meseleleri boýunça ulgamlaýyn, köp derejeli hem-de yzygiderli gepleşikler üçin berk binýat goýuldy.

Şondan soňra kenarýaka döwletleriň, olaryň ýolbaşçylarynyň öňdengörüjiligi we syýasy erk-islegi, birek-biregiň bähbitlerine düşünmegi hem-de nazara almagy netijesinde oňyn netijeler gazanyldy. Hakykatdan hem, uly ýol geçildi, syýasy-diplomatik ulgamda möhüm ylalaşyklar gazanyldy, hyzmatdaşlygyň giň mazmunly hukuk binýady döredildi. Geçen ýyl Aktauda bäş döwletiň Prezidentleri tarapyndan Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi şu işiň netijesi boldy. Bu resminama hyzmatdaşlar üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Geçen ýyllaryň dowamynda, şeýle hem Hazarda işiň anyk ugurlary boýunça bäştaraplaýyn ylalaşyklaryň uly toplumyna gol çekildi.

Şoňa görä-de, şu gün biz umumy Hazar ösüşiniň wajyp wezipelerini çözmek meselesine ünsümizi jemlemelidiris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyga kuwwatly iterginiň berilmegini şol wezipeleriň hatarynda görkezdi. Hazar deňziniň düýbündäki we oňa ýanaşyk çäklerdäki uglewodorod çig malynyň uly gorlary netijeli ulanylanda, kenarýaka ýurtlaryň hem-de olaryň goňşy döwletleriniň milli ykdysadyýetleriniň okgunly ösmegi üçin kuwwatly itergi bermäge, täze önümçilikleri döretmek, senagat desgalaryny gurmak üçin şertleri üpjün etmäge ukyplydyr. Hazaryň energiýasy sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşiniň esasyna öwrülmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam edip, öz nobatynda, oňaýly durmuş netijeleriniň gazanylmagy: täze iş orunlarynyň döredilmegi, adamlaryň ýaşaýyş-durmuşynyň hiliniň we derejesiniň ýokarlandyrylmagy, durmuş düzüminiň — mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň gurulmagy hem şunuň bilen baglydyr diýip belledi. Köp babatda uglewodorod serişdeleriniň çykarylmagynyň artdyrylmagy bilen baglanyşykly senagat taýdan ösüş Ýer togalagynyň şu nokadynda ähli ykdysady landşafty düýpli özgertmäge, Hazarýaka sebiti deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaş hökmünde ählumumy ykdysady giňişlige ýakynlaşdyrmaga ukyplydyr.

Hazar kontinental ýollaryň çatrygynda ýerleşýär diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Birek-birekden uzakda ýerleşmedik Hazarýaka ýurtlaryň çägi gündogar tarapda Günorta Aziýa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitine, günbatar tarapda Gara we Ortaýer deňizlerine, günorta tarapda Eýranyň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara, Russiýanyň üsti bilen we soňra demirgazyk ugurda Baltika deňziniň kenar ýakasyna göni çykmak ýoluna eýedir. Şeýle ýagdaý geografik azimutlaryň dördüsi boýunça hem durnukly ugurlary döretmek mümkinçiliklerini açýar. Ýöne olaryň kadaly hereket etmegi üçin, Hazar döwletleri, ilkinji nobatda, öz aralarynda ulag gatnawlarynyň ygtybarly ulgamyny ýola goýmalydyrlar, döwrebap port düzümini gurmalydyrlar, netijeli logistikany üpjün etmelidirler.

Ulag ulgamynda amala aşyrylmaly işler we anyk möhletler takyk beýan edilen meýilnamalaryň üstünde has işjeň işlemek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz Hazar sebiti logistika merkezini döretmek pikirine ünsi çekdi. Şol merkez Aziýany we Ýewropany birleşdirýän täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we netijeli peýdalanmak ulgamynda bilelikdäki işleri utgaşdyrýan düzüme öwrülmelidir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Hazar ykdysady strategiýasy energetika, senagat, ulag, söwda ýaly ugurlarda iri möçberli hem-de uzak möhletli taslamalary durmuşa geçirmäge esaslanýar. Häzirki döwürde Hazar deňziniň ýalpaklygynda, şeýle hem Türkmenistanyň Hazarýaka zolagynda uglewodorod serişdeleriniň gorlary işjeň özleşdirilýär. Şonuň bilen birlikde, daşary ýurt kompaniýalary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda Hazaryň türkmen kenarynda uglewodorod çig malyny gaýtadan işleýän we ondan mineral dökünleri, polimerleri, suwuklandyrylan gazy, nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürýän zawodlar gurulýar.

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň milli maksatnamalarynyň esasynda ýurdumyzyň çäginde işleri alyp barmak bilen, senagat jemgyýetiniň berk esasy döredilýär. Türkmenistan häzirki zaman we köp şahaly ulag-kommunikasiýa ulgamyny döretmek ýolunda barýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe soňky ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolup durýan awtomobil we demir ýollaryň müňlerçe kilometri guruldy diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Geçen ýyl Türkmenbaşyda geçirijilik ukyby ýylda 25 — 27 million tonna ýüke barabar bolan täze Halkara deňiz porty ulanmaga berildi. Şunda gysga wagtyň içinde milli deňiz söwda floty döredildi. Onuň düzümine döwrebap tankerler, gury ýük daşaýan gämiler, paromlar girýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Hazarýaka döwletleriň giň gerimli halkara bazarlara hem-de esasy ulag ýollaryna çykmagy boýunça meýilnamalaryň anykdygyny nygtamak bilen, döwlet Baştutanymyz Hazarýaka ýurtlaryň munuň üçin ähli mümkinçilikleriniň, bäsdeşlik babatda anyk artykmaçlyklarynyň bardygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Hazar sebitiniň daşarky bazarlar bilen netijeli söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Biziň tutuş dünýä teklip edip biljek zatlarymyzyň bardygyna ynanýaryn diýip, milli Liderimiz belledi. Bu gatnaşyklar durnukly, syýasylaşdyrmakdan hem-de ynsapsyz bäsdeşlikden azat bolmalydyr, düşnükli hem-de aç-açan ýörelgelerde işlemelidir. Bu babatda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy, Bütindünýä söwda guramasy, beýleki ýöriteleşdirilen halkara düzümler bilen işjeň gatnaşyk edilmelidir, olaryň meýdançalarynda umumy, ylalaşykly nukdaýnazardan çykyş edilmelidir. Şeýle hem sebit halkara bileleşikleriň ençemesiniň: Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň oňyn iş tejribesini öwrenmek maksada laýyk bolup durýar.

Hazar gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň merkezinde ýerleşipdir, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolupdyr. Bu barada aýtmak bilen, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde bu ýoly gaýtadan dikeltmek bilen, Aziýanyň we Ýewropanyň halklarynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni siwilizasion gatnaşyklary giňeltmegiň möhüm şerti hökmünde onuň döreýşiniň we ösüşiniň taryhyna hormat-sarpa bilen garamalydygyny belledi. Beýleki tarapdan bolsa, muny täze, häzirki zaman başlangyçlar esasynda, bu işe gatnaşyjylaryň ählisiniň bähbitlerini nazara almak hem-de özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda etmek gerek.

Ylma, aň-paýhasa daýanmak bäsdeşlige ukyply we geljegi uly gatnaşyjy hökmünde Hazaryň ykdysady ösüşiniň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna ýakynlaşmagynyň üstünlige eýe bolmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup durýar.

Häzirki wagtda göze ilýän okgunly tehnologik öňegidişlik, sözüň doly manysynda, geoykdysadyýetiň adaty keşbini, dolandyryş çözgütleriniň hilini we derejesini, ählumumy ykdysady prosesleriň mazmunyny üýtgedýär. Şu ýagdaýlar esasynda işlemek, galyberse-de, bu ýerde, biziň sebitimizde olara täsir etmek wezipesine Hazar ýakasyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garalmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Bu ýerde tehnologiýa ulgamyny döretmäge uly üns bermek, munuň üçin zerur serişdeleri bölüp bermek, intellektual, guramaçylyk kuwwatyny gönükdirmek zerurdyr diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Biz hyzmatdaşlygymyzyň üstüni innowasion mazmunlar bilen yzygiderli baýlaşdyrmalydyrys, hut şolar sebitiň geljekki ösüşiniň, onuň ykdysadyýetiniň we durmuş ulgamynyň ugurlaryny kesgitlemelidir.

Ilkinji ädim hökmünde döwlet Baştutanymyz tehnologik we innowasion badalga üçin anyk binýatlaýyn meýdançany döretmegiň maksada laýyk boljakdygyny aýtdy. Şu maksatlar bilen, hormatly Prezidentimiz halkara innowasion-tehnologiýalar merkezini döretmegi teklip edip, ony «Hazaryň innowasion şäheri» diýip atlandyrmak bolar diýip belledi. Bu ýerde, pikirleriň özboluşly laboratoriýasynda Hazarýaka ýurtlardan we beýleki döwletlerden alymlar, hünärmenler, düýpli we amaly ylymlaryň wekilleri Hazar üçin täze tehnologik ýörelgäniň üstünde bilelikde işläp, innowasion hyzmatdaşlygyň nusgalaryny, Hazar meselesiniň köp ugurlary — energetika, senagat, logistika, düzümleýin, ekologiýa ugurlary boýunça öňdebaryjy çözgütleri taýýarlap bilerler.

Biziň Hazarda alyp barýan işlerimiz ylmy barlaglara esaslanyp, tehnologik işler bilen utgaşdyrylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şeýle hem milli Liderimiz «Hazaryň innowasion şäheriniň» ýanynda «sanly ykdysadyýet» bölümini döretmegiň zerurdygyny aýtdy. Munuň özi geljek üçin badalga hökmünde möhümdir. Ol Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň esasy ulgamlarynyň işiniň sanly ulgama geçirilmegini üpjün eder.

Hazaryň ekologiýa deňagramlylygyny, deňziň täsin biologik köpdürlüligini saklamak işinde hem ylma aýratyn orun degişlidir. Amaly nukdaýnazardan, munuň özi Hazar sebitinde ykdysady taslamalaryň ählisiniň ýokary halkara ekologiýa standartlarynyň esasynda amala aşyrylmalydygyny aňladýar. Şunuň bilen baglylykda, biz Hazar deňziniň baý tebigy serişdelerini aýawly saklamaga hem-de rejeli ulanmaga gönükdirilen tebigaty goraýyş çäreleriniň toplumy hökmünde täze Hazar ekologiýasy maksatnamasynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Şol bir wagtyň özünde bu Maksatnama Hazarda ekologiýa ýagdaýynyň monitoringi wezipesini amala aşyryp hem-de kenarýaka ýurtlaryň hökümetlerine degişli maslahatlary döredip bilerdi.

Türkmenistan gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlaryň ählisi bilen bu meselä jikme-jik garamaga taýýardyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Şunda Birleşen Milletler Guramasynyň, ilkinji nobatda bolsa, onuň ekologiýa ugurly ýöriteleşdirilen edaralarynyň hemmetaraplaýyn goldawyna umyt edýäris. Biz ekologiýanyň ykdysady we täjirçilik bähbitlerine bakna bolup bilmejekdigine berk ynanýarys. Munuň özi biziň ýurdumyzyň abraýly halkara guramalaryň belent münberinden yzygiderli goraýan hem-de özüniň milli ösüş meýilnamalaryny kemala getirmekde gyşarnyksyz eýerýän düýpli we jogapkärli garaýşydyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Hazar üçin «ýaşyl diplomatiýanyň» netijeli ýollarynyň ýola goýulmagy, bu işe döwletleriň, halkara agentlikleriň, ekologiýa merkezleriň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çekilmegi ugrunda pikirini beýan etdi. Bu täsin deňzi tutuş adamzat üçin saklap galmagyň bähbidine ählumumy ekologiýa hyzmatdaşlygynyň kadaly düzgünleşdirilen hem-de çeýe guralyny ýakyn geljekde döretmegiň umumy maksat bolup durýandygyny aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz şu başlangyjyň üstünde pikirlenmegi teklip etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Hazar deňziniň geljegi barada aýtmak bilen, Türkmenistan oňa tutuş dünýäniň geljegi babatda garaýar we özüniň işini Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ösüşiň maksatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işi bilen utgaşdyrýar diýip belledi. Biz geografik babatda hem, durmuş-ykdysady babatda hem Hazary BMG-niň 2030-njy ýyla çenli strategiýasynyň ugurlarynyň biri hökmünde hasaplaýarys. Ykdysadyýetiň durnuklylygy, energetika howpsuzlygy, ekologiýa deňagramlylygy umumy Hazar öýüniň esasy daýanjy bolup durýar.

Men BMG-niň jogapkärli we hormatly agzalary hökmünde biziň döwletlerimiziň özleriniň ösüşiniň meýilnamalaryny durmuşa geçirmäge Birleşen Milletler Guramasynyň işiniň esasy ugurlaryna laýyklykda çemeleşmelidigine, onuň ygtybarly hyzmatdaşlary bolmalydygyna ynanýaryn diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Şoňa görä-de, BMG-de Hazar sebitini toplumlaýyn ösdürmek boýunça giňişleýin we köptaraplaýyn gepleşikleri, şol sanda şu forumyň işiniň barşynda aýdyljak pikirlere we bahalara esaslanyp gepleşikleri geçirmegi teklip edýärin.

Birinji Hazar ykdysady forumy uly ýoluň başlangyjydyr. Biz şeýle usulyň Hazarda strategik gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň täsirli guralyna öwrülmegine bil baglaýarys, muňa tüýs ýürekden ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Hazar deňzi dünýädäki täsin ýerdir. Bu ýerde, onuň kenarlarynda asyrlaryň dowamynda halklaryň arasynda gatnaşyklaryň aýratyn, özboluşly görnüşi emele geldi, Gündogaryň we Günbataryň arasyndaky siwilizasion gatnaşyklaryň köprüleri guruldy. Elbetde, taryhda dürli, kähalatda çylşyrymly döwürler boldy, şolardan sapak almak, dogry netije çykarmak zerurdyr. Ýöne bu gün Hazar biziň öňümizde täze giňişlikleri açýar.

Biz Hazaryň parahatçylyk, dostluk we ylalaşyk deňzi bolmalydygyny öwran-öwran aýdýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Wagtyň geçmegi bilen bu sözleriň manysynyň üýtgemeýändigi şübhesizdir. Olar hemişe-de derwaýys bolmagynda galar. Biz Hazar deňzini hyzmatdaşlygyň, ösüşiň we rowaçlygyň, gapma-garşylyklardan hem-de agzalalykdan azat giňişlik, döwletleriň, halkara guramalaryň, işewürligiň, ylmy we tehnologiýa kuwwatynyň birleşýän ýeri hökmünde görmek isleýäris. Biz strategik geljegi hut şeýle kesgitläp, ony Hazar üçin «geljegiň nusgasy» diýip atlandyrýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Häzirki döwürde bu nusga anyk keşbe eýe bolýar. Onuň ýaşaýşa ukyply bolmagy adamlara peýda getirmegi, häzirki we geljekki nesilleriň abadançylygyna hyzmat etmegi, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň gazanylmagyna öz goşandyny goşmagy üçin ähli tagallalary etmelidiris diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda birinji Hazar ykdysady forumynyň açylmagy bilen hemmeleri ýene bir gezek gutlap, ýygnananlara berk jan saglyk, abadançylyk we geljekki işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy çuňňur üns bilen diňlenildi hem-de dowamly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy.

Soňra belent mertebeli myhmanlara, Hazarýaka ýurtlaryň wekiliýetleriniň baştutanlaryna söz berildi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedow öz çykyşynda türkmen Liderine myhmansöýerlik hem-de birinji Hazar ykdysady forumynyň ýokary derejede geçirilýändigi üçin hoşallygyny beýan etdi. Bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Türkmenistanyň Prezidentiniň birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjyny gutlaýar. Bu forum Hazar ýurtlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň täze guraly bolar.

Geçen ýyl Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekilenden soňra bu sebit aýratyn möhüm häsiýete eýe boldy. Azerbaýjan tarapy Hazar ykdysady forumynyň söwda, ulag, senagat, energetika, maýa goýumlar, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlyga goşmaça itergi berjekdigine ynanýar diýip, belent mertebeli myhman belledi.

12-nji awgust biziň sebitimiz üçin şanly senedir diýip, jenap Nowruz Mamedow sözüni dowam etdi. Hut şol gün, 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazarýaka döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň V Sammitinde ýokarda agzalan Konwensiýa gol çekildi, ol Hazaryň hem-de Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda hökümetara ylalaşygyň umumy hukuk derejesini kesgitledi. Düýn forumyň çäklerinde Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisi açyldy. Belent mertebeli myhman şunuň ýaly sergileriň geçirilmeginiň ýurtlarymyzyň işewürler toparlarynyň arasynda ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine hem-de sebitde maglumatlar ulgamynyň gowulandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirip, şeýle hem Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýet we ulag ministrleriniň geçirilen duşuşyklarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak babatynda ähmiýetini belledi. Sebiti ösdürmegiň umumy işinde şeýle hem kenarýaka ýurtlaryň telekeçileriniň arasyndaky gönüden-göni duşuşyklar uly orny eýeleýär.

Azerbaýjan, beýleki ýokary derejeli resmi çäreler bilen bir hatarda, şunuň ýaly işewürler toparlarynyň duşuşyklarynyň geçirilmegini doly goldaýar, özara ynama we hormata esaslanýan Hazarýaka döwletleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine üns berýär diýip, Premýer-ministr Nowruz Mamedow nygtady. Biziň halklarymyzyň ykbalynda hemişe möhüm orun eýelän Hazar özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmeginiň netijesinde häzirki wagtda okgunly ösýän sebite, özboluşly ykdysady merkeze öwrüldi, bu ýerde maýa goýumlar, halkara we sebit taslamalary özara utgaşýar diýip, myhman belledi. Ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklar ýokary derejä eýedir, yzygiderli esasda dürli duşuşyklar we çäreler guralýar. Mundan başga-da sebitimiz ýakyn we alysda ýerleşýän daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň barha köp sanlysyny özüne çekýär diýip aýtmak bilen, goňşy döwletiň hökümet Baştutany ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýandygyny belledi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri bu ýerde halkara we sebitleýin ulag geçelgeleriniň döredilmegini hem-de ösdürilmegini sebitiň ykdysadyýetiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan esasy şertleriň biri hökmünde görkezdi. Gadymy Beýik Ýüpek ýoly ähli döwürlerde hem Ýewropa bilen Aziýany birleşdirýän strategik söwda-ykdysady geçelge hökmünde bellidir. Hazarýaka ýurtlaryň amatly ýerleşmegi, amala aşyrylýan giň gerimli taslamalar, ýük gatnawlaryny üstaşyr geçirmegiň mümkinçilikleriniň netijeli peýdalanylmagy bu ulgamdan alynýan girdejileriň möçberlerini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin oňat mümkinçilikleri açýar diýip, belent mertebeli myhman Azerbaýjanyň «Gündogar — Günbatar», «Demirgazyk — Günorta» ýaly halkara taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde işjeň hyzmat edýändigini aýtdy. Şeýle geçelgeleriň herekete getirilmegi üstaşyr ýollaryň giňeldilmegine, haryt dolanyşygynyň artdyrylmagyna ýardam berýär. Munuň özi ahyrky netijede tutuş sebitiň abadançylygyna eltýär.

Hazar deňzi kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge ýardam berýän örän möhüm jebisleşdiriji şert bolup durýar diýip, jenap Nowruz Mamedow Hazar ykdysady forumynyň hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin täsirli meýdança boljakdygyna, sebitiň örän baý mümkinçiliklerini açjakdygyna hem-de umumy bähbitler üçin uly netijeleri berjekdigine ynam bildirdi. Sözüniň ahyrynda Premýer-ministr Türkmenistanyň Prezidentini, wekiliýetleriň baştutanlaryny we ýygnananlary ruhy jebisligiň, raýdaşlygyň, dost-doganlygyň nyşany bolan mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangire söz berildi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa sebitiň ýurtlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegi höweslendirmek üçin meýdança öwrülen şeýle ähmiýetli forumy geçirmek başlangyjyny öňe sürendigi üçin çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Hazaryň güni hasaplanylýan 12-nji awgust senesi Hazarýaka döwletler üçin şanly gündür. 2018-nji ýylyň bu gününde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekilmegi köptaraply gatnaşyklarda, kenarýaka ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm, taryhy waka boldy.

Konwensiýanyň kabul edilmegi peýdalanmak zerur bolan ähli ulgamlarda özara gatnaşyklar üçin oňat geljegi we mümkinçilikleri döretdi diýip, jenap Eshak Jahangiri aýtdy. Şunuň bilen baglanyşykda dürli maksatnamalaryň we taslamalaryň sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetinde we söwdasynda, önümçilik ulgamynda bar bolan mümkinçilikleri durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigi bellenildi.

Çykyşda şeýle hem Eýran Yslam Respublikasynyň goňşy ýurtlar bilen, şol sanda Merkezi Aziýa we Hazar ýakasynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek syýasatyny alyp barýandygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň wajypdygy barada aýtdy. Munuň özi degişli hukuk esaslarynyň berkidilmegini talap edýär. Şunlukda, ol Eýranyň bu sebitiň ýurtlaryna özüniň ulag-üstaşyr düzümleriniň mümkinçiliklerini hödürlemäge taýýardygyny tassyklady.

EYR-nyň Birinji Wise-prezidenti şeýle hem sebitleýin we sebitara ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin ulag ulgamy boýunça gol çekilen Ylalaşyklaryň iş ýüzünde amala aşyrylmagynyň wajypdygyny nygtady.

Demirgazyk — Günorta (Gazagystan — Türkmenistan — Eýran) demir ýol geçelgesi we halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri hakyndaky Aşgabat Ylalaşygy kenarýaka we beýleki ýurtlaryň gatnaşyklary, Hazar sebitinde özara hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri emele getirýär. Bu barada aýtmak bilen, jenap Eshak Jahangiri Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Eýranyň söwda-ykdysady, senagat, maýa goýum we beýleki ugurlarda, aýratyn-da, Hazar deňzi boýunça goňşular bilen netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, EYR-nyň Birinji Wise-prezidenti mähirli kabul edendigi we ähmiýeti boýunça sebitiň çäklerinden çykan bu foruma gatnaşmaga iberilen çakylyk üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra çykyş eden Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirilen myhmansöýerlik üçin çuňňur hoşallygyny beýan edip, Hazar sebitiniň örän uly, köp babatda heniz peýdalanylmadyk mümkinçilikleriniň geljegi uly ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde giň mümkinçilikleri döretjekdigini nygtady. Şu maksatlar bilen belent mertebeli myhman söwda-ykdysady we maýa goýum ulgamlarynda, ulag, energetika we ekologiýa ugurlarynda bilelikde birnäçe çäreleri geçirmek boýunça tekliplerini beýan etdi.

Birinji ugur barada aýtmak bilen, jenap Askar Mamin ykdysady ösüşiň maýa goýum mümkinçilikleri bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Bu sebitiň döwletleri işjeň orny eýelemek bilen, daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilýän merkezine öwrülip biler. Amatly ekologiýa ulgamyny döretmek hem-de hemişe iň gowy iş tejribeleri alyşmak, maliýe hyzmatlaryny bermek boýunça işleri işjeňleşdirmek ugrunda tagallalary jemlemek zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda, Gazagystan tarapy «Astana» Halkara maliýe merkeziniň mümkinçiliklerini peýdalanmagy teklip edýär.

Ulag-logistika düzümlerini ösdürmegiň ähmiýeti barada aýtmak bilen, Gazagystanyň Premýer-ministri sebitiň ugurdaş edaralarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde Hazarüsti halkara ulag geçelgesi ösdürilýär diýip belledi. Türkmenistanyň üsti bilen Russiýanyň merkezi sebitlerine, şeýle hem demirgazyk Ýewropa çykýan Demirgazyk — Günorta geçelgesi boýunça ýük gatnawlaryny giňeltmek mümkinçilikleri bar. Şeýlelikde, düzümleýin binýat hem-de ulag hyzmatlarynyň zerur düzümi döredildi.

Şonuň bilen birlikde, ulag hyzmatlarynyň ýokary hilini üpjün etmek, göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň gurallaryny döretmek hem-de täze tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň bilelikdäki işi talap edilýär. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka halkara geçelgeleriniň ösdürilmegine hem-de sebitiň iri ulag-logistika merkezine öwrülmegine ýardam berýän zerur çäreleri geçirmek teklip edilýär. Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda belent mertebeli myhman şeýle hem syýahatçylyk pudagyny görkezdi. Bu ugruň utgaşykly ösüşini üpjün etmek üçin Hazarýaka ýurtlaryň pudaklaýyn assosiasiýasyny döretmek teklip edilýär, ol Hazarda bilelikdäki syýahatçylygy ilerletmek bilen meşgullanar. Hazar deňziniň täsinligini, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhy ähmiýetini hasaba almak bilen, şeýle hem alysda ýerleşýän daşary ýurtlardan syýahatçylygy höweslendirmegiň geljegi uludyr.

Energetika pudagynda hyzmatdaşlyk meselesinde saklanmak bilen, jenap Askar Mamin Hazaryň tebigy serişdeleriň baý gorlaryna eýedigini belledi. Şunuň bilen Gazagystanyň Premýer-ministri bu ýerde bar bolan kuwwatlyklary netijeli peýdalanmak maksady bilen, umumy tagallalary birleşdirmek, şol sanda energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini herekete getirmek, şeýle hem bu ulgamda utgaşykly syýasaty we strategiýany işläp taýýarlamak boýunça teklipleri beýan etdi.

Belent mertebeli myhman şeýle hem durnukly Hazar strategik başlangyjynyň çäklerinde ekologiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagy, onuň ekologiýa ulgamyny gorap saklamak we gaýtadan dikeltmek üçin tagallalary birleşdirmegiň möhümdigi baradaky garaýşyny aýtdy. Munuň üçin Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýada hukuk binýady döredildi. Şeýle hem kenarýaka ýurtlar Hazarda töwekgelçilikleriň peýda bolmagyny döredýän taslamalaryň berk ekologiýa gözegçiligini üpjün edýän ylalaşyklaryň birnäçesini üstünlikli durmuşa geçirýärler.

Bular barada aýtmak bilen, dostlukly ýurduň hökümetiniň baştutany Gazagystanyň bu ugurlarda bilelikdäki işlere taýýardygyny tassyklady. Şunda Hazar deňziniň bioköpdürlüligini gorap saklamak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, Durnukly ösüş maksatlarynyň biri — deňiz ekologiýa ulgamlaryny gorap saklamak boýunça kadalaryň sebitiň döwletlerinde ornaşdyrylmagy möhüm ähmiýete eýedir.

Hazaryň mineral energiýa serişdeleriniň deňagramly özleşdirilmeginiň, üstaşyr-ulag mümkinçilikleriniň, syýahatçylygyň, söwdanyň ösdürilmeginiň, maýa goýumlarynyň çekilmeginiň tutuş sebitiň durnukly ykdysady ösüşini üpjün etjekdigini belläp, Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri bu forumyň üstünlikli geçiriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe söz berildi, ol öz çykyşynyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa birinji Hazar ykdysady forumynda çykyş etmäge çakylygy hem-de türkmen topragynda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, bu giň gerimli çärä gatnaşyjylaryň Hazar deňziniň halkara gününde Hazarýaka döwletleri, şeýle hem sebit boýunça biziň goňşularymyzy tolgundyrýan möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýygnanmaklary tötänleýin däldir.

RF-niň Hökümetiniň Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, bu forumyň Hazar «bäşliginiň» çäklerinde köp derejeli hyzmatdaşlyk ulgamyny işewürlik hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň netijeli we häzirki zaman gurallary bilen baýlaşdyrylmagy ýaly aýratyn möhüm wezipesi bardyr. Bu hyzmatdaşlyk möhüm syýasy çözgütler hem-de anyk özara bähbitli taslamalar bilen berkidilýär. Bu gatnaşyklar şol sanda üçünji ýurtlaryň gatnaşmagy bilen giňeldilýär, hut şol sebäpli hem bu ýere beýleki döwletlere wekilçilik edýän myhmanlar hem-de hökümet ýolbaşçylary ýygnandylar. Sebäbi Hazar sebiti ykdysady hyzmatdaşlyk üçin mümkin derejede açyk bolmalydyr. Onuň ösdürilmegi üçin oýlanyşykly hem-de halkara bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hukuk binýady eýýäm kemala getirildi.

Ozal habar berlişi ýaly, mundan laýyk bir ýyl ozal — 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýa gol çekildi. Russiýa bu düýpli resminamany ýakyn günlerde tassyklamagy meýilleşdirýär. Bu Konwensiýa gol çekilmegi, hakykatdan-da, taryhy wakadyr. Bu biziň umumy üstünligimizdir. Birek-biregiň bähbitlerine hormat goýmak bilen özara bähbitli çözgütleri tapmaga ukyplydygymyzyň ýene bir subutnamasydyr. Şunda esasy zat Hazaryň tebigy baýlyklaryny peýdalanmaga hukuklary deň derejede bölüşmek ýaly onuň ykbaly üçin bilelikde jogapkärçilik hem göz öňünde tutulmalydyr diýip, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy belledi.

Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Hazar sebiti hemişe dünýäniň esasy döwletleriniň köp sanlysynyň, syýasy we işewürler toparlarynyň, dürli etnoslaryň hem-de konfessiýalaryň geosyýasy hem-de ykdysady bähbitleriniň galtaşýan nokady bolupdy, soňky döwürlerde bolsa ählumumy syýasatyň möhüm merkezleriniň birine öwrüldi. Munuň özi, ozaly bilen, onuň tebigy serişdeleri bilen şertlendirilendir. Pars aýlagynyň ýurtlary bilen bilelikde Hazar sebiti energetika ellipsi diýlip atlandyrylýan zolagy emele getirýär, onda dünýäniň nebit gorlarynyň 70 göterimine golaýy hem-de tebigy gazyň 40 göterimi jemlenendir. Hazarýaka ýurtlar üçin munuň özi elbetde, geostrategik artykmaçlykdyr we hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridir.

Emma häzirki zaman ykdysadyýeti diňe bir nebitiň we gazyň çykarylmagy bilen çäklenmeýär. Sanly tehnologiýalar, arassa energetika, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak, harytlaryň we hyzmatlaryň erkin dolanyşygy — bularyň ählisi ýurdy kuwwatly hem-de bäsdeşlige ukyply döwlete öwürýär. Hazarýaka döwletler hem şunuň ýaly meýillerden çetde galmaly däldir. Amatly ulag düzümleri, ýokary tehnologiýaly hem-de howpsuz önümçilikler, maýa goýujylar üçin höweslendiriş çäreleri, täsin syýahatçylyk ugurlary — Hazar sebiti XXI asyrda hut şeýle keşpde bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň Hökümetiniň Başlygy bu ugurlarda bilelikdäki işe Russiýanyň taýýardygyny tassyklady.

Ulag düzümi barada aýdylanda bolsa Hazar sebiti, hakykatdan-da, dünýä geçelgeleriniň örän möhüm çatrygy bolup durýar. Ygtybarly hem-de amatly yklymara gatnawlar häzirki wagtda hem halkara söwda, iri sebit bazarlarynyň kemala gelmegi üçin aýratyn möhüm ähmiýete eýedir diýip, belent mertebeli myhman belledi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda sebitiň ulag-logistika kuwwatyny artdyrmak üçin köp işler edildi. Deňiz ulagy ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda bäştaraplaýyn Ylalaşygyň taslamasynyň üstünde işlenilýär. Onuň maksady Hazar deňzi boýunça bir nusgaly hem-de bäsdeşlige ukyply şertleri döretmek bolup durýar diýip, jenap Dmitriý Medwedew Russiýada bu meselä aýratyn üns berilýändigini belledi.

2030-njy ýyla çenli döwür üçin Hazar sebitinde Russiýanyň deňiz portlaryny ösdürmegiň strategiýasy amala aşyrylýar. Hazar «bäşligi» boýunça hyzmatdaşlar hem öz portlaryny ösdürmek bilen meşgullanýarlar. Netijede, birinjiden, özara söwdanyň möçberleri artýar, munuň üçin uly kuwwatlyklar bar. Eýýäm şu forumda kenarýaka ýurtlaryň ykdysadyýet ministrleri Hazar sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamasyny taýýarlamak barada ylalaşdylar diýip, RF-iň Hökümetiniň Başlygy aýtdy. Ikinjiden, port düzümleriniň ösdürilmegi bilelikdäki taslamalar ýaly sebitiň döwletleriniň dünýä ykdysadyýetindäki ornuny ep-esli pugtalandyryp biler.

Hazarüsti ugurlara üstaşyr geçirilýän ýükleriň uly möçberini çekmek üçin toplumlaýyn çäreleri görmek gerek. Şunda «Demirgazyk — Günorta» halkara geçelgesi geljegi uly bolan ugurlaryň biri bolup durýar. Bilermenleriň baha bermegine görä, bu geçelge, şol sanda demir ýol, parom, awtomobil, howa gatnawlary doly güýjünde ulanylanda Ýewropadan getirilýän harytlar Hazaryň üsti bilen Ýakyn we Orta Gündogara hem-de Günorta Aziýa we degişlilikde, yzlygyna häzirki wagta garanyňda, iki ýarym esse tiz getiriler. Şunuň bilen baglylykda, belent mertebeli myhman forumyň çäklerinde geçirilen ulag ministrleriniň duşuşygynda degişli tekliplere, şol sanda Russiýa tarapynyň tekliplerine seredilendigini habar berdi.

Özara gatnaşyklaryň ikinji ugrunyň üstünde — Hazar sebitinde ösüşiň täze nokatlaryna öwrüljek çig mala esaslanmaýan pudaklaryň ösüşi barada durup geçmek bilen, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy munuň üçin Hazarýaka ýurtlarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy. Forumyň çäklerinde geçirilýän innowasion tehnologiýalaryň sergisi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Jenap Dmitriý Medwedew sözüni dowam edip, hyzmatdaşlygyň ekologiýa ýaly möhüm ugruna ünsi çekdi. Hazar deňzi — bu, ilkinji nobatda, näzik ekoulgamly suw howdany bolup, millionlarça raýatlaryň durmuş derejesi onuň ýagdaýyna bagly bolup durýar diýip, belent mertebeli myhman Hazar deňzindäki ähli iri taslamalar kenarýaka ýurtlaryň hemmesiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ekologiýa seljermesinden geçmelidir diýip belledi. Indi şeýle seljermäni geçirmek aňsat bolar. Geçen ýyl serhetüsti meseleler bilen baglylykda daşky gurşawa özara täsire baha bermek hakynda bäştaraplaýyn Teswirnama gol çekildi. RF-iň Hökümetiniň Başlygynyň habar berşi ýaly, Russiýa öz nobatynda Hazaryň biologiýa serişdelerini gorap saklamak boýunça işjeň çäreleri görýär.

Ählumumy ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň birine öwrülýän syýahatçylyk meselesine degip geçmek bilen, belent mertebeli myhman ajaýyp tebigat, baý taryh, medeniýet — bularyň hemmesi Hazar sebitine dünýä belli syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär. Bilermenleriň baha bermegine görä, Hazaryň kenary her ýyl syýahatçylaryň azyndan bir millionyny, ýagny, häzirki ýagdaýa garanyňda, has köp möçberini kabul edip bilýär. Bu ugurda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda köp işler edilýär. Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy bu ýerde on ýyl mundan öň bolandygyny belläp, Türkmenistany syýahatçylyk pudagyny ösdürmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen gutlady.

Belent mertebeli myhman çykyşynyň ahyrynda Ýewropa we Aziýa, Hazarýaka döwletleriň bäşisi, olaryň hyzmatdaşlary we elbetde, deňziň kenarlarynda ýaşaýan adamlar üçin Hazar deňziniň birleşdiriji ýagdaýyny belläp, türkmen tarapyna myhmansöýerlik üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirdi hem-de Gurban baýramy bilen gutlap, hemmeleri Astrahana çagyrdy, bu ýerde nobatdaky, ikinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar özlerine berlen sowallara jogap berdiler. Şunuň bilen baglylykda, birinji Hazar ykdysady forumynyň diňe bir sebitde däl-de, bütin dünýäde uly gyzyklanma eýedigini aýratyn bellemek gerek. Türkmenistanly žurnalistler bilen bir hatarda onuň işini daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň köp sanlysynyň — habarlar agentlikleriniň, tele we radio kompaniýalaryň, gazetleriň, Internet-neşirleriň wekilleri beýan edýärler. Hakyky wagt tertibinde forumyň işine gatnaşýan wekiliýetleriň ýolbaşçylaryna sowallar gelip gowuşýar, olar tertipleşdirilýär hem-de has köp gabat gelýänleri we ähmiýetlileri saýlanyp alynýar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Nowruz Mamedowa berlen sowallaryň biri «Hazar deňzi — Gara deňiz» ugry boýunça hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy iş ýüzüne çykarmak boýunça görülýän çärelere degişli boldy. Bu ugur boýunça yzygiderli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurdygy mälimdir. Azerbaýjan Türkmenistan hem-de beýleki ýurtlar bilen bilelikde, bu işleriň başyny başlaýjy we işjeň gatnaşyjy hökmünde çykyş edýär.

Goňşy döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy sowala jogap bermek bilen, onuň möhümdigini we zerurdygyny nygtap, şu günki beýan edilen ähli pikirleriň şeýle hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendigini aýtdy. Bu babatda birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ilkinji ädim bolup durýar. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşyklarynyň birinde bir tarap bilen beýleki tarapy birleşdirýän Hazar boýunça köprini döretmegiň zerurdygy baradaky pikir aýdyldy, şondan soňra hemme işler ugrugyp gider.

Mälim bolşy ýaly, her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni bellenilýär. Hut şu senede, 2006-njy ýylda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Tähranda gol çekilen Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Şunuň bilen baglylykda, ekologiýa ulgamynda Hazarýaka ýurtlaryň esasy wezipelerine degişli şeýle sowal Eýran Yslam Respublikasynyň Birinji Wise-prezidenti Eshak Jahangire berildi.

EYR-nyň wekiliýetiniň baştutany bu sowala jogap bermek bilen, Hazar deňziniň ekologiýasynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň örän möhüm mesele bolup durýandygyny nygtady, Hazarýaka ýurtlar bu meselä örän uly üns bermelidirler. Şu maksatlar bilen ýokarda agzalan Konwensiýa gol çekildi we ýakyn geljekde onuň durmuşa geçirilmegi üçin Müdiriýet dörediler. Şeýlelikde, Hazar deňziniň çig mal hem-de beýleki serişdeleriň örän baý çeşmesidigini hasaba almak bilen, onuň ähli baýlyklary peýdalanylanda, ekologiýa ugruna aýratyn üns bermek zerurdyr.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda amala aşyrylýan Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek syýasatynyň Hytaýyň hökümeti tarapyndan durmuşa geçirilýän hem-de mälim bolan taryhy umumylyga esaslanýan «Bir guşak — bir ýol» atly taslamadan tapawutly aýratynlyklary baradaky sowala jogap berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ähli döwürlerde, ähli asyrlarda Beýik Ýüpek ýoly taryhy yklymara geçelgedir, özi-de gury ýol, ikitaraplaýyn hereketli geçelgedir, bu barada ençeme gezek aýdyldy. Bu söwda ýoly hemişe ýurtlary we halklary birleşdirýär hem-de Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolandygyny tassyklaýan köp sanly taryhy, arhiw maglumatlary bar. Muňa Amul, Gadymy Merw, Köneürgenç, Hazar ýaly şäherler, şeýle hem Hazar deňzi şaýatlyk edýär.

Şulardan ugur alyp, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldip başladyk diýip, milli Liderimiz häzirki döwrüň meýilleri bilen baglylykda, degişli düzümleri döwrebaplaşdyrmak zerurdyr diýip, öz çykyşynda belledi. Olar deňiz portlaryny, howa menzillerini, awtomobil ýollaryny, ýokary tizlikli awtoulag ýollaryny gurmakdan ybaratdyr. Şu gün bellenilişi ýaly, multimodal ýollara hem-de demir ýollaryň döwrebaplaşdyrylmagyna üns bermek gerek. Şeýlelikde, häzirki wagt biz tapgyrlaýyn, häzirki zaman derejesinde Beýik Ýüpek ýolunyň ýörelgelerini dowam edýäris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan bu işlere gatnaşmak bilen, oňyn bitaraplyk derejesi dünýä derejesinde iki gezek ykrar edilen ýurt hökmünde özüniň milli, parahatçylyk dörediji diplomatiýasyndan ugur alýar. Bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de ýöriteleşdirilen ulag düzümleriniň howandarlygynda degişli işleri amala aşyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan häzirki güne çenli ýurdumyzyň başlangyjy bilen ulag meseleleri boýunça üç Kararnamanyň kabul edilendigi buýsançly ýagdaýdyr.

Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan biziň halklarymyzy köprüler birleşdiripdir. Şu günki çykyşlarda geljekde hem köprüleri gurmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly, her bir adam öz ömründe bir köpri gursa, munuň özi gowydyr, eger-de birnäçe köpri gursa, bu sogapdyr. Olar hem halklary, ýurtlary birleşdirer. Hytaýly hyzmatdaşlarymyzyň «Bir guşak — bir ýol» atly taslamasy we Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça alyp barýan syýasaty barada aýdylanda bolsa, bu iki ykdysady strategiýa islege eýedir, sebäbi ol biziň ýurtlarymyzyň ählisiniň halklarynyň abadançylygyna we ösüşine gulluk eder diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Indiki sowal Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe berilýär. Taryhda Hazar deňziniň Russiýa üçin aýratyn orny bar. Onuň üsti bilen hem-de soňra Wolga derýasy boýunça söwda ýollary Aziýadan demirgazyga, rus ýerlerine, Ýewropa geçipdir. Köp babatda Russiýanyň beýik Ýewraziýa döwleti hökmünde kemala gelmegi hut Kaspiý (Hazar) deňzinde emele gelipdi. Häzirki wagtda hem bu babatda deňziň ähmiýeti az däldir. Şunuň bilen baglylykda, bu sowal bu sebitleriň öz ösüşi nukdaýnazaryndan hem, Hazarda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek babatynda hem Russiýanyň Hazar ýakasynyň geljegine baha bermäge degişli boldy.

Belent mertebeli myhman sowala jogap bermek bilen şeýle bahany ajaýyp diýip kesgitledi. Şu gezekki duşuşyk Hazarýaka sebitiniň ösdürilmegine bagyşlandy, şunda Russiýa hem çetde durmaýar. Mysal üçin, RF-de, Wolga derýasynyň ýakalarynda 60 million adam ýaşaýar. Şol sebäpli hem Wolga we degişlilikde Hazar deňzi Russiýanyň durmuşynyň möhüm bölekleridir we hut şonuň üçin hem biz bu meselä uly üns berýäris diýip, jenap Dmitriý Medwedew belledi. Häzirki wagtda Wolga derýasynyň ähmiýetini saklamaga gönükdirilen ony sagdynlaşdyrmagyň maksatnamasy durmuşa geçirilýär, şol sanda bu derýa ulag geçelgesi hem-de täsin ekologiýa sebiti hökmünde aýratyn üns berilýär. Elbetde, biz şeýle tagallalarymyzyň hem Hazar sebitini ösdürmek boýunça umumy işe goşandymyz bolar diýip umyt edýäris, sebäbi biziň hemmämiz öňde goýlan wezipeleri çözmekde bir bitewi ekologiýa talaplary bilen baglanyşyklydyrys.

Soňra 2018-nji ýylda kabul edilen Hazar deňziniň hukuk derejesi hakynda Konwensiýany iş ýüzünde ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işlere, onuň düzgünlerini ýerine ýetirmegiň ylalaşylan meýilnamalary we möhletleri baradaky sowala Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin jogap berdi. Mälim bolşy ýaly, Gazagystanyň Aktau şäheri Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleri açýan bu örän möhüm resminamanyň gol çekilen ýeri hökmünde taryha girdi.

Gazagystanyň hökümetiniň baştutanynyň belleýşi ýaly, hakykatdan-da mundan laýyk bir ýyl ozal Aktauda ýokarda agzalan Konwensiýa gol çekildi, bu resminamanyň üstünde 25 ýyla golaý wagtyň dowamynda işler alnyp baryldy. Munuň özi Hazarýaka ýurtlary üçin taryhy wakadyr. Mundan başga-da, birnäçe ylalaşyklara, şol sanda söwda-ykdysady ulgamda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara, beýleki resminamalara gol çekildi. Olaryň ählisi Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin hukuk binýadyny emele getirýär. Bu ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça eýýäm işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda ähli ýurtlar tarapyndan binýatlaýyn resminamany tassyklamak işleriniň tamamlanmagyna garaşylýar diýip, Premýer-ministr Askar Mamin sözüni dowam etdi. Üç ýurt — Gazagystan, Türkmenistan, Azerbaýjan bu resminamany eýýäm tassykladylar. RF-iň Hökümetiniň Başlygynyň aýtmagyna görä, Russiýa hem şu ýyl bu Konwensiýany tassyklamagy niýet edinýär. Şeýle hem biz eýranly dostlarymyzdan hem bu meseleleriň degişli çözgütlerine garaşýarys diýip, belent mertebeli myhman ähli degişli hukuk binýatlarynyň ýakyn wagtda dörediljekdigine ynam bildirdi.

Şunda birinji Hazar ykdysady forumy hem-de onuň çäklerinde geçirilýän çäreler —–eýýam şol ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilip başlanýandygyny alamatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň ýokary derejede guralandygy üçin ýene bir gezek hoşallygyny beýan edip, Gazagystanyň Premýer-ministri düýn açylan serginiň hem-de bölümler boýunça geçirilen mejlisleriň we hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp sanly taslamalarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy hem Aktau şäherinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda täsirli çärelerdir. Şeýlelikde, öňde uly işler durýar diýip, belent mertebeli myhman ýurtlaryň ählisiniň hem anyk netijelere ýetmegi ugur edinýändiklerini tassyklaýandygyny nygtady.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti we belent mertebeli myhmanlar zaldan çykýarlar.

Şol gün döwlet Baştutanymyz birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.

 

***

Soňra birinji Hazar ykdysady forumy öz işini umumy mejlis görnüşde dowam etdi.

Mejlis Türkmenistanyň ekologiýa we daşky gurşawy goramak ýaly häzirki zaman dünýä ösüşiniň örän möhüm ulgamynda mynasyp bolan halkara ykrarnamasyna şaýatlyk edýän şanly waka bilen başlandy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ählumumy hyzmatdaşlygyň gün tertibinde ekologiýa meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça yzygiderli çäreleri alyp barýar. Milli Liderimiz abraýly halkara forumlarynyň belent münberlerinden çykyş edip, Ýer ýüzünde ekologiýa deňagramlylygynyň saklanmagyna we üpjün edilmegine, bu işlere yzygiderli häsiýet bermek maksady bilen köptaraplaýyn giň hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine gönükdirilen birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi.

Türkmenistan daşky gurşawy goramak wezipesini, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň gürrüňsiz suratda ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlemek bilen, durmuş ulgamlarynyň ählisini iň ýokary ekologiýa ölçeglerine laýyk getirmek boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Biziň ýurdumyz üçin ykdysadyýetiň ekologiýa ölçeglerine laýyk getirilmegi işleriň netijeliligi we tehnologiýa häsiýetliligi bilen deňeçerdir. Munuň özi Türkmenistanyň döwlet strategiýasynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu meseleler boýunça giň düşündiriş-wagyz işleriniň alnyp barylmagy ekologiýa strategiýasynyň örän möhüm düzümleri bolup durýar, oňa döwlet edaralary, jemgyýetçilik guramalary, bilim edaralary, ilatyň ähli gatlaklary işjeň çekilýär. Häzirki wagtda ýokary ekologiýa medeniýeti jemgyýetçilik ähmiýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülýär.

8-nji awgustda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan gerimi boýunça täsin waka — ekologiýa boýunça okuw sapagy geçirildi, oňa üç müň töweregi adam gatnaşdy. Bu okuw sapagy 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan geçirilen iň uly ekologiýa sapagy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Şunuň bilen baglylykda, «Guinness World Reсords» kompaniýasynyň resmi wekili hanym Şeýda Subaşi-Gemijä söz berilýär, ol dünýä bileleşiginiň Türkmenistanyň ekologiýa ulgamynda başlangyçlaryny doly goldaýandygyny belläp, dabaraly ýagdaýda, ýygnananlaryň el çarpyşmagynda degişli güwänamasy gowşurdy.

Soňra umumy mejlis oňa gatnaşyjylaryň çykyşlary bilen dowam etdi. Mejlisde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy — Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Wladimir Norow, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Soleýmanpur, Ekspeditorlar assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň prezidenti Babar Badat, Awtomobil transporty halkara birleşiginiň prezidenti Umberto de Pretto, ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň orunbasary, ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Wladimir Rýabinin, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Zamirbek Askarow, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Igor Babuşkin, Russiýa Federasiýasynyň Galmygystan Respublikasynyň ýolbaşçysynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Batu Hasikow, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet energetika müdiriýetiniň başlygynyň orunbasary Li Fangrong çykyş etdiler.

Hazar deňzi sebitinde giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ygtybarly binýady döredýän, bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boljak birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Sözüň doly manysynda bu ýerde döwletleriň, halkara guramalarynyň, işewürler toparlarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň gatnaşmagynda hyzmatdaşlygyň goşulyşylan toplumlaýyn strategiýasyny kemala getirmek barada gürrüň gidýär.

Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň möhümdigi we döwrüň talabyna laýyk gelýändigi nygtaldy, muňa birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Çykyş edenler Bitarap Türkmenistanyň we onuň milli Lideriniň diňe bir Hazar sebitiniň döwletleriniň däl-de, serhetdeş sebitleriň hem arasynda köptaraplaýyn gatnaşyklar üçin hemişelik esasda hereket edýän meýdançanyň döredilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berdiler. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz döredijilikli parahatçylykly syýasaty üýtgewsiz durmuşa geçirmek bilen, halkara hyzmatdaşlygynyň meselelerine uzakdan görüji hem-de täzeçil çemeleşmeleri görkezýär, olaryň netijeli çözgütlerine işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýär.

Umumy mejlisiň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alyp maslahatlaşyldy, olaryň hatarynda söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlary, energetika, senagat, işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklar bar, onuň üçin uly köpugurly mümkinçilikler bar. Hazar deňziniň we bu sebitiň sebitara we ählumumy geosyýasy hem-de geoykdysady işlerde strategik ähmiýeti, onuň möhüm üstaşyr-ulag we logistika halkasy hökmündäki ornunyň uzak möhletleýin esasda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygyny şertlendirýändigi bellenildi.

 

***

Günüň ikinji ýarymynda birinji Hazar ykdysady forumy «Hazar sebitinde söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk», «Hazar sebitinde ulag hyzmatdaşlygynyň geljegi», «Hazar deňziniň energetika mümkinçilikleri», «Hazar sebitinde senagatyň ösdürilmegi», «Hazar üçin «ýaşyl ykdysadyýet», «Hazar deňzinde ylmy barlaglar boýunça hyzmatdaşlyk» atly ýörite bölüm mejlislerinde dowam etdirildi.

Çykyşlarda bellenilen ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy beýan edildi. Dürli derejelerde ugurdaş edaralaryň gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça möhüm wezipeler anyklaşdyryldy, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerine garaldy.

HYF-na gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de onuň netijeli işlemegi üçin döredilen ajaýyp şertler, şeýle hem mähirli garşylandyklary üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, Hazarda umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklary dowam etdirmek baradaky pikiri aýtdylar.